HALAL ZÄHMET — BAGTYÝAR DURMUŞ

Aşgabatda “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça “Halal zähmet—bagtyýar durmuş” atly maslahat geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, , habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň jogapkär işgärleri, ýokary we orta okuw mekdepleriniň mugallymlary , hormatly ýaşulular, medeniýet işgärleri, talyp ýaşlar, ähli welaýatlardan jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar. 

Maslahatyň gün tertibine korrupsiýa garşy göreşmegiň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem ösüp gelýän nesli terbiýelemekde zenanyň eýeleýän orny bilen bagly meseleler girizildi. 

Maslahatyň “Halal zähmet—bagtyýar durmuş” diýen adyndan belli bolşy ýaly, onuň baş maksady hormatly Prezidentimiziň 12-nji maýda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine bagyşlanyldy. Milli Liderimiz hökümetiň mejlisinde eden çykyşynda halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy bilen birlikde, parahorluk we korrupsiýa ýaly örän ýaramaz täsirli hadysalaryň ýüze çykyp başlandygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, jemgyýetçilik durmuşynyň bu hadysalary ykdysadyýetden başlap, ahlaga çenli, biziň durmuşymyzyň dürli ugurlaryna örän ýaramaz täsirini ýetirýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şeýle ýagdaýlar erbet netijelere getirýär. Netijede, ykdysadyýetiň ösüşi bökdelýär. Döwletiň ösüş ýolunda düýpli päsgelçilikler döreýär. Parahorlugyň we korrupsiýanyň döremegine getirýän şertleri aradan aýyrmagyň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz “Şeýle ýagdaýlara biziň döwletimizde asla ýol berilmeli däldir. Arassa, halal işlemek, eziz Watanymyza päk ýürekden gulluk etmek biziň hemmämiz üçin baş ýörelge bolmalydyr” diýip belledi. 

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda esasy orunlaryň birini eýeleýän özygtyýarly Watanymyzyň ykdysady kuwwaty, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşygy azyk bolçulygyny, asudalygy, abadançylygy gazanmagyň, ýurdumyzyň ähli raýatlary üçin öz zähmetiniň miwelerinden we durmuş eşretlerinden peýdalanmagyň birmeňzeş mümkinçiliklerini üpjün etmegiň wajyp kepili bolup çykyş edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren hem-de ynsanperwer hem-de durmuş adalatlylygy ýörelgelerine esaslanýan “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary türkmenistanlylary has-da jebisleşdirip, bagtly durmuşyň özboluşly maksatnamasyna öwrüldi. 

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar, ýurdumyzyň mynasyp raýatlaryny terbiýelemek üçin, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden we joşgunly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. 

Şunuň bilen baglylykda, Watanyny jany-teni bilen söýýän, ýokary ahlak ýörelgelerine, ýurduna we halkyna wepalylyk däplerine ygrarly adamlary kemala getirmegiň şu günüň baş maksadydygy nygtaldy. Çykyş edenler diňe şeýle bolanda, biz sagdyn jemgyýete, kuwwatly döwlete eýe bolup, onda maşgala gymmatlyklary, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetler bolar diýip bellediler. 

Perzendi ýetişdirip, halal, gaýratly adam etmek, gadymy ýörelgelerimizde Alp Arslanyň, Görogly begiň, Gorkut atanyň, Däli Domrulyň halallyk, mertlik, ynsanperwerlik hakyndaky ýörelgelerini gursagynda şineleden, Watan üçin jan bermäge, serden geçmäge taýyn nesilleri, özi-de halal nesilleri – watançy nesilleri terbiýelemek biziň hemmämiziň, şol sanda ata bilen enäniň, maşgalanyň borjy bolup durýar. 

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa öz çykyşynda korrupsiýa garşy göreşmekde jemgyýetiň öňünde durýan esasy wezipelere bu ugurda milli parlamentiň alyp barýan işlerine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 12-nji maýynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur almak bilen, häzirki wagtda degişli ugurda hereket edýän kanunlara täzeden seredilýär, olara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipler işlenip taýýarlanylýar. Şonuň bilen birlikde, parahorluga we korrupsiýa garşy göreşmegiň ýörite döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar. Onuň esasy maksady jemgyýetimizde korrupsiýanyň döremegine getirýän sebäpleri we şertleri köki-damary bilen aýyrmakdan ybaratdyr. 

