ÝAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA V AZIÝA OÝUNLARY

Aziada tarap ynamly ädimler

 

Olimpiýa şäherjigi. Aprel. Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň türgenleşik zaly. Agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty. 100 kilogramdanam agyr agramdaky ştangany götermek üçin türkmenistanly zenan türgen çagyrylýar. Soňky, ilki-hä, dartgynly, soňra bolsa buýsançly, ýeňişli medallara, pursatlara şaýat bolup otyrkam...

Olimpiýa şäherjigi. Aprel. Kikboksing boýunça Aziýa çempionaty. Türkmenistanly zenan türgen batyrgaýlyk bilen düşekçä çykýar-da, yklymyň iň güýçli türgenleriniň hatarynda görkezilýän garşydaşyny salymyny bermän ýeňýär. Ýeňiji türkmen gyzyny ýaryşa ýygnanan tomaşaçylaryň ählisiniň şowhunly el çarpyşmalar bilen gutlaýanyna şaýat bolup otyrkam...

Olimpiýa şäherjigi. Aprel. Gysga aralyga suwda ýüzmek boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty. 15 ýaşly türkmen gyzy sebitiň iň gowy suwda ýüzüjileri bilen bäsleşip, kümüş medala mynasyp bolýar. Suwda ýyldyrym tizligini ýatladyp ýüzen, medal gowşurylyş pursadynda-da Aşgabatda geçirilen halkara ýaryşyň ýeňijisi bolmak bagtynyň begenç gözýaşlaryny bukup bilmän duran gyz bilen deň tolgunyp durkam tumarlylar, harmandäliler, zarinalar, banu çeçekler we ýene-ýeneler göz öňüňe gelýär.

Aprel aýynda on günüň dowamynda geçirilen üç halkara ýaryşda türkmen gyzlarynyň çykyşlary, hakykatdan-da, guwandyryjydyr. Biz zenan türgenlerimiziň çykyşlaryna, olara medal gowşurylyş pursatlaryna şaýat bolup, birbada iki ahwaly — çäksiz güýçlülige we zenan näzikligine şaýat bolduk. Ine, agyr atletikaçy gyz Ýulduz Jumabaýewa ýaryş düşekçesine çykýar. Daýaw, ýöne çepiksije gyzy görüp, öz ýanyňdan «Başararmyka?» diýip, dogrusy birbada ýaýdanýarsyň. Agyrlygy emgenmän göge galdyryşyny synlabam, ilki-hä, «Berekella!» diýip, içki şatlygyňy daşyňa çykaranyňy, soňra bolsa aýalaryňy biri-birine çalt-çaltdan urup, el çarpanyňy duýman galýarsyň. Bürünç medala mynasyp bolan türkmen gyzynyň ýürek joşgunyny diňlemek hasam gyzykly. Şonda boýny medally Ýulduz şeýle diýdi:

— Görkezen netijämden soňra, birbada iki bürünç medala mynasyp bolandygymy bilenimde, ýurdumyzyň taryhynda Aziýa çempionatlarynda birbada iki medal gazanan ilkinji zenan agyr atletikaçydygymy aýtdylar. Paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryşda birbada iki medal almak bilen ilkinji bolup, türkmen sportunyň taryhyna girmek, söz bilen düşündirip bolmajak ýakymly duýgy.

Şondan bir gün soň, ildeşlerimiziň ýene-de biri — Kristina Şermetowa hem ajaýyp üstünlik gazandy. Ştangany itekläp götermekde 104, iki görnüşiň jemi boýunça bolsa, 182 kilogram netijäni görkezen türgen iki görnüş boýunça hem bürünç medala mynasyp boldy.

K.Şermetowa görkezijisini mundan hem ýokarlandyryp bilerdi, ýöne ol sporta berlen iki ýyllyk arakesmeden ýaňy-ýakynda dolandy. Yzygiderli türgenleşikleriň netijesinde Kristinanyň türkmen sportunyň göz guwanjy saýylýan türgenleriň birine öwrüljekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn. Medal gowşurylyş dabarasyndan soňky söhbetdeşliginde diňe öz çykyşyna üns berendigini, garşydaşlarynyň görkezen netijeleri bilen gyzyklanmandygyny aýdan agyr atletikaçy gyzyň indiki maksady — sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda medal gazanmak. Munuň üçin ol ýaryş tamamlanansoň, dessine türgenleşiklerini dowam etdirdi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ahmet Saryýewiň zehinli şägirdi Aşgabat Aziadasynda agyr atletika boýunça medal tama edilýän türgenlerimiziň biri.

