Ylymdan başlanýar binýady ýurduň

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adalatly hem ynsanperwer syýasaty netijesinde, ähli ulgamlar bilen birlikde, ylym ulgamyny ösdürmeklige hem aýratyn uly üns berilýär. Döwletimizde ylmy ösdürmek, ylmy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak babatdaky il-ýurt bähbitli işlere ýurdumyzyň zenanlary hem ylmy gözlegleri, irginsiz zähmeti bilen özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar ýurdumyzda geçirilýän döwlet we halkara derejesindäki ylmy maslahatlara işjeň gatnaşyp, ylmy neşirlerde we gündelik metbugatda, teleradioýaýlymlarda ylmyň derwaýys meseleleri boýunça yzygiderli çykyş edip, türkmen ylmynyň gazananlaryny halkymyza ýetirmekde we dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitirýärler. Ata Watanymyzda medeni hem edebi mirasymyzy, halk döredijiligimizi, nusgawy hem häzirki zaman edebiýatymyzyň gymmatlyklaryny ylmy esasda öwrenmek, ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak, eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak ýaly mukaddes borçlary üstünlikli amala aşyrýan gelin-gyzlarymyza ýurdumyzda aýratyn sarpa goýulýar. Bagtly döwrümizde türkmen zenanlarynyň ylmy we döredijilik zehinini, ukyp-başarnyklaryny, ussatlyklaryny kämilleşdirmeklige ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hormatly Prezidentimiziň bu babatdaky möhüm başlangyçlarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginden ugur alyp, şeýle hem ýurdumyzda her ýyl döwlet derejesinde bellenip geçilýän Ylymlar gününiň dabaralanmagyna mynasyp goşant goşmak, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işleri alyp barýan zenanlarymyzy höweslendirmek maksady bilen ilkinji gezek geçirilen «Görnükli alym zenan» atly bäsleşigiň jemini jemlemek dabarasy geçirildi.

«Agrosenagat toplumynda innowasion tehnologiýalar», «Ekologiýa we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça», «Energetika, ýangyç we olary tygşytlamak», «Himiki tehnologiýa we bäsleşige ukyply täze önümleri döretmek», «Gurluşyk, binagärlik we seýsmologiýa», «Lukmançylyk we derman öndürmek», «Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary», «Ykdysady we gumanitar ylymlar» diýen ugurlar boýunça «Görnükli alym zenan» atly bäsleşikde ýeňiji bolan zenanlar Hormat haty, şeýle-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.

Bäsleşikde birinji orna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň esasy ylmy işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurgözel Bäşimowa mynasyp boldy. Ol:

— Türkmenler dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir. Müňýyllyklaryň dowamyndan biziň günlerimize gelip ýeten medeni mirasymyz oturymly ekerançylygyň ösmegi netijesinde döräp, berkarar döwletimiziň ölmez-ýitmez sungatyna öwrüldi.

Sungatyň ilkinji şineleri Türkmenistanyň çäklerinde neolit-täze daş asyrlarynda (miladydan öňki VI müňýyllykda) ýa-da Jeýtun medeniýeti ady bilen dünýä belli bolan döwründe ýüze çykypdyr. Şol döwürde ilkinji küýzegärçiligiň, reňkiň oýlanyp tapylmagy bilen, diwaryň we gaplaryň ýüzüne nagyşlar we şekiller çekilip başlanypdyr. Änew medeniýeti döwründen (miladydan öňki V-IV müňýyllyklar) döräp, kämilleşip gelip ýeten «tegbent», «üzülmez», «dagdan», «gazaýak», «guşdyrnak» ýaly nagyşlar häzirki günlerimizde pajarlap ösen nagyş sungatynyň düýbüni tutujylardyr. Bu bolsa, türkmen halkynyň, biziň sungatymyzyň öz köklerini şu toprakdan, örän gadymy döwürden alyp gaýdýandygynyň subutnamasydyr.

Änew, Altyndepe, Marguş, Sumbar medeniýetleri, Nusaýyň, Şährislamyň, Misserianyň, Merwiň, Köneürgenjiň, Amulyň sungat derejesine ýetirilen gymmatlyklary Türkmenistanyň bimöçber baý sungat ýadygärlikleridir. Gymmatlyklary öwrenip, rejeläp, aýawly saklap, geljek nesle ýetirmek üçin ylmy we ylmy-sadalaşdyrylan makalalardyr kitapçalary taýýarlaýarys.