Şeýle hem parlamentiň ýolbaşçysy haram işlere baş goşýanlaryň arasynda zenanlaryň bardygyna ünsi çekdi. Bu ýagdaý jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratyn-da, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de onuň garamagyndaky düzümleriň bu ugurda has netijeli iş alyp barmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň enelerimizi jemgyýetiň we döwletiň mizemez sütüni hasaplaýandygy bellenildi. Bagtly we sagdyn enelik hem-de çagalyk üçin amatly şertleri döretmek, maşgalany durmuş taýdan goramak, eneleriň we çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek hakynda döwlet Baştutanymyzyň hemmetaraplaýyn alada etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Zenan eneler barada şeýle alada edilmegi jemgyýetiň durmuşyny has-da demokratiýalaşdyrmak babatda döwlet syýasaty, şeýle hem milli özboluşlylygyň aýratynlyklary bilen şertlendirilendir. Çünki ene-zenan ähli döwürlerde hem diňe maşgalada däl-de, jemgyýetçilik durmuşynda hem aýratyn hormata mynasyp bolup geldi. Ol türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösmeginiň esasy bolan maşgala ojagynyň ýylysyny saklap geldi. 

Mähirli eneler diňe öý-aladalary bilen däl-de, eýsem, ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga çalyşýarlar, olar jemgyýetiň durmuşyna işjeň gatnaşýarlar, ýurdy dolandyrmagyň dürli derejelerinde çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşýarlar, möhüm jemgyýetçilik meseleleri ara alyp maslahatlaşylanda olaryň pikirine aýratyn üns berilýär. Mejlisiň Başlygynyň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň ejesi Ogulabat Berdimuhamedowa türkmen zenanynyň ajaýyp nusgasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň enesi öz perzendini dünýä inderen döwründe häzirki ýaly ajaýyp durmuş hem, bol-elinlik hem ýokdy. Emma şol döwrüň kynçylyklaryna garamazdan, öz perzendiniň kalbyna iň gowy gylyk-häsiýetleri guýmagy başarypdyr. 

Häzir ýurdumyzda her bir adamyň zehinini we ukyp-başarnygyny amala aşyryp bilmegi hem-de öz halal, tutanýerli zähmetiniň miwesini görüp bilmegi üçin ähli oňaýly şertler döredildi. Ýaşuly nesliň wekilleri, şol sanda zenan-eneler jemgyýetiň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, milletiň agzybirligini, jebisligini, bitewüligini berkitmek işinde paýhasly maslahatçylar diýip, milli parlamentiň ýolbaşçysy aýtdy. Aksakal gojalarymyz durmuş tejribesi ýaşlara Watany, zähmeti söýmek bilen olary mynasyp terbiýelemek üçin mekdepdir, olar jemgyýeti kämilleşdirmäge gönükdirilen ýörelgeleri wagyz edýärler diýip belledi. 

Soňra maslahatda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Soltan Sanjar adyndaky daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Togtamyş Klyçew çykyş etdi, ol milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan oňyn özgertmeler netijesinde Türkmenistanyň ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazanandygyny belledi. Ýurdumyzda ýaşuly nesliň wekillerine aýratyn hormat bilen garalýar, olar joşgunly zähmeti bilen ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam edýärler. 

Il ýaşulusy Togtamyş aganyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň röwşen geljegi ugrunda hakyky watançylygyň, zähmetsöýerligiň we ýokary jogapkärçiligiň mysallarynda asly halal ata-babalarymyzyň wesýet eden nesihatlaryndan ugur alyp, ýaşlarymyza ýokary ahlak ýörelgelerinde terbiýe bermek bilen eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak ýaşuly nesliň esasy wezipeleriniň biridir. 

