Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda geçiriljek sport ýaryşlaryň tertipnamasy yglan edildi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň 21 görnüşi boýunça geçiriljek ýaryşlaryň tertipnamasyny yglan etdi.

Aşgabat 2017 Oýunlarynyň ilkinji ýaryşlaryna futzal we tennisiň üsti ýapyk binada geçirilýän görnüşi boýunça 16-njy sentýabrda badalga beriler. Bu sport ýaryşlary degişli yzygiderlilikde 10 gün we 11 gün dowam eder. Atçylyk sporty (konkur) we milli göreş boýunça ýaryşlar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek geçirilýär.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Daýanç Gulgeldiýew “Biz halkara ülňülerine gabat gelýän desgalarymyzda geçiriljek ýaryşlarynda çykyş etjek Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenlerini garşylamaga uly höwes bilen garaşýarys. Sportuň 21 görnüşi boýunça geçirilýän ýaryşlarda 337 medal toplumy oýnalar. Bu bolsa dürli ýurtlardan geljek türgenlere medal gazanmak babatda ajaýyp mümkinçilikdir”, diýip belledi.

Ýaryşlaryň 160 tapgyry geçiriler. Tomaşaçylar göreş, agyr atletika, taekwondo, atly sport (konkur) we welosport sport görnüşleri boýunça Aziýadan we Okeaniýadan gelen ussat türgenleriň, şol sanda Rio 2016 Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijileriniň gatnaşmagynda geçirilýän ýaryşlara tomaşa edip bilerler.

Ýaryşlaryň rejesi bilen şu ýerden giňişleýin tanyşyp bilersiňiz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm