Biler bolsaòyz...

Adamlar ir döwürden bäri sowuk ýerde azyk önümleriniň gowy saklanýandygyna düşünipdirler. Ata-babalarymyz suwy, düýe çalyny, süýdi ýörite gor küýzelerde saklap, onuň tomus paslynda hem sowuk bolup durmagyny gazanypdyrlar. Et önümleri yssy howada has tiz zaýalanypdyr. Şonuň üçin ata-babalarymyz, eti ýörite malyň garynlaryna duzlap dykypdyrlar we sergin ýerlerde goýup kakadypdyrlar ýa-da gowurdak edipdirler.

Adamlar ir döwürlerden bäri gyşda buzlary, gary ýörite buzhanalarynda ýygnap, tomus aýlary azyk önümlerini şonuň kömegi bilen saklamaga çalşypdyrlar. Şeýle usuly hytaýlylar biziň eramyzdan müň ýyl ozal hem ulanypdyrlar. Grekler, rimliler ýörite buzhanalardan peýdalanypdyrlar. Yssy howa şertlerinde ýaşaýan ýegiptliler bolsa, tomusda howanyň salkynlaýan wagty, ýagny gije daşarda suwly meşiklerini sowadypdyrlar. XIX asyrda ABŞ-da we Günbatar Ýewropada öý sowadyjylaryny öndürip başlapdyrlar.

* * *

1803-nji ýylda amerikan işewüri Tomas Mur Waşingtona mesge ýagyny daşamak üçin sowadyjynyň ilkinji nusgasyny oýlap tapypdyr. Mesge ýagyny başga ýerlerde satmak üçin, uzak wagtlap haryt sowuk saklanar ýaly ýörite sowadyjy kameralary oýlap tapypdyr. Sowadyjynyň bir bölegini taýýarlamak üçin oňa birnäçe ýukajyk polat listleri (bölekleri) gerek bolupdyr. Ol olardan ýag guýmak üçin gap ýasapdyr. Towşanyň derisi bilen daşy dolanan, ýörite agaç bedreler kedr agajy bilen has berçinlenipdir we onuň üstüne buz örtülipdir.

* * *

1850-nji ýylda amerikaly lukman Jon Gori oýlap tapan guralynda emeli buz alşyny habar beripdir. Ol öz açyşynda kompression toplumynyň tilsimatlary arkaly sowadyjyny oýlap tapypdyr. Ol häzirki sowadyjylarda-da ulanylýar. Sowadyjy guralyň özi bolsa birbada doňduryjynyň hem sowadyjynyň wezipesini ýerine ýetirýär.

* * *

1858-nji ýylda fransuz alymy Ferdinand Karre ammiagyň siňip gitmegi bilen emeli sowugy alyp bolýandygyny oýlap tapypdyr we siňdiriş sowadyjy maşyny oýlap tapypdyr. Onuň açyşynyň juda şowly bolandygyna garamazdan, ony ençe wagtlap ýatdan çykarypdyrlar.

* * *

1879-njy ýylda Karl fon Linde ammiagyň kömegi bilen kompressorly guraly oýlap tapypdyr. Onuň eden açyşynyň netijesinde uly mukdardaky buzlary öndürmek mümkin bolupdyr. Bu sowadyjyny birnäçe azyk önümi öndürýän fabrikler, kärhanalar dessine satyn alyp başlapdyrlar. Bu oýlap tapyş ençeme işewürlere uly göwrümli sowadyjyly ammarlary açmaga mümkinçilik beripdir.

* * *

Resmi taýdan sowadyjynyň dörän güni 1899-njy ýylyň 8-nji awgusty hasaplanýar. Şol gün Minnesota ştatynyň oýlap tapyjysy Albert Marşall sowadyjy guralyna tassyknama alypdyr.

* * *

1913-nji ýylda hojalykda ulanylýan ilkinji elektrik sowadyjylar döredilipdir. Onuň hem edil senagat kärhanalaryndaky sowadyjylar ýaly, sowadyjy maşyny bolup, ol ýylylyk sorujylaryň işleýiş usuly boýunça işläpdir.

* * *

1926-njy ýylda daniýaly inžener Kristian Stinstrup sessiz, zyýansyz we uzak ulandyrýan, diňe öý hojalygy üçin niýetlenen sowadyjyny dünýä aýan edipdir. Sowadyjynyň elektrodwigateli we kompressory jebis üst bilen ýapylypdyr. Sowadyjyny öndürmek üçin «General Elektrik» firmasy tassyknama satyn alypdyr.

* * *

Halk köpçüligine giňden ýaýran ilkinji sowadyjynyň nusgasy Monitor-Top. Onuň «General Elektrik» firmasy tarapyndan 1927-nji ýylda sowadyjylaryň 1 million sanysy öndürilipdir.

* * *

1930-njy ýyldan bäri sowadyjylarda freon ulanylyp başlanyldy.

* * *

1940-njy ýyldan bäri bolsa, sowadyjylaryň ýörite doňdurylýan ýeri aýratyn ýerleşdirilip başlanyldy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com