Biziň pederlerimiz bize halal ahlakly, päk ruhly, halal ýol bilen ýöremegi, ýaşaýşa höwesli, manyly, döredijilikli ýaşamagy miras goýdy. Ýaşuly muňa mysal hökmünde nusgawy şahyrlarymyzyň öz şygyrlarynda, eserlerinde, dessanlarynda dürdäne düşündirişler bilen pederlerimiziň baý mirasyny beýan edendigini mysal getirdi. Şeýle hem milli Liderimiziň düýpli işleriniň ähmiýeti bellenildi. Olarda jemgyýetiň durmuşynda ahlagyň orny açylyp görkezilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir kitaby ýaş nesli terbiýelemek üçin okuw gollanmasy bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň eserleri bize halkymyzyň içinde, ýurdumyzyň, jemgyýetimiziň öňünde başymyzy dik tutup, belent abraýly, mertebeli, halal gazanjyň höziri bilen, rahady bilen ýaşamagy nesihat edýär. 
 

Soňra Türkmenistanyň Gahrymany, “Edebiýat we sungat” gazetiniň bölüm müdiri Amangözel Şagulyýewa döwrüň möhüm meselesine bolan garaýşyny beýan etdi. Görnükli medeniýet işgäriniň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ajap döwrüniň gadyr-gymmaty bu döwürde halal ýaşap, halal zähmet çekilmeginde jemlenýär. Ilatyň abadan durmuşyny üpjün etmegi, raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her bir çykyşynda diýen ýaly ýaşlara terbiýe bermek meselesi barada aýratyn durup geçýär. Çünki ýurdumyzyň, halkymyzyň geljegi şolar bilen üznüksiz baglydyr. 

Türkmenistanyň Gahrymany nogsanlyklara aýal maşgalalaryň hem goşulmagy, ýaramaz ýagdaýdyr, çünki çaganyň terbiýesi ilkinji nobatda perzendi dünýä inderen adamdan başlanýar. Parahorluga dahylly bolan adamlary ýazgarmak bilen A.Şagulyýewa Watana we halkymyza, öý-ojagymyza hormat goýmak, açyklyk, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesli hormatlamak, türkmeniň milli häsiýetine mahsus bolan beýleki ahlak kadalary ýaş nesli terbiýelemekde esasy aýratynlyklar bolup durýar diýip belledi. 

Soňra çykyş eden Demokratik partiýanyň başlygy K.Babaýew döwlet syýasatynda ata-babalarymyzyň dana paýhasyna, milletimiziň mizemez milli ahlak ýoluna pugta daýanýan hormatly Prezidentimiziň jemgyýetiň ösüşine, halkyň bagtyýar durmuşyna zyýan ýetirýän, päsgel berýän islendik nogsanlyklaryň ýok edilmegi ugrunda alyp barýan mukaddes işleriniň, maksatlarynyň hemişe ýol alýandygyny belledi. Parahorluga we korrupsiýa garşy alnyp barylýan döwlet derejeli çäreleriň, kanunçylygy berkitmekde hem netijeli boljakdygyna halkymyz berk ynanýar. 

Şeýle nogsanlyklaryň ýok edilmegi jemgyýetiň ruhy-ahlak sagdynlygy üçin birlikde syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ösüşlerini ilerletmäge ýardam berýän ýagdaýdyr. Ol halkyň döwletimize, kanunynyň hökmürowanlygyna ynamynyň has pugtalanmagyna, raýat işjeňliginiň artmagyna ýardam berýär. Döwletiň korrupsiýa garşy alyp barýan işleri raýatlaryň öz hukuklary we borçlary bilen has içgin gyzyklanmagyna şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edýän hukuk babatda wagyz-nesihaty güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parahorluga, korrupsiýa garşy berk göreşmegiň zerurdygy barada telim gezek nygtaýandygyna garamazdan, haramlyga ýüz urýanlaryň bardygy ylalaşyp bolmajak ýagdaýdyr. Bu nogsanlyga garşy göreşi güýçlendirmek barada döwlet Baştutanymyzyň aýdanlaryny tüýs ýürekden makullamak bilen, haramlyga baş goşup, ilden daşlaşyp, abraýdan düşen wezipeli adamlary hemmeler berk ýazgarýarlar. 

