TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÇAGALARY SAZLAŞYKLY TERBIÝELEMEK MESELELERI BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

AŞGABAT, 31nji maý (TDH). Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler

Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Mejlisiň Başlygynyň we komitetleriniň, şeýle hem birnäçe ministrlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň gün tertibine ýaş türkmenistanlylaryň abadançylygyna, hemmetaraplaýyn ösüşine we terbiýelenilmegine gönükdirilen ýurdumyzyň syýasy ugruny mundan beýläkde durmuşa geçirmek meseleleri girizildi.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty açmak bilen, çagalar hakynda aladanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň örän möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyzda bu meselä geljekde hem aýratyn üns berler. Biz ösüp gelýän nesliň sazlaşykly ösmegi, mynasyp derejede terbiýelenilmegi hemde ýokary hilli bilim almagy üçin toplumlaýyn çäreleri geçirýäris. Ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn, beden taýdan berk we

ruhy dünýäsi baý adamlar bo­lup ýetişmegi, başarnyklaryny hemde zehinlerini doly derejede açyp bilmegi, döredijilik we sungat, bedenterbiýe hemde sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri dörederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa eneligi we çagalygy hukuk taýdan goramak boýunça parlament tarapyndan alnyp barylýan işler barada habar berip, çaganyň hukuklarynyň berjaý edilmeginiň milli kanunçylygyň möhüm ugry bolmagynda galýandygyny hemde täze kanunlarda

öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz çagalaryň hukuklarynyň goralmagyna, kämil derejede ösmegine degişli kanunçylyk namalarynyň mundan beýläkde kämilleşdirilmeginiň ähmiýetini belläp, deputatlaryň ýerlerde alyp barýan işlerini işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Halk wekilleri ilatyň arasynda ýygyýygydan bolup, adamlaryň derwaýys meselelerini hemde zerurlyklaryny öwrenmelidirler. Milli Lideri­miz halkyň saýlan wekilleriniň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygarymyzda syýasatymyzyň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz kadakanunlarda atababalarymyzdan biziň günlerimize gelip ýeten milli edepterbiýe ýörelgelerine uly üns berilmelidigine ünsi çekdi. Mundan başgada, döwlet Baştutanymyz gadymdan gelýän däpdessurlarymyzdan ugur alyp, kanunlaryň häzirki zamanyň talabyna laýyk döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy M.Geldinyýazow çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda çagalygyň we eneligiň durmuş taýdan goraglylygyna, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, çagalaryň hemde ýetginjekleriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalarynyň birnäçesi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Häzirki wagtda komitet tarapyndan olary mundan beýläkde kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda eneligi we çagalygy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň ösdürilmeginiň, bu ugurda häzirki zaman lukmançylyk we sagaldyş merkezleriniň gurulmagyny we beýlekileri hem öz içine alýan milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň, döwletimiziň ägirt uly goldawyna eýe bolandygyny belläp, bu işleriň mundan beýläk hem dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi. Çagalaryň durmuş derejesiniň hilini ýokarlandyrmak, maşgalanyň durmuşdaky ornuny pugtalandyrmak hemde türkmen halkyna gadymyýetden mahsus bolan maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmek işleri hemişe üns merkezinde saklanmalydyr. Çagalar heniz durmuşyň ilkinji ýyllaryndan başlap, diňe bir häzirki zaman talaplaryna laýyklykda dälde, eýsem, iň gowy milli däpdessurlar esasynda hem terbiýelenilmelidir. Döwlet Baştutanymyz bu meseleleriň kanun çykaryjylyk işinde göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň başlygy,

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilýän wagyzterbiýeçilik işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň ösüşiniň häzirki zaman tapgyrynyň talaplaryna laýyklykda iri jemgyýetçilik birleşikleriniň işini kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz jemgyýetde atababalarymyz tarapyndan wesýet edilen ruhyahlak ýörelgeleri gorap saklamak, zenanlaryň ösüp gelýän nesli terbiýelemekde ornuny pugta­landyrmak, milli däpdessurlarymyzy, şol sanda zenanlarymyzyň haly dokamak, el işleri ýaly gözbaşyny gadym­dan alyp gaýdýan çeper senedini baýlaşdyrmak hemde wagyz etmek meselelerine aýratyn üns berilmeginiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz aýalgyzlaryň arasynda düşündirişwagyz işlerini geçirmegiň ze­rurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, çyn ýürekden öz Watanyny söýýän, berk bedenli, ýokary ahlak ýörelgelerine ygrarly nesli terbiýelemegiň şu günüň baş wezipesi bolup durýandygy bellenildi. Hor­matly Prezidentimiz ýerlerde Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramalarynyň işini güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň işini işjeňleşdirmek barada aýtmak bilen, bu guramanyň baş maksadynyň adamlaryň hünär, zähmet, durmuşykdysady hukuklarynyň hemde kanuny bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi.

Maslahatyň barşynda çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda ösüp gelýän nesle kämil bilim we terbiýe bermek boýunça geçirilýän işler bara­da hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda çagalaryň abadan, myna­syp durmuşyny üpjün etmek, şol sanda her bir çaganyň lukmançylyk we durmuş go­raglylygyny üpjün etmek, ösüp gelýän nesliň aňpaýhas mümkinçiliklerini doly açmak, ýaşlaryň häzirki zaman derejede bilim hemde watançylyk terbiýesini almagynyň üpjün edilmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, mundan beýläkde özgertmegiň zerurdygyna ünsi çekmek bilen, terbiýeçilik işini kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtap, bu işde öňdebaryjy usulyýetleriň, milli ýörelgeleriň we däpdessurlaryň peýdalanylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wisepremýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow ulgamyň edaralary tarapyndan enäniň we çagalaryň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini mundan beýläkde pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hasabatda iri halkara guramalar bilen, şol sanda BMGniň Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we beýlekiler bilen işjeň hemde netijeli gatnaşyklaryň oňyn häsiýete eýe bolýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň çaga lukmançylygy ulgamyny mundan beýläkde ösdürmek meselelerine ünsi çekip, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hemde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň deňiz kenarynda çagalaryň sagaldyşdynç alyş merkezleriniň döredilmeginiň, olaryň mümkinçilikleriniň körpe türkmenistanlylaryň beden we ruhy taýdan terbiýelenilmegine gönük

dirilmeginiň ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiz çagalaryň saglygyny goramagyň derejesini gowulandyrmak, keselleriň öňüni almak boýunça işleri kämilleşdirmek babatda saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz dünýäde iň öňdebaryjy gazanylanlary nazara almak bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini özgertmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, pudagyň maddyenjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň hasabyna pugtalandyrmak hemde hojalyk hasaplaşyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz şeýle hem Ahal we Lebap welaýatlarynda bu sebitleriň tebigy

bejeriş serişdelerini doly herekete getirmek bilen, häzirki zaman şypahanalaryny gurmak meselelerini içgin öwrenmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Soňra bilim ministri P.Agamyradowa söz berildi. 01 öz gözegçilik edýän edaralarynda ýaşlara bilim we terbiýe bermek, bu işlerde häzirki zaman gazanylanlarynyň peýdalanylmagy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow milli bilim ulgamyny iň öňdebaryjy usulyýetlerini hasaba alyp özgertmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipeleriniň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi. Çünki bu ulgam köp babatda ýurdumyzyň ösüşini, onuň dürli pudaklarda okgunly hereketini şertlendirýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şunda täzeçil usullar diňe bir bilim işlerini dälde, ýaş nesli terbiýelemek meselelerini hem gurşap almalydyr. Ýaş nesliň aňpaýhas hemde ruhyahlak taýdan ösüşiniň häzirki zaman konsepsiýasy hökmany suratda atababalarymyzdan gelýän iň gowy däpleriniň öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalar bilen sazlaşykly utgaşmagydyr. Bu maksatlar bi­len okuw işlerine atababalarymyzdan bize miras galan parasatly öwütün dewlergiňden ornaşdyrylmalydyr, asyrlaryň dowamynda emele gelen ahlak terbiýesi, çagalarda has irki döwürle rinden başlap, eziz Watanymyza söýgi, ululara hormat goýmak, päk ýüreklilik, zähmetsöýerlik, edermenlik ýaly ajaýyp sypatlary ösdürmek, ýaşlary ene topra gyň erkinligi we bagtyýarlygy ugrunda özjanyny pida eden gahrymanlaryň göreldesinde terbiýelemek usullary peýdalanylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny jemlemek bilen, ýygnananlary Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady. Biz geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýäris. Bu maksat bilen häzirki zaman tehniki serişdeler bilen üpjün edilen mekdepleri we çagalar baglaryny, sagaldyş merkezlerini hemde sport desgalaryny gurýarys. Şoňa göräde, biz berkarar Watanymyz bagtyýar çagalaryň islegarzuwlarynyň doly hasyl bolan mekany diýip uly buýsanç bilen aýdýarys diýip, milli Liderimiz geljekde hem döwletimiz tarapyndan bu ugurdaky işlere uly üns beriljekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş türkmenistanlylaryň ählisini tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, ata Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly, ylymlybilimli, zähmetsöýer we başarnykly adamlar bo­lup ýetişmeklerini arzuw etdi.

 

 

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com