Türkmen kikboksingçileri ajaýyp üstünlik gazandylar. Olar jemi 75 medal (27 altyn, 25 kümüş we 23 bürünç medal) bilen yklymyň 20-ä golaý döwletinden wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşyň umumy toparlaýyn birinji ornuna mynasyp boldy. Gazanylan ýeňişde Zöhre Jumabaýewa, Selbi Rozybaýewa, Saýýara Bahramowa ýaly zenan türgenleriň paýy uludyr. Ýaryşyň açylyş dabarasyndan soňra, Aziýanyň kikboksing konfederasiýasynyň prezidenti Nasser Nassiri bilen söhbetdeş bolduk. Şonda myhman erkekleriň arasynda hem, zenanlaryň arasynda hem türkmenistanly türgenleriň medallara esasy dalaşgärlerdigini aýtdy. Ömrüniň onlarça ýylyny sporta bagyşlan hünärmeniň duýgulary ony aldamady. Ozaldan hem çaklanylyşy ýaly, türkmen türgenleri ýaryşyň iň gowy milli ýygyndysy boldy. Kikboksçy gyzlarymyzyň üstünligine Aziada — 2017-de hem guwanmak miýesser etsin.

Suwda ýüzüji türgen Darýa Semýonowa entek

15 ýaşynda. Şeýle-de bolsa, türkmenistanly türgeniň başarnygy daşary ýurtly hünärmenleriň hem dilinde dessan. Bir zady aýratyn nygtamaly: Aşgabatda gysga aralyga suwda ýüzüjileriň arasynda geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionatynda ýurdumyzyň ýeke-täk altyn medalyny gazanan Merdan Ataýew umumy medallarynyň sany boýunça D.Semýonowadan az netije görkezdi. Darýanyň ýeke özi üç medal gazanyp, ildeşlerimiziň umumy üstünligine uly goşant goşdy. Umuman, şu ýaryşda medallaryň agramly bölegini gyzlar gazandy diýip bileris. D.Semýonowa

50 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde

34,89 sekunt netije bilen ikinji orny eýelän bolsa, Darýadan we K.Weliýewadan, L.Ataýewadan, E.Begmyradowadan ybarat gyzlar estafeta ýygyndymyz kümüş medala, D.Semýonowa brass usulynda, E.Begmyradowa 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde bürünç medala mynasyp boldy. Ýeri gelende, ýurdumyzyň estafeta boýunça erkekler ýygyndysynyň hem kümüş medala mynasyp bolandygyny nygtamak gerek.

«Ýigitlerimiz gowy çykyş etdi, ýöne gyzlarymyz has gowy çykyş etdi». Bu — Hytaýyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisiniň aýdan sözi. Ýöne şu ýaryşlarda diňe bir türkmen türgenleri babatynda däl, eýsem, gatnaşyjy ýygyndylaryň ählisi babatynda alanymyzda hem zenan türgenleriň gowy netijeleri görkezendigini aýdyp bileris. Türkmenistanly zenan türgenler babatynda aýdylanda bolsa, olaryň gazanýan üstünliklerine şaýat bolup, Aziada — 2017-däki ýeňişlere bolan ynamymyz has hem artýar. Aşgabat Aziadasyndan soň, mysal üçin, žurnalyň oktýabr aýyndaky sanynda zenan türgenlerimiziň yklym ýaryşynda örän ajaýyp netijeler bilen çykyş edendigini, gazanylan umumy ýeňişde olaryň uly paýynyň bolandygyny ýörite makala bilen buşlajakdygymyza tüýs ýürekden ynanýarys! Bu ynamy bize Gahryman Arkadagymyzyň beýik döwri berýär! Zarinalaryň, tumarlylaryň, harmandälileriň we ýene-ýeneleriň merdana nesilleri berýär! Mähriban gelin-gyzlar, siz biziň diňe bir ojagymyzyň eýeleri dälsiňiz. Siz ähli babatda guwanjymyzsyňyz!

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com