Biziň aramyzda şeýle ýola düşenlere orun ýokdur. Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasadyna ýugrulan döwlet syýasaty tarapyndan kesgitlenen ýolumyz--adyllygy, halallygy, watanperwerligi baýdak edinen şanly ýolumyz bar. Ondan çykanlary ilden çykan hasaplaýarys. 

Demokratik partiýanyň başlygynyň belleýşi ýaly, bu gün sagdyn jemgyýetimiziň her bir raýaty, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen özümiziň alyp barýan wagyz-nesihat işlerimizde dili senaly ýaşulular, kümüş saçly enelerimiz bilen bilelikde jemgyýetçilik aňynda kanunyň rüstemdigini terbiýelemek, kanun bozulmalarynyň garşysyna tutuş jemgyýet bolup göreşmek, halkymyzyň gymmatly däp-dessurlaryna hormat goýmagy we olary berjak etmegi ündemek, ýaşlarda ululara sarpa goýmagy, ata-enäni sylamagy, myhmansöýerligi, lebzi halallygy, ynsaplylygy, ahlaklylygy terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini, zähmetsöýerligi hem-de watançylygy ündemek, haramlygy ýazgarmak bilen yhlasly we jogapkärli işlemegimiz zerur bolup durýar. 

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Ogulgül Annageldiýewa maslahatda çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Döwlet adam üçindir!” diýen ajaýyp ýurtda ýaşaýandygyna buýsanýandygy barada aýtdy. Ol abadan, bagtyýar ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen parahat we bolelin durmuşda ýaşap, guwanýan zamanamyzda ýüze çykan ýaramaz ýagdaýlaryň örän gynandyryjy bolup durýandygyny aýdyp, şeýle ýagdaýlara ýol beren adamlaryň ynsabyny ýitirendigini, olara jemgyýetimizde orun bolmaly däldigini belledi. 

Agyr kynçylykly günleri başdan geçirip, häzirki bagtyýar durmuşa guwanyp-buýsanyp ýaşaýan ýaşuly nesliň wekilleri üçin bu ýaramaz ýagdaýlaryň, aýratyn-da, şeýle işlerde zenan maşgalalaryň, eneleriň hem bolmagynyň has-da agyr degýändigi barada enäniň aýdanlary tolgundyryjy boldy. Sebäbi ene mukaddesdir, ol -- öýüň bikesi. Şahyrlarymyz ejäni, enäni Käbä deňeýär diýip Ogulgül ene haram pul üçin perzendini betniýet işlere ataran enäni biz näletleýäris, şol enä ene diýmäge biziň ynsabymyzam çatanok diýip, sözüni dowam etdi. 

Şeýle hem çykyş eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet ugry netijesinde mähriban ýurdumyzyň öňe tarap okgunly ösüşi üpjün edilip, jemgyýetimizde köpçülik bolup neşekeşligiň düýp-teýkary bilen ýok edilmegi ugrunda ähmiýetli işleriň alnyp barylýandygyna, bu işlere ähli jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşulularyň we ýaşlaryň işjeň gatnaşýandygyna ünsi çekip, çykyş eden ene parahorluk, korrupsiýa ýaly ýaramaz ýagdaýlaryň asla ýol almaly däldigini aýtdy. Ogulgül ene döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda görülýän çäreleriň netijesinde korrupsiýanyň we parahorlugyň soňuna çykyljakdygyna ynam bildirip, gelin-gyzlara öz maşgala ojaklaryna wepaly bolup, döwletimiziň ajaýyp döwrüni mynasyp dowam etjek işgärler bolmagyny arzuw etdi. 

Soňra çykyş eden Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy guramaçylyk-usulyýet bölüminiň müdiri Öwezdurdy Hümmedow hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek bolup durýandygyny belledi. Bu ugurda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini belläp, çykyş edýän döwlet Baştutanymyzyň möhüm meseleleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşýändigini aýtdy. Olaryň hatarynda neşekeşlik we çilimkeşlik ýaly nogsanlyklar köp keselleriň döremegine sebäp bolýar. 

