ÝAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA V AZIÝA OÝUNLARY

Bakuda agyr atletikaçy Polina Gurýewanyň türkmen türgenleriň arasynda ilkinji altyn medaly

Baku şäherinde geçirilýän IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda Polina Gurýewa öz Watany üçin ilkinji altyn medaly gazandy. Bu gün hem agyr atletika, hem suwda ýüzmek boýunça türkmen türgenleriniň medal gazanan üstünlikli günleriň biridir.

Agyr atletikada altyn we kümüş medallar
Zenanlaryň arasynda 63 kg agram derejede çykyş eden Polina Gurýewa iki görnüşiň jemi boýunça 193 kg agram göterip (silterläp götermekde 88 kg we itekläp götermekde 105 kg),  türkmen ýygyndy toparynyň ilkinji medalyna mynasyp boldy. Özbegistanly Kumuşhon Faýzullaýewa (187 kg) we azerbeýjanly Elnura Abbasowa (184 kg) degişli yzygiderlikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.

Zenanlaryň arasynda 69 kg agramda Gurýewanyň watandaşy Gülnabat Kadyrowa 214 kg netije görkezip, kümüş medalyň eýesi boldy. Birinji ýerde azerbeýjanly türgen Anastassiýa Ibrahimli (219 kg), üçünji ýerde bolsa özbegistanly Manzurahon Mamasaliýewa (203 kg).

Ataýewiň suwda ýüzmek boýunça gazanan kümüş medaly
IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen türgenlerinden ikinji kümüş medaly sähel tapawut bilen 100 metr aralygy suwda arkan ýüzmek görnüşinde çykyş eden Merdan Ataýew (55.44 sekund) gazandy. Altyn medalyň eýesi – indoneziýaly Gede Sudartawa (55.23 sekund). Üçünji orny Türkiýeden gelen Ege Baser (56.08 sekund) eýeledi.

2016-njy ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda türkmen tuguny göteren we ýakynda geçirilen “Inspiring Ashgabat” atly synag ýaryşlarynda iki milli rekord goýan Ataýew geljekki çarşenbe güni 50 metr aralygynda arkan ýüzmek görnüşi boýunça çykyş eder.

Woleýbol toparynyň ýeňşi
Woleýbol boýunça türkmen topary Türkiýe garşy birinji şowsuz çykyşyndan soňra ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynda Palestinanyň woleýbolçylaryndan 3-0 (25-15; 25-12, 25-13) hasap bilen üstün çykmagy başardy. Türkmen türgenleri oýun döwri bar güýjüni sarp etdiler we ýeňiş gazandylar.
Türkmen milli woleýbol topary çarşende we anna güni degişli yzygiderlikde Azerbeýjan we Päkistan bilen duşuşyk geçýär.

Ringde we düşekde gazanylan netijeler
Ýeňil agram derejede (56 kg) çykyş edýän türkmen boksçy Ýakub Meredow 5-0 hasap bilen öz garşydaşy yrakly Jaafar Al Sudanidan çärýek finalda üstün çykdy we ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy. Onuň watandaşy ýokary derejeli agramda (91 kg we ýokary) çykyş eden pälwan Baky Toýçyýew marokkoly Mohammed Arjaui bilen duşuşykda ses berilmegiň netijesi boýunça ýeňildi diýlip, ýaryşdan çykaryldy.

Dzýudoçy Aýnur Amanowa hem zenanlaryň arasynda 52 kg agram derejede çärýek finalda Aljirden gelen Merýem Moussadan ýeňildi.

Toparlaýyn medal hasaby
Bir günüň içinde goşmaça gazanylan medallaryň sany boýunça Türkmenistan toparlaýyn hasapda sekiz setir ýokary süýşüp, häzirki wagtda 9-njy orny eýeleýär. Jemi 92 sany (35 altyn, 31 kümüş we 26 bürünç) medal gazanan Türkiýäniň ýygyndy topary umumy toparlaýyn hasapda birinjilik eýeleýär. Ikinji orny ýer eýesi Azerbeýjan (33 altyn, 23 kümüş we 12 bürünç medal), üçünji orny bolsa Özbegistan (6 altyn, 6 kümüş we 18 bürünç medal) eýeleýär.

 

http://ashgabat2017.com/tm/news/2017-05-16T1701-Bakuda-agyr-atletikachy-Polina-Guryewanyn-turkmen-turgenlerin-arasynda-ilkinji-altyn-medaly

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com