Öz atyryňy nädip saýlamaly?

Müşki-anbar ysy bilen bahar gözelligini ýada salýan atyrlar keýpiňi çaglap, ruhuňy galkyndyrýar, owadan ýaşaýşa bolan höwesiňi artdyrýar. Köp islegli döwrebap atyrlaryň watany Fransiýa hasaplanylýan hem bolsa, baryp müňlerçe ýyl mundan ozal Gadymy Müsürde hoşboý ys beriji önümleriň giňden peýdalanylandygy baradaky maglumatlar az däl. Ýöne muňa garamazdan, atyr önümçiliginiň XX asyrda has giň gerime eýe bolup başlandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda bolsa, hoşboý ysly atyrlaryň müňlerçe görnüşlerine gabat gelinýär.

Ýurdumyzyň söwda merkezlerinden we dükanlaryndan dünýäniň iň meşhur haryt nyşanlaryna degişli atyrlaryň islendik görnüşini saýlap alyp bolýar. Gep, şeýle bolçulygyň içinden göwnüňe ýaraýanyny tapaýmakda. Bu babatda bize parfýumerleriň maslahatyny diňläýmek galýar. Ýagny olar şeýle maslahat berýärler:

Atyry saýlamagyň wagty, esasan, günüň birinji ýarymy hasaplanylýar. Sebäbi şol wagt duýuş organlaryň işjeňligi ýokary bolýar. Atyr saýlanjak güni islendik parfýumeriýa önümlerinden gaça durulsa, gowy bolar. Çünki ys alyş duýgusyna jogap berýän agzalar aşa ýüklenilmese, yslary tapawutlandyrmak ýeňil düşýär.

Atyrlary öndürýän ady belli bir şereketiň önümine ýykgyn etmän, öz göwnüňize görä, özüňize ýaraýan ysy saýlamagy endik etmeli. Iň meşhur we öwgä mynasyp görülýän atyrlaryň hem her bir adama özboluşly täsir edýändigini ýatdan çykarmaly däl.

Bilermenler atyr sepilende onuň ysynyň ýaýraýyş derejesini üç hili häsiýetlendirýärler. Belli bir wagtyň dowamynda olar biri-birini çalyşýarlar. Olaryň birinjisi — başlangyç derejesi. Ol iň ýeňili bolup, yslylyk derejesi 15-20 minut dowam edýär. Muňa, esasan, çalt ýitýän efir ýaglary, ýagny gülleriň, miweleriň, sitruslaryň ýa-da ot-çöpleriň ysly garyndylary degişli bolýar. Soňra 30 minudyň dowamynda ys ýaýraýşyň ikinji derejesi, esasysy öz «işine» başlaýar. Ol parfýum sepenimizde atyryň ysynyň iň durnukly wagty hasaplanylýar, muny, köplenç, «ysyň ýüregi» diýip hem atlandyrýarlar. «Ysyň ýüregine» gezek gelende efir ýaglary hem-de himiki serişdeler özara herekete geçýär we olar uzak wagtlap ýitmeýär. 12 sagatdan soň bolsa, «ysyň ahyrky ýaýraýyş derejesi» özüniň gowşajyk ysy bilen haýal-haýaldan ýitip başlaýar. Bu derejede irdenki sepinen atyrymyzyň günüň ahyrynda egin-eşiklerimizde galan ysy göz öňünde tutulýar. Şonuň üçin dükandan atyr satyn alanyňyzda, gapagyna çalaja sepip, ysgap görüp satyn almak nädogrudyr. Beýle etseňiz, biderek pul sarp etdigiňiz bolar. Öz ysyňyzy we özüňize ýaran atyry saýlap bilmersiňiz. Onuň üçin atyry goşaryň iç tarapyna sepip, 6-8 sagat gezmeli. Eger sepinen atyryňyz şu üç derejesinde hem size ýarasa, diňe şondan soň satyn almak maslahat berilýär. Şonuň üçin saýlan atyryňyzyň synag üçin çykarylýan gutusyny alyp, biraz wagt ulanyp görüň, şonda atyryň goýulygy, durnuklylygy we size edýän täsiri belli bolýar. Käbir yslar ýeňil bolýar we uzak wagtlap saklanýar, käbirleri ýiti bolup, çalt «uçup» gidegen bolýar. Öňünden şeýle barlag edip, howlukman alsaňyz, özüňize ýaraýan atyry saýlamak ýeňil düşer.

Hünärmenler bir gezekde birnäçe yslary tapawutlandyryp bolýandygyny belleýärler. Ýöne onda-da ol dörtden artyk geçmeýär. Olaryň içinden üçüsini ýörite atyr sepilýän kagyz bölejigine, göwnüňize has ýaran aýratyn birini bolsa, goşaryň iç ýüzüne sepmeli. Spirti uçurmak üçin atyr sepilen ýeri gyssanmaç owkalamaly däl. Spirtiň özi adaty ýagdaýda bugaryp aýrylmaly. Diňe şondan soň, atyryň öz hakyky ysy belli bolýar. Atyr derä siňip, 20 minutdan soň açylyp ugraýar.

Şeýle hem, saýlawy ýeňilleşdirmek üçin özüňe gerek atyryň görnüşini, ýagny agşam ýa-da gündiz, tomus ýa-da gyş ulanmak üçin niýetlenen görnüşini öňünden takmyndan kesgitlemek gerek. Aslynda, parfýumerler parfýumy üç görnüşe bolýärler: Olaryň birinjisi — atyr. Bu hili atyrlar düzümi boýunça efir ýaglarynyň, arassa spirtiň has köp mukdaryny özünde jemleýär. Şonuň üçinem onuň ysy beýlekilere garanyňda has durnukly. Ol, esasan, 15 ml gaplarda bolup, goýulygy bilen hem tapawutlanýar. Bu görnüşiň gutujyklaram owadanja, nepisje bolýar. Parfýumyň ikinji görnüşi — gündizki atyrlar ýa-da parfýum suwy hasaplanylýar. Bu görnüşli atyrlarda ys beriji maddalar ýokardakydan pesräk bolýar. Olaryň göwrümi hem ulurak bolýar. Üçünji görnüşi — ýeňil atyrlar. Bu görnüşiň düzüminde efir ýaglary az mukdarda bolup, ysy hem ýeňil bolýar.

Parfýumerleriň bellemegine görä, atyryň ysy saçda, ysyrgalykda, bilekde, ýüň matadan bolan eşiklerde uzak wagtlap saklanýar.

Ýene bir bellemeli zat, atyrlar çygly, nemli deride uzak saklanýandyr. Onuň üçin öndürijiler şol atyryň gapdalyndan derä ideg etmek üçin ulanylýan beýleki kosmetiki önümleri hem öndürýärler. Bu ýöne bir usul bolman, eýsem, kosmetiki önümler bilen bilelikde ulanylanda netijeli bolup, ys deride uzak saklanýar.

Belli bir atyry köp wagtlap sepinmäge çalşyň. Şeýle etseňiz sizden gelýän ýakymly ysa töweregiňizdäkiler öwrenişip, köplenç, gelip-gideniňizi görmeseler-de, sizi atyryň ysyndan tanarlar.

Atyr bilen dezodoranty bile ulanjak bolsaňyz, onda olar bir şereketiň önümi bolmalydyr.

Tomus günleri gündizlerine yssy bolansoň, köplenç, dezodorant ýa-da atyr suwy ulanylýar. Atyry diňe öýländen soň sepinmek maslahat berilýär. Gyş aýlary bolsa, atyry her gün sepinseňiz hem bolar.

Atyrlaryň saklanyşyna hem ünsli bolmaly. Atyrlar Gün şöhlesi düşmeýän, salkyn ýerde saklanmaly. Wagtyň geçmegi bilen atyryň gurluşy üýtgeýär. Ýöne ol dogry saklananda, atyr 2-3 ýyl hem ysyny ýitirmeýär. Şonuň üçinem atyry salkyn, garaňky ýerde, gapagy berk ýapylan halda saklamaly. Atyryň ulanylyş möhleti geçensoň, gabyň düýbünde çökündi emele gelýär, reňki üýtgeýär.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com