Milli Liderimiziň parahorluga we korrupsiýa garşy göreşmek boýunça başyny başlan işleriniň möhümdigini bellemek bilen, O.Hümmedow bu ugurda ýörite maksatnamany işläp taýýarlamagyň, döwlet Baştutanymyzyň degişli kanunlarda parahorluga baş goşan adamlaryň günäsini geçmek hakynda degişli kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmegiň ähmiýeti barada aýtdy. 
 

Şunuň ýaly toplumlaýyn, bilelikde göreş alnyp barlanda bu ýaramaz ýagdaýlaryň agzybir, jebis halkymyzyň, döwletimiziň, jemgyýetimiziň içinden aýryljakdygyna şek-şübhe bolup bilmez diýip, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň jogapkär işgäri ynam bildirdi hem-de öz çykyşyny goşgy setirleri bilen jemledi. 

Türkmenistanyň halk artisti Annajemal Nurmuhammedowanyň belleýşi ýaly, bu gün edilýän gürrüň hiç kimi biparh goýmaýar. Ýaramaz pişä baş goşanlaryň arasynda zenanlaryň hem bolmagy gaty gynandyrýar diýip, ol aýtdy. Olar bagtyýar durmuşymyzda eşretli ýaşaýşyň hözirini görmegiň hem-de öz halal zähmetleriniň netijelerine guwanmagyň deregine ynsabyny ýuwdup, egri ýoldan gitdiler hem-de tutuş jemgyýetimize uly zeper ýetirdiler diýip, ol belledi. 

Meşhur aýdymçynyň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyz halkymyzyň abadançylygy, ýurdumyzyň rowaçlygy, milli medeniýetimizi we sungatymyzy bütin dünýäde wagyz etmek ugrunda uly işleri alyp barýar. Naýynsaplaryň etmişleri bolsa, betniýetlik bilen badak atmak bolýar. Ýöne, olaryň bu pirimleri bize böwet bolup bilmez. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyz öňe, täze döredijilik maksatlaryna tarap ynamly gadam urýar diýip, A.Nurmuhammedowa belledi. 

Türkmenistanyň halk artisti sözüni dowam edip, gelin-gyzlarymyzy edep-ekramyň, zähmet endikleriniň bezeýändigi barada aýratyn durup geçdi. Şu babatda ol hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň zähmete endik bolan göreldesini mysal getirdi. A.Nurmuhammedowa sözüniň ahyrynda zenanlary, gyzlary kümüş saçly enelerimiziň öwüt-ündewlerine, parasatlaryna eýermäge çagyrdy. 

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Atajan Burunowyň çykyşynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli raýatlary bereket bolçulykda ýaşaýar diýlip bellenildi. Biziň halkymyzyň öz ahlak ýörelgeleri hem-de ýaş nesli terbiýelemegiň däp-dessurlary bar. Olarda watançylyk, raýat jogapkärçiligi, zähmetsöýerlik duýgularyny kemala getirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. 

Professoryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň 12-nji maýda we 18-nji maýda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde orta mekdeplerimizde, ýokary okuw mekdeplerimizde ahlak terbiýesi, şonuň bilen birlikde edep-ekram bilen, hukuk bilen baglanyşykly täze dersleri okuw maksatnamasyna ornaşdyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz sagdyn jemgyýet gurýar, şol sagdyn jemgyýeti gurmak üçin hem sagdyn nesiller gerek diýip, bellemek bilen çykyş edýän ýurdumyzda ýaşlaryň zähmet çekmegi bilen bagly meselelere, kanunçylyga seredilse maksadalaýyk bolardy diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlara zähmet terbiýesini bermek boýunça geçirilýän giň gerimli işler barada aýdyldy. 

Häzirki wagtda biziň jemgyýetimizde emele gelen ýaramaz ýagdaýyň aňyrsynda möhüm sebäpler ýatyr. Hormatly Prezidentimiz şol sebäpleri öwrenip, şonuň esasynda oňaýsyz ýagdaýlaryň garşysyna göreş alnyp barylsa, onuň netijeli boljakdygy barada aýtdy. Şu nägehanyň garşysyna, bu ugurda alnyp barylýan işe her bir raýatyň mynasyp goşandy gürrüňsiz miwesini berer diýip, Atajan Burunow ynam bildirdi. 

