Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dabaralary dünýä derejesinde geçirmek boýunça hyzmatdaşyny yglan etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide Shows” kompaniýasynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Açylyş we Ýapylyş dabaralarynyň guramaçylygy bilen meşgullanjakdygyny mälim etdi. Aşgabat Olimpiýa toplumynynyň gurluşyk işlerini ýerine ýetiren Türkiýäniň belli gurluşyk kompaniýasy “Polimeks”, dabaralaryň geçirilmeginde jogapkär bolar. 

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew: “Aşgabat 2017 – Türkmenistanda geçiriljek ilkinji iri sport çäresidir we Oýunlar Türkmenistanyň taryhyna girjek ähmiýetli wakalaryň biri bolar. Biziň maksadymyz iň gowy Aziýa oýunlaryny geçirmekdir, şeýle hem baý tejribä we ýiti döredijilik ukyplaryna eýe bolan “Balich” kompaniýasy üstünlik gazanmagymyzda uly orun eýelär” diýip, belläp geçdi.

Italiýanyň “Balich Worldwide Shows” kompaniýasy dabaraly tomaşa çärelerini gurnamakda öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolup durýar. “Balich” kompaniýasy dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän Olimpiýa dabaralaryny we milli baýramçylyklary, dünýä ýüzünde meşhur ýyldyzlar üçin şou-tomaşalarynyň, giň gerimli çäreleriniň guramaçylygy we geçirilmegi bilen meşgullanýar. “Balich” kompaniýasynyň tejribesine - Torino 2006, Soçi 2014, Rio 2016 (Cerimonias Cariocas 2016 tarapyndan geçirilen) ýaly Oýunlaryň deňi - taýy bolmadyk dabaralaryny, şeýle-de Solt Leýk Siti 2002, London 2012 we Tokio 2020 Oýunlarynyň Baýdak gowşurmak dabaralarynyň guramçylygy we geçirilmegi degişlidir. 

Marko Baliç “Balich Worldwide Shows” kompaniýasynyň ýolbaşçysy: “Kaşaň binalary, infrastrukturany we ýokary ülňülere laýyk gelýän desgalary we tehnologiýalary özünde jemleýän Olimpiýa toplumynda geçiriljek Aşgabat 2017 Oýunlarynda Olimpiýa dabaralarynyň geçirilmegine hünär ussatlygymyz bilen gatnaşýandygymyz üçin biz özümizi bagtly hasaplaýarys” diýip belledi.

Dabaralar täze gurlan Aşgabat Olimpiýa stadionynda geçiriler. Olimpiýa şäherjiginiň merkezinde ýerleşýän 45,000 orunluk desga ýeke-täk we özboluşly desgadyr we türkmen sporty üçin aýratyn-da futbol we ýeňil atletika ýaly sport görnüşleriniň desgasy miras hökmünde uzakmöhletleýin galar. Stadionyň taslamasynyň işlenip düzülmegi we durmuşa geçirilmegi boýunça gurluşyk işleri “Polimeks” kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu ajaýyp desga öz üýtgeşik görki we türkmen halkynyň milli baýlygy bolan ahalteke bedewiniň belende galyp duran heýkeli bilen eýýam tanalýan şäheriň iň gözel ýerleriniň birine öwrüldi.

 

http://ashgabat2017.com/

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm