ÝAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA V AZIÝA OÝUNLARY

BELENT MAKSATLARY NAZARLAP

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan parasatly syýasatyň netijesinde, ýurdumyz ösüşüň we parahatçylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Мilli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda durnukly ösüşiň gazanylmagyny üpjün edýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzyň ösüşini hal taýdan täze derejä çykarmakdan, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda tanalýan özygtyýarly döwletimiziň ykdysady kuwwaty, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşygy azyk bolçulygyny, asudalygy, adalatlylygy gazanmagyň, ýurdumyzyň ähli raýatlary üçin öz zähmetiniň miwelerini we durmuş eşretlerini peýdalanmagyň birmeňzeş mümkinçiliklerini döretmegiň kepili bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren ynsanperwer we durmuş adalatlylygy ýörelgelerine esaslanýan «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary halkymyzy has-da jebisleşdirip, bagtyýar durmuşyň özboluşly maksatnamasyna öwrüldi.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleriniň üstünlikli çözülmegi, ata Watanyny jany-teni bilen söýýän, ýokary ahlak ýörelgelerine, ýurduna, halkyna wepaly adamlaryň kemala getirilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji maýynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde jemgyýetimizde parahorluk we korrupsiýa ýaly ýaramaz hadysalaryň ýüze çykmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle ýaramaz ýagdaýlara biziň jemgyýetimizde orun bolmaly däldigini nygtap, oňa garşy göreşmekde döwlet edaralarynyň, şol sanda jemgyýetçilik guramalarynyň, öňünde anyk wezipeleri goýdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 31-nji maýynda geçiren iş maslahatynda döwletimiziň ösüşiniň häzirki tapgyrynyň talaplaryna laýyklykda, jemgyýetçilik guramalarynyň işini kämilleşdirmegiň zerurlygyna ünsi çekip, ýurdumyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty wagyz etmekde, halkymyzyň agzybirligini we asudalygyny saklamakda, adamlarda, aýratyn-da ýaş nesillermizde ýokary ruhy-ahlak sypatlaryny terbiýelemekde, olary öňde duran wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ruhlandyrmakda jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda iri jemgyýetçilik guramasy bolan Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň ornuny ýokarlandyrmagyň zerurlygyny belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiz jemgyýetçilik guramalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredýär.

Ýurt Baştutanymyzyň bu aladasyna jogap edip, ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň ähli derejedäki guramalary öz işlerini täzeçe guramaga çalyşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýokarda agzalan meseleler boýunça öňde goýan wezipeleri bu guramalarda giňden ara alnyp maslahatlaşyldy we şunuň bilen baglylykda geçirilmeli çäreleriň meýilnamalary işlenip düzüldi.

Şunda gelin-gyzlaryň arasynda düşündiriş-wagyz işlerini geçirmäge aýratyn üns berildi.

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, öňdengörüjilikli beýik taglymaty, amala aşyrýan parasatly syýasaty esasynda ýetilen beýik ösüşleri ilat arasynda wagyz etmekde, zähmetkeşlere zähmet hukuklary we borçlary barada giň düşünje bermekde, olaryň zähmet hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, onuň pudaklar boýunça Geňeşleri, welaýat, etrap, şäher birleşmeleri, edara-kärhanalaryň ilkinji guramalary özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Olar jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmagy, sagdyn jemgyýetde sagdyn nesilleri kemala getirmegi, maşgala mukaddesligini berkitmegi, zähmetkeşleriň we zenanlaryň durmuş-zähmet hukuklaryny goramagy, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmegi özleriniň baş wezipeleri hasaplaýarlar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň hem-de Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramalarynda hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmakda amala aşyrýan işlerini wagyz etmäge gönükdirilen işler guramaçylykly alnyp barylýar.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň alyp barýan giň möçberli işleriniň hatarynda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşyny guramak baradaky mesele hem aýratyn orun eýeleýär. Häzirki wagtda bu ugurda birnäçe işler durmuşa geçirildi. Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezi çagalaryň göwnejaý dynç almagy we wagtlaryny many-mazmunly geçirmegi üçin möwsüme doly taýýar edilip, dynç alyş möwsüminiň I tapgyry ýokary guramaçylykly tamamlandy.

Merkezlerde howany sazlaýan enjamlar toplumy, suw gyzdyrýan toplum, arassalanan agyz suw ulgamy, ýangyna garşy göreş enjamlary we habar beriş enjamlary, şeýle-de önümçilik bilen baglanyşykly beýleki enjamlar öz wagtynda möwsüme taýýarlanyldy hem-de toplumlaýyn synagdan geçirildi. Olaryň agyz suw we azyk üpjünçiligi bökdençsiz ýola goýuldy. Möwsüme taýýarlyk döwründe çagalaryň dynç alyş merkezleriniň ähli binalarynda, tomusky amfiteatrynda, suwa düşmek üçin niýetlenen kiçi we uly howuzlarda ýeňil abatlaýyş işleri geçirildi, binalaryň daşky ýodalary düýpli abatlandy. Yşyklandyryş ulgamy talabalaýyk şertlere getirildi. Merkezleriň çäginde we çagalar üçin ýaşaýyş binasynda arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugy tarapyndan zyýansyzlandyryş işleri doly geçirildi. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň haýaty doly abatlanyp, ähli heýkeller bilen bilelikde täzeden reňklendi we çagalar üçin ýörite tomusky sport meýdançasynyň türgenleşik üçin sport enjamlary gurnaldy.