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň mugallymy Gurbanbagt Hajyýewa öz çykyşynda türkmenler asyrlaryň dowamynda halalhonlugy bilen, zähmetsöýerligi bilen, ynsanperwerligi bilen, watansöýüjiligi bilen we beýleki adalatlylygy bilen dünýä nusgalyk bolan halkdyr diýip belledi. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda her bir adama okamaga, bilim-sowat almaga höwes edýän, arzuw edýän hünärine eýe bolmaga, halal zähmet çekip baýamaga giň hukuklar bardyr. Ýöne biz şol hukuklardan peýdalanyp, raýatlyk hukuklarymyzam ýatdan çykarmaly däldiris. Öz perzentlerimize, ýaş nesle, görelde bolup, berýän edep-terbiýämiz, görüm-göreldämiz, ene süýdi ýaly ak we päk bolmaly. 

Mekdepde köp ýyllaryň dowamynda iş tejribesini toplandygy barada aýtmak bilen çykyş eden ýaşlaryň arasynda edepli-terbiýeli, ylma-bilime teşne, höwesek, Watanymyza, Mähriban Arkadagymyza, il-günümize wepaly ýaşlarymyz bar diýip belledi. Şeýle ýaşlar biziň Watanymyzyň geljegi. 

Biziň ýaşlarymyz Mähriban Arkadagymyzyň özleri barada edýän atalyk aladalaryny tüýs ýürekden duýýarlar. Olar gowy okap, göreldeli bolup, Watana wepaly, wepaly bolup, şol aladalara jogap berýärler. Döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp eserleri, biziň üçin, aýratynam ýaşlar üçin terbiýe mekdebi bolmaly. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimizde zenanlar üçin edilýän alada, olara goýulýan sarpa, hormat, sylag, döredilýän ýaşaýyş durmuş üpjünçiligi, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. 

Şunuň bilen baglylykda, G.Hajyýewa durmuşymyzda ters gelýän agyr nogsanlyklaryň içinde zenanlaryň, ýaşlaryň bolmagy gaty gynandyrýar diýip belledi. Olar zenany bezemeýär. Zenany sallançagyň başynda aýdylýan ene hüwdüsi bezeýär. Zenany maşgala ojagynyň alawy bezeýär. Zenany akylly-başly perzentleri bezeýär diýip, mugallym belledi. 

Soňra çykyş eden Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýaşaýjysy, il ýaşulysy Bally Narçyýew döwletimiziň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda okgunly ösüp, onuň halkara abraýynyň günsaýyn artýandygyny belledi. Milli Liderimiz halkymyzyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýär, munuň üçin türkmenistanlylar oňa çäksiz hoşallyklaryny bildirýärler. 

Şeýle bagtyýar döwrümize, parahat ýaşaýşymyza, asuda durmuşymyza kanagat etmän, ýeňil eklenje, haram gazanja, korrupsiýa ýykylýan, şonuň ýaly zatlara meýil edýän adamlaryň bardygyny hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda aýtdy. Şunuň ýaly hereketlere goşulýanlaryň, şeýle hereket edýänleriň bardygyna, ylaýta-da şolaryň arasynda zenan maşgalalaryň bardygyna biz örän gynandyk. 

Şunuň bilen baglylykda, şu bagtyýar döwrümizde, şulara näme ýetmezçilik edýärkä, näme mejbur edýärkä, näme zerurçylygy barka diýen sowal döreýär. Olar kanun boýunça jezalaryny çekerler. Bu barada aýtmak bilen, B.Narçyýew şu zatlaryň gaýtalanmazlygy üçin, biziň geljekki nesillerimiz, ýaşlarymyz, ýurdumyzy dolandyrjak geljekki adamlarymyz, şu zatlara goşulmaz ýaly, oýlanyşykly çäreleri görmegiň möhümdigini belledi. Hormatly ýaşuly sözüni dowam edip, çagalykda dogry terbiýe alan adam hiç haçan galp ýola düşmez diýip belledi. Biz zähmetsöýer ýaş nesli, halkyna we Watanyna wepaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ägirt uly özgertmelerini amala aşyrmaga işjeň goşulmaga ukyply ýaşlary ösdürip ýetişdirmelidiris. 

