Türkmen türgenler 3x3 basketbol we uşu boýunça ýaryşyň ýarym finalyna geçdiler

Şenbe güni Bakuwda geçirilýän IV  Yslam raýdaşlyk oýunlarynda Türkmenistanyň zenanlar 3x3 basketbol topary we uşuçysy ýarym final tapgyra geçmegi başardylar.

3x3 basketbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar topary ýarym final tapgyryna geçdi
Türkmen zenanlar topary 3x3 basketbol boýunça geçirilýän bäsleşikde Siriýanyň toparyny 16-14 hasap bilen ýeňip we ýarym finala geçip, medal gazanmaga bir ädim golaýlaşdylar. Oýnuň dowamynda Aýna Gökowa birnäçe synanyşyk amala aşyryp 10 utuk gazandy we toparyň iň gowy oýunçysy hökmünde çykyş etdi.

Zenan basketbolçylar ýekşenbe gününde Maliniň toparyna garşy oýnar. Iki ýurduň erkekler toparynyň arasynda geçiriljek çärýek final oýny hem şol güne meýilleşdirildi.

Uşu boýunça ýaryşda Agamyradow ýarym finala geçdi
Erkekleriň arasynda 56 kg agram derejede çykyş edýan türkmen uşuçysy Annageldi Agamyradow iordaniýaly Hamza Ýahýadan 2-1 hasap bilen üstün çykyp, ýarym final tapgyra geçmegi başardy. Ol ýekşenbe güni geçiriljek tutluşykda eýranly Mahdi Mohammadi garşy çykyş eder.

Onuň ildeşleri Baýmyrat Babaýew (48 kg), Nurgeldiýew (60 kg), Bäşim Geldiýew (65 kg), Salaheddin Baýramow (70 kg) we Rehmet Öwezberdiýew (75 kg) çärýek finalda şowsuz çykyş etdiler.

Sport göreşi boýunça ýaryşyň netijeleri
Sport göreşi boýunça ýaryşyň dowamynda erkekleriň arasynda 61 kg agram derejede çykyş eden türkmen türgenleri medal gazanmak üçin tutluşyklarda çykyş etdiler, emma üstünlik gazanyp bilmediler.  Azerbaýjanly Haji Aliýewden 0-4 hasap bilen ýeňlen Saparmyrat Myradow goşmaça tapgyrda çykyş etdi.

Myradow Täjikistandan gelen Todžiddin Hodžayewden 3-1 hasap bilen üstün çykdy we bürünç medal üçin tutluşykda çykyş etmäge hukuk gazandy. Bu tutluşykda onuň garşydaşy eýranly Masud Esmaeýlpurjuýbari 4-0 hasap bilen ýeňiş gazandy.

Erkekleriň arasynda 86 kg agram dereje boýunça çärýek finaldan öňki tapgyrda Selimmuhammet Muhadyýew kamerunly Gatsia Jose Guissaý

Baýsemmadany 5-0 hasap bilen ýeňdi, emma indiki tapgyrda Özbegistanyň türgeni Raşid Kurbanowdan 0-4 hasap bilen utuldy.

Şol bir wagtda 70 kg derejede çykyş eden pälwan Batyr Orazgylyjow birinji tapgyryň netijesinde ýaryşdan çykdy.

Erkekleriň arasynda geçirilýän ýadrony zyňmak boýunça gatnaşan türgenler birinji 10-luga girmegi başardylar
Türkmen türgenleri ýeňil atletika boýunça ýaryşda hem çykyş etdiler. Final tapgyrynda Maksat Mämmedow (16.11 m) we Tejen Hommadow (14.45 m) ýekedaban zyňmakda gatnaşyp, degişli yzygiderlikde ýedinji we dokuzynjy netijeleri görkezdiler.

Alty synanyşygyň bäşinjisinde Mämmedow 16 m aralykdan geçmegi başardy, Hommadowyň çykyşy bolsa üç synanyşykdan ybarat boldy.

Türkmen türgenleri üçin tennis boýunça ýaryş tamamlandy
Jübütleýin çykyş etmekde ýarym final oýunda Anastasiýa Prenko we Jahan Baýramowa özbegistanly Sabina Şaripowa we Polina Merenokowadan 4-6, 2-6 hasap bilen ýeňildiler.

Baýramowa ýekelikde çärýek final tapgyrda Şaripowadan 2-6, 1-6 hasap bilen utuldy.

Umumy toparlaýyn medal hasap
Häzirki wagtda türkmen türgenleri jemi 12 medal gazanyp (2 altyn, 4 kümüş we 6 bürünç), medal jetwelinde 14-nji orny eýeleýärler.

Ýer eýesi Azerbaýjan umumytoparlaýyn hasapda birinjilikde durýar. Bu ýurduň ýygyndy topary jemi 66 altyn, 39 kümüş we 29 bürünç medalyň eýesi boldular.

Türkiýe 65 altyn, 58 kümüş we 45 bürünç bilen sähelçe tapawut görkezýär. Üçünji orny Eýran eýeleýär (24 altyn, 25 kümüş, 33 bürünç).

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com