Merkezleriň howlusynyň çäginden geçýän Altyýabyň gyralary we içi arassa ýagdaýda saklanylýar.

Möwsüme taýýarlyk döwründe «Daýanç» sagaldyş merkezinde hem düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Çagalar üçin täze mehaniki oýun awtomatlar hem-de otag oýunlary satyn alyndy. Merkeziň kenar ýakasynda arassalaýyş işleri geçirildi. Sagaldyş merkezinde çagalaryň möwsümleýin geýim-gejimleri we aşhana enjamlary ätiýaçlygy bilen möwsüme taýýarlanyldy. Aşhana düýpli abatlanyldy, goşmaça ätiýaçlyk enjamlar guraldy. Hyzmat edýän awtoulaglar möwsümde bökdençsiz hereket edýärler. Tomus möwsüminde dynç alyş merkezlerinde çagalaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyna ähli şertler döredildi.

2017-nji ýylyň tomus möwsüminde sagaldyş merkezine dynç almaga gelen çagalar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany, tumary, şekili ýerleşdirilen sport egin-eşikleri bilen üpjün edilýär. Munuň özi V Aziýa oýunlarynyň barha golaýlaşýandygyny alamatlandyrýar we çagalaryň V Aziýa oýunlary baradaky düşünjeleriniň has giňemegine oňyn täsir edýär.

Bulardan başga-da, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomus möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda ýörite tassyklanan meýilnama esasynda merkezara surat bäsleşigini, «Sagdyn nesil — bagtyýar durmuş» diýen at bilen dürli sport bäsleşikleri we «Gyz eli işde, döreýär ajap keşde» atly gyzjagazlaryň el işleriniň sergisi we başga-da dürli bäsleşikler hem-de medeni çäreler guralýar. Munuň özi çagalaryň wagtlaryny has şatlyky we mazmunly geçirmegine ýardam eder.

Gahryman Arkadagymyz jemgyýetde ata-babalarymyz tarapyndan wesýet edilen ruhy-ahlak ýörelgelerini gorap saklamaga, zenanlaryň ösüp gelýän nesli terbiýelemekdäki ornuny pugtalandyrmaga, milli däp-dessurlarymyzy, gyz-gelinlerimiziň el hünärlerini baýlaşdyrmaga hem-de olary giňden wagyz etmäge aýratyn üns bermelidigini belledi. Mähriban Arkadagymyz Watanyny söýýän, berk bedenli, ýokary ahlak ýörelgelerine ygrarly nesli terbiýelemegi şu günüň möhüm wezipesi hökmünde öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň işini kämilleşdirmek barada aýdyp, ildeşlerimiziň hünär, zähmet, durmuş-ykdysady hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmegiň guramanyň baş maksady bolmalydygyny belledi.

Şu wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, onuň dürli pudaklar boýunça Geňeşleriniň, welaýat, etrap, şäher birleşmeleriniň, jogapkär işgärleri edaradyr kärhanalardaky ilkinji guramalara, ýerlerde adamlar bilen duşuşyklary we wagyz-nesihat çärelerini geçirmek üçin, gulluk iş saparlaryna ugradyldy.

Şu ýerde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň we onuň işjeň agzalarynyň hem gelin-gyzlaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde, köpçülige düşündirmekde belli bir işleri alyp barýandyklaryny aýratynlykda belläp geçesimiz gelýär. Zenanlar birleşiginiň merkezi edarasy, onuň welaýatlardaky, etraplardaky we şäherlerdäki guramalary gelin-gyzlaryň arasynda halkymyzyň milli däp-dessurlaryny ösdürmek we wagyz etmek, ýaşlarda ene-mamalarymyzyň gadymdan gelýän asylly häsiýetlerini, zähmetsöýerligi, merdanalygy, enä-ata, ata Watana, maşgala ojagyna wepalylygy, aýal maşgala mahsus bolan salyhatlylyk, edeplilik, lebzihalallyk ýaly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek boýunça çäreleri geçirýärler.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, iş berijiler bilen kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň arasynda baglaşylýan köpçülikleýin şertnamalar wajyp kadalaşdyryjy resminama bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň zähmet köpçüliklerinde köpçülikleýin şertnamanyň talaplarynyň berjaý edilişi gözegçilikde saklanylýar. Munuň özi önümçilikde işleriň bökdençsiz dowam etmegine oňyn täsir edýär.

2013-nji ýylda kabul edilen «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň hukuk binýady boldy. Bu Kanun Türkmenistanda häzirki wagtda kärdeşler arkalaşyklarynyň kanunçylyk esasynyň döredilendiginiň, ýurtda kärdeşler arkalaşygy gurluşynyň hukuk binýadynyň yzygiderli ösýändiginiň we kämilleşýändiginiň kepilidir.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, onuň pudaklar boýunça Geňeşleri, welaýat, etrap, şäher birleşmeleri, edara-kärhanalaryň ýanynda döredilen ilkinji guramalary tarapyndan Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda sagdyn bedenli, päk ahlakly nesilleriň kemala gelmegine gönükdirilen uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, syýasy partiýalary hem-de degişli ministrlikler bilen bilelikde köp sanly medeni-köpçülikleýin çäreleri, okuw maslahatlary we baýramçylyk çäreleri guralýar. Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmekde mundan beýläk-de tejribämizi, ukybymyzy, bilimimizi gaýgyrman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Goý, mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!

Gurbangül BAÝRAMOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň,

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com