Döwlet Baştutanymyz çagalaryny we agtyklaryny terbiýelemegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän, olarda zähmetsöýerlik, ula hormat ýaly ajaýyp häsiýetleri kemala getirýän döwlet baştutanymyz ähli watandaşlarymyz üçin nusga alarlyk görelde bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň bize edýän ynamyny, köpçülik işlerinde wagyz-nesihat işlerini güýçlendirip, hormatly Prezidentimiziň aýdanlaryny durmuşa geçirip, ýaňky ýaly nogsanlyklaryň bolmazlygyny gazanmaklyk biziň ilkinji borjumyz diýip çykyş eden milli Liderimize jan saglyk, uzak ömür hem-de asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, il ýaşulusy Çary Ataýew öz çykyşynda taryhy rowaýaty mysal getirip, türkmen döwletiniň esaslanan ýörelgeleri barada aýtdy. Hususan-da, Çagryl beg bilen Togrul begiň döwlet guranlarynda Mäne babanyň ýanyna baryp, ondan döwleti dolandyrmagyň ýollary hakynda maslahat soraýşy hakynda rowaýatdan tymsal getirildi. Çary Ataýewiň belleýşi ýaly, milli Liderimiz parasatly ata-babalarymyzyň wesýet eden ýörelgelerine eýerýär, bu bolsa Türkmenistanyň gülläp ösmegini üpjün edýär. 
 

Ýöne muňa garamazdan, käbir betnebis adamlaryň bikanun hereketleri gülläp ösýän jemgyýetimiziň arassalygyna, halkymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ynamyna şek ýetirýär. Beýle ýagdaýa ýol berip bolmaz. Sebäbi hormatly Prezidentimiz ynamyň, maksada okgunlylygyň uly güýçdigini subut etdi diýip, Çary aga belledi. 

Atalar sözüni we ençeme beýleki nakyllary mysal getirmek bilen, ýaşuly Kanuna, hakykata halal ak ýürekden gulluk etmegiň ýeke-täk dogry ýol-ýörelgedigini aýratyn nygtady. Şu babatda, hormatly Prezidentimiz bize nusgalyk göreldedir. Çagalarymyzy, nesillerimizi döwlet Baştutanymyzyň şunuň ýaly halal nusgalyk göreldesine eýerip ýaşamagy üçin biziň ählimiz tagallamyzy gaýgyrmaly däldiris diýip nygtamak bilen, ol sözüni hormatly Prezidentimize alkyş we arzuw sözlerini aýdyp jemledi. 

Mejlisiň deputaty, Telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy Oguljeren Kazakowa öz nobatynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligi giň gerimde ösdürmek maksady bilen, ähli şertleri döredendigini belläp, häzirki wagtda telekeçiler ýurdumyzy ösdürmek, halkyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, bazarlarymyzy bol harytlar bilen doldurmak işine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Degişli kanunçylyk binýadynyň özgerdilmegi ähmiýetli ädimleriň biri bolup, ol halal işläp baýamak üçin mümkinçilik berýär. Çykyş edeniň aýdyşy ýaly, milli Liderimiz ýurdumyzyň telekeçileriniň alyp barýan işlerine ýokary baha berýär, olar kärhanalary , ýaşaýyş jaýlalaryny, söwda toplumlaryny gurmak boýunça iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar. Netijede ykdysadyýetiň umumy ösüşi üpjün edilýär. 

Parlamentiň deputaty, Telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat birleşmesiniň ýolbaşçysy bikanun hereketleri eden adamlary berk ýazgarmak bilen, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Mejlisiň deputatlarynyň jebislik bilen şeýle bidüzgünçilikleriň garşysyna berk göreşip, wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşjakdygyna ynandyrdy. 

Soňra “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy Ogulhajat Işangulyýewa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň gerimli işlerde gazanylýan uly üstünliklerde mährem gelin-gyzlarymyzyň saldamly goşandyny belledi. Nygtalyşy ýaly, watançylyk, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, halallyk, çeper el hünäri müňýyllyklaryň dowamynda zenanlarymyzyň mertebesini ýokary derejede saklap gelýän milli häsiýetlerdir. 

