Bakuda Türkmenistandan birinji medaly Lohowa gazandy

Ýekşenbe güni zenanlaryň arasynda 70 kg agram derejede bürünç medal üçin tutluşykda öz garşydaşy bolan marokkoly Hafsa Ýatimdan üstün çykyp, IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen türgenleriniň içinde birinji medala dzýudoçy Mariýa Lohowa mynasyp boldy. Bu agram derejede altyn medaly özbegistanly Gulnoza Matniýazowa Sukran Bakajak (Türkiýe) bilen final tapgyrda ýeňiji bolup, altyn medalyň eýesi boldy.

Oýunlaryň ilkinji ýekşenbe güni türkmen türgenleri boks ringde hem çykyş etdi.

Imankuliýew boks boýunça ýarym finala ýetmegi başardy
Bäsleşige gatnaşan 10 türkmen türgenden 6-sy boks boýunça ýaryşyň ilkinji tapgyrynda ýeňiş gazandylar. Ýekşenbe güni ikinji tapgyrda 60 kg agram derejede çykyş eden Hursand Imankuliýew gyrgyzystanly Eržan Turgumbekowa garşy tutluşykda 5-0 hasap bilen ýeňmegi başaryp, ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy. Ol çarşenbe güni Yrakdan gelen Ammar Karbalaýa garşy çykyş eder.

75 kg agram derejede bolsa Nursäher Pazzyýew gyrgyzystanly Azamat Kanybek Uuludan üstün çykdy we sişenbe güni çärýek finalda Ýouness Garrumä (Marokko) garşy çykyş etmäge hukuk gazandy.

Ýakub Meredow (56 kg), Zufar Saparbaýew (64 kg), Arslanbek Açilow (81 kg) we Baky Toýçyýew (91 kg ýokary) birinji raundda üstünlikli netije görkezip, çärýek finala gatnaşarlar.

Duşenbe güni geçiriljek wolleýbol oýny
Türkmen woleýbol ýygyndy topary Türkiýeniň toparyna garşy oýunda 3-0 hasap bilen ýeňildi, indi duşenbe gününde ýene bir oýunda çykyş eder. Türkmen türgenler heniz ýaryşda çykyş etmedik Palestinanyň ýygyndy toparynyň garşydaşy hökmünde çykyş eder. Ýaryşyň dördünji gününiň netijesinde ýer eýesi—Azerbeýjan Päkistan we Türkiýe garşy ilkinji iki oýunlarda ýeňiji bolup, A topar boýunça birinjilikde barýar.

Toparlaýyn medal hasaby 
Mariýa Lohowanyň bürünç medaly almagy bilen, Türkmenistan medal hasapda 17-nji bolup durýar. Azerbeýjanly türgenleri ýaryşyň birinji dört gününiň dowamynda netijeli çykyş etdi. Netijede, ýekşenbe güni Azerbeýjanyň gandbol boýunça zenanlar topary birinji ýeri eýeläp, ýurduň gazanan medallarynyň jemi sanyny 50-ä ýetirdi (24 altyn, 17 kümüş we 9 bürünç medal). Şeýlelikde, Azerbeýjan toparlaýyn hasapda birinji ýeri eýeleýär.

Türkiýe 20 altyn, 24 kümüş we 15 bürünç, jemi 59 medal bilen ikinji ýerde, Özbegistan bolsa 5 altyn, 4 kümüş we 12 bürünç, jemi 21 medal bilen üçünji ýerdedir

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com