Esasy işimiziň daşyndan ýurdumyzdaky gadymy ýadygärliklerimizi rejelemeklik işlerine hem gatnaşýarys. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşýän weýran bolmak howpy abanan Aksaraýdiňini we uly binagärlik toplumy bolan Ysmamyt ata ýadygärliklerini doly dikeltmeklige ugrukdyryjy ýolbaşçy hökmünde gatnaşyldy. Ýadygärlikleri öwrenmegiň we dikeldiş işlerini geçirmekligiň taryh ylmynda, binagärçilikde, syýahatçylygy ösdürmekde, şeýle hem ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti uludyr.

Häzirki döwürde bölümde meýilleşdirilen ylmy işler bolan Türkmenistanyň ýadygärlikleriniň arheologiýa kartasyny, antik zaman ýadygärlikleriniň elektron kartasyny düzmek we Paryzdepede geçirilýän ylmy-barlag işlerini alyp barýarys.

Ylma köňül beren zenanlaryň biri-de, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Maglumatlar we aragatnaşyk tehnologiýalary barlaghanasynyň müdiri Jeren Aşyrmuhammedowa. Biz ony Ylymlar gününiň öň ýanynda «Görnükli alym zenan» atly bäsleşige gatnaşyp, ikinji orna mynasyp bolmagy bilen gutlaýarys!

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmy ösdürmegi, ylym bilen önümçiligiň arabaglanyşygyny üpjün etmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalarydyr. Bu ugurda döwlet maksatnamalaryna laýyklykda ylmy barlaglary ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Maglumatlar we aragatnaşyk tehnologiýalary barlaghanasyna hem uly orun degişlidir.

Ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin gerek bolan kompýuter programmalaryny taýýarlamak, önümçiligi awtomatlaşdyrmagyň innowasion usullaryny düýpli özleşdirmek, kompýuter matematikasynyň esasynda prossesleri modelirlemek ýaly, ylmyň inçe ugurlary boýunça ylmy-amaly işler ýerine ýetirilýär. Barlaghanada uly göwrümli maglumat binýatlary bilen işlemegiň nazary esaslaryny düýpli özleşdirmek işleri ýerine ýetirilýär.

Aslyýetinde, ylmy ösdürmek, alymlary hemmetaraplaýyn goldamak we olaryň täze neslini kemala getirmek ösüşe ymtylýan her bir döwletiň baş wezipeleriniň biridir — diýip, alym zenan buýsançly gürrüň berdi.

Hormatly Prezidentimiz milli mirasymyza, taryhymyza, medeniýetimize, sungatymyza sarpa goýmak bilen, beýik şahsyýetlerimizi öwrenmekligi, olary dünýä tanatmagy alymlaryň öňünde borç edip goýdy. Halk paýhasyny ýygnamakda zandy zehine ýugrulan zenanlarymyz halkyň arasynda bolup, nakyllary, atalar sözlerini, hüwdüleri, tapmaçalary toplap, halk köpçüligine ýetiripdirler. Ajaýyp zamanamyzda ylma, alyma döwlet derejesinde sarpa goýulmagy, olaryň sazlaşykly ösüşine giň ýol açylmagy alym zenanlara öwrenmäge, döretmäge uly mümkinçilikler berýär. Ynsanyň owaldan-ahyra gözellikleri we gözelligi döredýänleri söýýändigi, mähriban Prezidentimize bolan beýik sarpa, päkize söýgi agzybir halkymyzyň köňül kelamy, ýürek owazy bolup arşa galýar. «Gündiziň ýagtylygy üçin Günüň, gijäniň görki üçin Aýyň, topragyň sahawatlylygy üçin suwuň nähili gymmaty bar bolsa, ynsan hem-de ýurt ykbaly üçin hem ylmyň gymmaty çäksizdir. Ylym biziň ähli ösüşlerimiziň badalgasydyr, eşretli we bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşydyr» diýýän Arkadag Prezidentimiz ata-babalarymyzyň miras galdyran asylly ýörelgelerine eýerip, olaryň ruhuny galkyndyrýar.

Halkymyzda «Bir okana bar, bir dokana» diýlen dana pähim bar. Alym zenanlar hem köp okap, ýurdumyzyň ykdysady, medeni-durmuş derejesiniň ösmegine uly goşantlaryny goşmak, täze innowasion tehnologiýalary durmuşymyza giňden ornaşdyrmak üçin ylmy açyşlary edýärler. Bu bolsa türkmen halkynyň bagtyýarlyk döwrüniň has-da giňemegine ýardam edýär. Biz hem «Görnükli alym zenan» diýen buýsançly ada eýe bolan zenanlaryň ählisine işlerinde üstünlik arzuw edýäris. Goý, döwletli öý-ojaklaryň bezegi bolan zenanlarymyzyň görjegi diňe gowulyk bolsun!

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com