ÝAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA V AZIÝA OÝUNLARY

Dostluk Ýollary

Türkmenistanyň dünýä ýüzüne ýaýran bedew batly ykdysady we durmuş ösüşlerini eşidip, ony öz gözleri bilen synlamaga gelen Ýewropa parlamentiniň ýolbaşçylary hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň deputatlary ak mermere beslenip oturan gözel paýtagtymyza geň galyjylyk bilen gezelenç etdiler. «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlişi ýaly, dünýä ülňülerine laýyk edilip salnan belent binalar, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, suw çüwdürimleri, şäheriň her bir çatrygyna gelşik berýän heýkeller olarda özboluşly täsir galdyrdy. Ganatly bedewlerimize, nepis türkmen halylarymyza goýulýan sarpanyň uludygyny, olaryň türkmen halkynyň milli guwanjydygyny gören myhmanlar, ajaýyplyklary şekillere siňdirip, öz ýurtlaryna alyp gitmek üçin surata düşürdiler. Dünýä halklarynyň hiç biriniňkä meňzemeýän türkmen milli lybaslarynyň biziň günlerimize özüniň bahasyny ýitirmän ýetip gelmegi, olaryň gelin-gyzlara aýratyn öwüşgin berip, gül görkli zenanlarymyzyň gözelligine gözellik goşuşy myhmanlary guwandyrdy. Olar milli lybasly gelin-gyzlara, başy tahýaly ýigitlere haýran galdylar.

Ýewropa parlamentiniň maslahatçysy hanym Gabriela Wirostkowa öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

— Türkmenistana gelmegim, meniň köp zatlary öz gözüm bilen görüp, türkmen halkynyň durmuşyna özümçe düşünmegime getirdi. Aşgabat şäheri şeýle bir gözel, nirä baksaň, owadan güller saňa seredip, «Hoş geldiňiz!» diýýän ýaly. Daş-töweregiň arassaçylygy, adamlaryň mylakatlylygy, myhmansöýerligi nurana ýüzlerinden bildirip dur. Ilki bilen, haýran galdyrýan zat, ýurduňyzyň asudalygy. Ir säher arkaýyn okuwa, işe barýan adamlar, gör, nähili bagtly. Adamlaryň keýpleriniň çagdygy, olaryň bakyşlaryndan bildirýär. Diýmek, ýurt ösüşlere barýar, halk bagtyýar.

Öz türkmen topragyň, ata Watanyň hakynda şeýle sözleri eşitmek kalbyňy buýsançdan doldurýar, oňa bolan çäksiz söýgiň has hem artýar. Şeýle bolmazça hem däl. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda adamyň bähbitlerini we hukuklaryny goramak, jemgyýete ýokary ynsanperwer ýörelgeleri we gymmatlyklary ornaşdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlary bolup durýar. Bitarap Türkmenistan döwletimiz döredijilikli daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirmek bilen häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň biri bolan dünýäde ählumumy parahatçylygy gorap saklamaklyga, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmeklige gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş edýär. Dünýä halklarynyň arasyndaky dost-doganlygy günsaýyn pugtalandyrmak hem ýurdumyzyň esasy maksatnamalarynyň biri bolup durýar. Bu gün türkmeniň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan asly kökünde asudalyga, dostluga bolan hoşniýetli garaýyşlary gün-günden pajarlap ösýär.

Türkmenistanda zenanlar ýurduň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady durmuşyna gatnaşmak bilen, her bir pudakda işjeňlik görkezýärler. Türkmen zenany, ilki bilen, mährem ene, maşgala ojagynyň berk binýady. Soňra bolsa, jemgyýetiň işjeň agzasy. Ýewropa parlamentiniň wise-başlygy Rişard Çarneskiniň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň parlamentleriniň deputatlarynyň biziň ýurdumyza iş sapary bilen gelen toparynyň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşinde bolan duşuşygynda, esasan, şu zatlar barada gürrüň edildi. Köp çagaly eneleriň hukuklarynyň goralyşy, olara döwlet tarapyndan edilýän ýeňillikler barada hem gyzykly gürrüňler edildi. Şeýle eneleriň çagalaryna degerli edep-terbiýe berip, olary Watanyna, il-gününe wepaly adamlar edip ýetişdirişi hem myhmanlarda gyzyklanma döretdi. Ýurdumyzda gender syýasatynyň amala aşyrylyşy, mümkinçiligi çäkli adamlaryň goraglylygy boýunça bilelikde hereket etmegiň meselelerine aýratyn üns çekildi, jemgyýetde maýyplaryň mynasyp orun eýelemegi üçin netijeli çäreleriň geçirilmeginde Türkmenistanda köp işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa döwletleri boýunça ýörite wekiliniň sekretary Wera Balogowa özünde galan täsirler barada şeýle gürrüň berdi:

— Biz Ýewropa Bileleşiginiň parlamentiniň deputatlary bolup, siziň ýurduňyzy ýörite görmäge geldik. Ýurtda bolup geçýän ajaýyp wakalar biziň ünsümizi çekdi. Parahat ýurt, asuda asman, işjeň adamlar — bular guwandyrýar. Has hem eneler, zenanlar bizde mähirli duýgulary oýarýar. Milli mirasyňyz, lybaslaryňyz täsin. Siziň bagtyýar ýurduňyz, bagtly halkyňyz bar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe batly gadamlar bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň dünýä derejesindäki abraýy barha beýgelýär. Eziz Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Watanymyzdan gözbaş alýan dost-doganlyk, özara hyzmatdaşlyk ýollary dünýä ýüzüne ýaýraýar.

 

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com