BELENTDE TUTULYAR ZENAN SARPASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Milli Liderimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary we teklipleri Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalary tarapyn­dan kabul edilýän örän wajyp resminamalarda berkidilýär we giňden ösdürilýär. Türkmenistanyň 2018—2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji Geňeşine, şeýle hem 2018—2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanmagy türkmen döwletiniň halkyň eşretli durmuşynyň, dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň ykrar edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanda zenanlarymyza uly hormat goýlup, olaryň jemgyýetdäki mynasyp ornunyň has-da berkidilmegi babatda örän uly tagalla edilýändigi hemmämize malim­di ir. Zenanlaryň durmuşda tutýan orny her bir ýurtda dürli görkezijiler bilen kesgitlenilýär. Şol görkezijileriň biri hem, zenanlaryň erkekler bilen deň hatarda mümkinçiliklerini we deňhukuklylygyny üpjün etmek bolup durýar. Bu ýörelge halkara jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilen umumadamzat hukuklarynyň goralmagyna we berjaý edilmegine esaslanýar.

Türkmen zenanlary aýratyn hormata mynasypdyr. Geç­miş taryhymyzda hem zenanlarymyzyň diňe bir maşgala binýadyny berkitmekde däl, eýsem, jemgyýetçilik işlerinde hem uly ornunyň bolandygy mälimdir. Ýurdumyzda zenanlar guramasynyň hereket etmegi, zenanlarymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, döwletiň gender syýasatynyň durmuşa geçirilmegine oňaýly täsir edýär. Ata Watanymyzyň bagtyýar geljegi bolan ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde enelerimiziň gujur-gaýratyna uly hormat goýmak bilen, sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly at dakylýar.

Hormatly Prezidentimiz we döwletimiz tarapyndan gelin-gyzlar hakynda edilýän alada jemgyýetiň sagdynlygynyň we ynsanperwerliginiň alamatydyr. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halky, çagalar we zenanlar barada edýän bimöçber aladalary bütin dünýä nusgalykdyr.

 

Arazgül HAJYMUHAMMEDOWA,

Esenguly etrabynyň häkiminin orunbasary,

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiğinin

«Balkan»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com