Çykyş edýän nesilleri milli ruhda terbiýelemegiň uly ähmiýete eýedigini nygtap, zenan mukaddesligi we sarpasy, onuň çeper eliniň hünäri, halallygy we gözelligi barada gürrüň berýän rowaýaty mysal getirdi. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, ýaşlary halal milli ruhda terbiýelemekde gadymy halk dessanlardan, nakyllardan, atalar sözlerinden, rowaýatlardan, hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýurgulan ajaýyp eserlerinden ugur alynmalydyr. 

Zähmet we watançylyk terbiýesi bilelikde alnyp barylmalydyr diýip çykyş edýän sözüni dowam etdi. Şunda ol häzir milli Liderimiziň goldaw bermeginde adamlaryň halal ýaşap, işläp baýamagyna ähli mümkinçilikler döredilýär. Sagdyn maşgala jemgyýetiň abadançylygynyň grewidir diýip bellemek bilen “Türkmenhalynyň” başlygy perzentlerimiziň geljegi üçin alada etmelidiris. Biz halal zähmet bilen baýamagyň ýollaryny, ähmiýetini her ädimde ýaşlara düşündirip durmaly. Bu ugurda biziň her birimiz öz ornumyzda sak durup, nogsanlyklara garşy göreş alyp barmaly diýip belledi. 

Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy Begçerowa Dursun öz çykyşynda enäniň ýurdumyzda eýeleýän orny, gazanylýan üstünliklere goşýan goşandy barada durup geçip, şunuň bilen birlikde enäniň öz çagasyna edep-terbiýe bermek, halal, zähmetsöýer, watansöýüji ýaşlar edip ýetişdirmek ugrundaky aladalarynyň halallykdan gözbaş alýandygyny nygtady. Bidüzgünçilikli ýola düşýän zenanlaryň ýüze çykmagy lapyňy keç edýär, çünki olar enäniň mukaddes adyna ysnat getirýärler diýip, Gumdag şäheriniň orta mekdebiniň işgäri belledi. 

Dursun ene sözüni dowam edip, hormatly Prezidentimiziň mähriban halkymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlaryna çuňňur sarpa goýan ýokary ahlakly nesli terbiýelemekde ýaşuly nesilleri özüniň daýanjy hasaplaýandygy barada belledi. Ol bu asylly işde hemmeleriň el-ele berip, ähli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde wagyz-nesihat çärelerini geçirip, kemçilikleri aýdyp, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin agzybirlikli işlemäge çagyrdy. 

Şeýle hem maslahatyň barşynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, il ýaşulusy R.Ataýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy J.Mustakowa, Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň sport mekdebiniň grek-rim göreşi boýunça tälimçi mugallymy P.Amanow, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň sahna ussady M.Bekiýew, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Babaýew, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Merkezi kitaphanasynyň müdiri A.Kakaýewa, Mejlisiň deputaty, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň agzasy B.Myradowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň ýokary derejeli artisti- wokalisti, Türkmenistanyň halk artisti S.Hojakowa, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň mugallymy R.Hudaýnazarowa, “Güneş” žurnalynyň baş redaktory G.Babaýewa, Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň mugallymy A.Babagulyýewa, “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň baş redaktory Ý.Ezizowa, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň 3-nji çagalar bagynyň müdiri A.Hallydurdyýewa, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Birleşik” daýhan birleşiginiň kärendeçisi O.Annaorazowa, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň hünärmeni D.Rozyýewa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Kino we teleradio sungaty” kafedrasynyň mugallymy G.Kulowa, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjysy, 8 çagaly ene Ş.Abdyýewa çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyny hem-de milli Liderimiziň korrupsiýa we parahorluk ýaly ýaramaz hadysalary ýok etmek boýunça görýän çärelerini goldaýandyklaryny aýtdylar. 

Maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde hem eziz Watanymyzyň bähbidine tutanýerli zähmet çekip, öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek maksadynda güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com