ÝAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA V AZIÝA OÝUNLARY

Halkara bileleşiginde mynasyp baha

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Milli Liderimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary we teklipleri Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalary tarapyndan kabul edilýän örän wajyp resminamalarda berkidilýär we giňden ösdürilýär. Şeýle möhüm resminamalaryň biri-de, Türkmenistanyň 2018—2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji Geňeşine, şeýle hem 2018—2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanylmagydyr. Bu şanly wakalar türkmen döwletiniň dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen daşary syýasatynyň ykrar edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň iň wajyp düzüm birliklerine saýlanmagynyň doly kanunalaýyklykdygyny aýratyn bellemek gerek. Türkmenistanda ene-mamalarymyza, zenanlarymyza uly hormat goýlup, olaryň jemgyýetdäki mynasyp ornunyň has-da berkidilmegi babatda örän uly tagalla edilýändigi hemmämize mälimdir. Zenanlaryň durmuşda tutýan orny her bir ýurtda dürli görkezijiler bilen kesgitlenilýär. Şol görkezijileriň biri hem, zenanlaryň erkekler bilen deň hatarda mümkinçiliklerini we deňhukuklylygyny üpjün etmek bolup durýar. Bu ýörelge halkara jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilen umumadamzat hukuklarynyň goralmagyna we berjaý edilmegine esaslanýar. Bu babatdan biziň dünýäde hiç bir milletiňkä meňzemeýän özboluşly milli ýol-ýörelgämiz bardyr. Türkmen zenanlary aýratyn hormata mynasypdyr. Geçmiş taryhymyzda hem zenanlarymyzyň diňe maşgala binýadyny berkitmekde däl, eýsem, jemgyýetçilik işlerinde hem uly ornunyň bolandygyny ýatlap geçmek ýakymly. Bu asylly ýörelge hormatly Prezidentimiz hem döwletimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Türkmenistan Watanymyzda Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap, ýurduň kanunçylyk binýadynyň ösdürilmegine, onuň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Onuň 5-nji maddasynda «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwlet» diýlip, yglan edilýär. Mundan başga-da, Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda ilkinji gezek «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar» diýlip bellenilýär. Şoňa görä-de, biziň döwletimizde ýaş we köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw hem ýeňillikler berilýär.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady üstünlikleri näçe ähmiýetli bolsa, türkmen zenanynyň orny hem şonça köptaraplaýyn bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlarymyz abraýly jemgyýetçilik güýji hökmünde özlerini tanatdylar hem-de hormatly Prezidentimiziň edýän bimöçber aladalary bilen ruhlanyp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň döredijilikli ösüşine işjeň goşuldylar.

Şu nukdaýnazardan Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleri kanun taýdan düzgünleşdirmek, bu işleriň hukuk binýadyny kemala getirmek maksady bilen 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmegi boýunça döwlet kepilliklerini, ýagny gender deňligini belleýär. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015—2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasyny» tassyklady. Bu resminama ýurdumyzda erkekleriň we aýallaryň deňhukuklylyk ýörelgelerini pugtalandyryp, şol bir wagtda hem onda aýallaryň erkekler bilen deňhukuklylygyny goramagyň wezipeleriniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridigi barada bellenilýär. Resminamada bellenilýän ugurlaryň yzygiderli berjaý edilmeginiň Türkmenistan döwletimiziň aýallaryň hukuklary baradaky goşulyşan esasy halkara namalaryny, jarnamalaryny we konwensiýalaryny ýerine ýetirmekde uly goşandy bardyr.

Ýurdumyzda ilkinji zenanlar guramalarynyň hereket etmegi, zenanlarymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, döwletiň gender syýasatynyň durmuşa geçirilmegine oňaýly täsir edýär. Olar Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň geçirýän çärelerine hem-de ýurdumyzda zenanlar bilen baglanyşykly işlere işjeň gatnaşýarlar.

Jemgyýetiň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda ene mähremligine aýratyn hormat goýlup, ony mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerden ugur alynýar. Ata Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän nesli ösdürip ýetişdirmekde dilleri senaly, nurana enelerimiziň gujur-gaýratyna uly hormat goýmak bilen, sekiz we ondan hem köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly atlar dakylýar.

Hormatly Prezidentimiz hem döwletimiz tarapyndan gelin-gyzlar hakynda edilýän alada — jemgyýetiň sagdynlygynyň, onuň ahlaklylygynyň we ynsanperwerliginiň alamatydyr, bu meselä mähriban Arkadagymyzyň hut özüniň üns bilen garamagy bolsa, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli pudaklarynda gender deňliginiň öňegidişliginiň kepilidir. Öňde goýlan meseleleri doly amala aşyrmaga gönükdirilen döwletiň kadalaşdyrylan syýasaty diňe bir zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge däl, eýsem, türkmen döwletiniň hemmetaraplaýyn hem-de durnukly ösüşiniň maksatlaryna ýetmek üçin hem ýardam edýär.

Döwlet durmuşynda deňhukuklylyk ýörelgesi adalatlylygyň we demokratiýanyň esasy bolup durýar. Türkmenistanyň 2018—2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji Geňeşine, şeýle hem 2018—2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanylmagynyň özi ýaş nesliň döwrebap terbiýesine, çagalaryň saglygyna, olaryň bilim almaklaryna, çaga we ýetginjek sportunyň ösdürilmegine, döwletimizde çaganyň hukuklarynyň doly we hemmetaraplaýyn üpjün edilmegine ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, milli kanunçylykda çaganyň we zenanlaryň hukuklaryny hem kanuny bähbitlerini goramak babatynda uly işleri durmuşa geçirýär. Gahryman Prezidentimiziň türkmen halky, çagalar we zenanlar barada edýän bimöçber aladalary dünýä nusgalykdyr. Milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

 

Göwher BAÝRAMOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy,

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com