Gyrmyzy don biçüwi

Bir kişilik gyrmyzydan boýy 2 metr 90 sm ölçegde iki parça kesip almaly-da, iki epläp, donuň gerşini bellemeli. Onsoň, donuň arka tarapyny dikligine tikmeli. Donuň ýakasynyň arka giňligi 20 sm. Donuň gerşinden bentbagyna çenli göni oýma uzynlygy 42 sm. Gyrmyzydan ini 4 sm inlilikde ýakalyk kesip, ýakalygy ýaka oýma gelşirip tikmeli. Ýakalyga bolsa donuň öň syýlarynyň çapysyny birleşdirmeli. Çapylaryň etek tarapynyň ini 7 sm, ýakalyga birigýän ujy 3 sm. Şeýlelikde, donuň boýy

1 metr 45 sm bolar.

Gyrmyzydan boýy 60 sm, omzy ikigatlygyna 30 sm, ýeňagzy ikigatlygyna 18 sm ölçegde iki sany ýeň biçmeli. Dört sany begeýiklik gyýyp biçmeli. Begeýikleriň boýy 20 sm, inli ujunyň ini 9 sm, insiz ujunyň ini 1 sm. Şekilli begeýikleriň göni tarapyny aşyra tarap saklap, inli uçlaryny gyýylan ýeňleriň goltugyna tikmeli. Şeýle şekilli begeýige sokma begeýik diýilýär. Donuň ýartmaçlaryny 22 sm bellemeli. Ölçeglere laýyklap işliklemeli, kök atmak bilen gyrmyzyny, içligi biri-birine jebislemeli. Inçe sapak bilen donuň çyzmyklaryndan syramaly. Syrym aralary 10-15 sm bolsa bolar. Onsoň, ýeňleriň omuz tarapyny sokma begeýikleri bilen aşyrysyna ýabşyrmaly. Onsoň, ýeňleriň ujundan başlap tikip, sokma begeýikleri biri-birine birleşdirip, ýartmaçlara çenli göni tikip, donuň göwresini bitewülemeli. Donuň gyrasyna gyýy tikip, gyýyny iç ýüzüne öwrüp bassyrmaly. Onsoň, jäheklemeli-de bentbagynyň ýanlaryny, ýartmaçlaryny pugtamaly. Jähegiň gyrasyna gyraýüpi ýörmemeli-de, donuň ýakasyna barmaklarda dokalyp, nagyşlanýan aldymgaçy gelşirip, sünnäläp tikmeli. (Dony tikmekde tikin parhy ölçegleri hem girizildi).

Gyrmyzy don ýigitleri salykatly, syrdam görkezýär.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com