ÝAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA V AZIÝA OÝUNLARY

HYZMATDAŞLYGYŇ AÝDYŇ ÝÖRELGELERI

Türkmenistanyň 2018 — 2020–nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Zenanlaryň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine, şeýle hem 2018 – 2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanylmagy ýurdumyzyň halkara jemgyýetindäki ornunyň barha pugtalanýandygyny ýene bir gezek tassyklady.

Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň arasynda abraýynyň barha artýandygyna onuň Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçy düzümlerine yzygiderli saýlanyp durmagy-da güwä geçýär.

19-njy aprelde BMG-niň NýuÝorkda ýerleşýän Baş edarasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) mejlisinde Türkmenistan 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine, şeýle hem 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy.

Bu barada geçen anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berlip, onda hormatly Prezidentimiz bu wakanyň ýurdumyzyň alyp barýan köptaraply işlerine halkara jemgyýetçiligiň ýokary baha berýändigine şaýatlyk edýändigini belledi.

Möhüm wakanyň yzysüre, paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde we Bilim ministrliginde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň wajyp düzümlerine agza saýlanmagy mynasybetli maslahatlar geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanlary abraýly jemgyýetçilik güýji hökmünde özlerini tanatdylar hem-de hormatly Prezidentimiziň edýän aladalaryndan ruhlanyp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň döredijilikli ösüşine işjeň goşuldylar. Garaşsyz döwletimiz Halkara guramalaryň oňyn tekliplerine hemişe öz wagtynda seslenýär. Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleri kanun taýdan düzgünleşdirmek, bu işleriň hukuk binýadyny kemala getirmek maksady bilen, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilipdi.

Türkmenistanyň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji Geňeşine, şeýle hem 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna  saýlanylmagynyň özi döwletimiziň häzirki wagtda alyp barýan ösüp gelýän ýaş nesle, çagalaryň saglygyna, olaryň bilim almaklaryna, çaga we ýetginjek sportunyň ösmegine, döwletimizde çaganyň hukuklarynyň doly we hemmetaraplaýyn üpjün edilmegine ýardam berýär.

Ildeşlerimizi ata Watanymyz Türkmenistanyň Halkara derejesindäki iň abraýly guramanyň ýokary edarasynyň Geňeşine we Komissiýasyna saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Halkymyz, hususan-da çagalar we zenanlar barada bimöçber aladalary üçin milli Liderimiziň hemişe jany sag, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com