Gowkaly palaw

Gow­ka­ly pa­law taý­ýar­la­mak üçin il­ki se­miz go­ý­nuň de­ri­si­ni gyz­gyn su­wa ba­ty­ryp, ýü­ňü­ni ýo­lup, aras­sa­la­ma­ly. Ýü­ňü­ni do­ly aras­sa­lap bo­lan­dan soň, ot­da (tam­dyr­da ýa-da ojak­da) çaw­la­ma­ly. Ot­da çaw­la­nan de­ri­ni ýy­ly suw­da bir­nä­çe ge­zek ýu­wup, aras­sa­lap, maý­da­ja bö­lek­le­re bö­lüp, duz­la­ma­ly. Duz­da bir sa­gat çe­me­si du­ran­dan soň, de­ri­ni ga­zan­da ba­tar-bat­maz suw­da gaý­nat­ma­ly. De­ri suw­da tä biş­ýän­çä gaý­na­dyl­ýar. Baş­ga bir ga­zan­da maý­da dog­ra­lan düýp so­ga­ny öl­çe­ge gö­rä sa­l­nan ýag­da, pes­se­jik ýan­ýan ot­da go­wur­ma­ly. Soň­ra dog­ra­lan kä­şi­ri sa­lyp, go­wur­myç­lap, üs­tü­ne bi­şi­ri­len gow­ka­ny we gow­ka gaý­na­dy­lan su­wy sal­ma­ly. Pes­se­jik ýan­ýan ot­da ýa­rym sa­gat çe­me­si du­ran­dan soň, aras­sa­la­nyp goý­lan tü­wi­ni üç ge­zek ýu­wup, ga­za­na sa­lyp, üs­tü­ni te­kiz­le­me­li. Tü­wi su­wu­ny çek­ýän­çä, ga­za­nyň aşa­gy­nyň odu­ny güýç­len­dir­me­li. Soň­ra ga­za­nyň ga­pa­gy­ny ýa­pyp, ody pe­selt­me­li. Biraz sa­lym ge­çen­den soň, tü­wi­ni ag­da­ryp, de­mi­ne goý­ma­ly. Gow­ka­ly pa­law şi­re­li­li­gi we ýo­kum­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com