Bagtyýar il toý tutdy «Täze zamanda»

Her bir ata-ene üçin ogul-gyzyny öýerip-çykaryp, perzentleriniň toýly günlerini görüp ýaşamakdan uly bagt ýok bolsa gerek. Paýtagtymyzyň fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi hassahanasynyň kiçi şepagat uýasy Amanbibi Hudaýgulyýewa-da bagtly eneleriň biri. Bagtyýar enäniň ortanjy perzendi Resul ýakynda täze jaý toýuny tutdy. «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyryndan ýaşaýyş jaý nesibeli bu döwletli ojakda hem ol gün toý saçagy uludan ýazyldy.

— Gelin jan, saçaga goýulmaly ähli tagamlary taýýarlaýdyk öýdýän. Unaşy-da kesip, ataýmaly edip goýdum. Sen saçagyňy bezäber. Men bolsam, agtyklarymy alyp, açylyş dabaralaryna tomaşa etmäge gitjek. Mähriban Arkadagymyzyň hut özi gelip, ak pata berýär — diýip, Amanbibi gelneje agtyklary Ýunusdyr Çynaryň elinden tutup, täze şäherçäniň girelgesine tarap ugrady. Bu ýerde toý dabarasy ir säherden başlandy. «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyryna tarap barýan uly ýoluň ugrunda gür sazakly meýdana dikilen ak öýleriň hatary uzap, olaryň her biriniň öňünde milli däp-dessurlarymyz giňden ýaýbaňlandyryldy. Gyz-gelinleriň bir topary «ümä» üýşüp, çeper el işlerini etseler, bir topary haly dokap, keçe basýardy, tarada keteni dokaýardy. Ho-ol beýleräkde ýaş gelniň: «Hörele maýam, hörele» diýip, düýe sagýan sesi eşidilýärdi. Çagalar aşyk oýnasalar, ýaş nesil ýaglyga towsup, ýüp çekýärdi. Göreş tutýan pälwanlaryň daşyna üýşen mähelläniň şowhunly sesleri al-asmana göterilýärdi. Sungat ussatlarynyň taýýarlan «Aziada» sazly kompozisiýasy, «Atgulak asmak», «Halat geçdi», «Akgoýun toýy», «Diş we galpak toýy», «Guşak çözdi» ýaly gyzykly sahnalary toý dabaralarynyň joşgunyny has-da artdyrýardy. Bu ajaýyp görnüşleri ak kagyzyň ýüzünde ussatlyk bilen janlandyrýan ýaş suratçylar hem dabara gatnaşyjylaryň hiç birini biparh goýmady.

Ynha-da, mähriban Arkadagymyzyň golaýlaýandygy baradaky hoş habar dilden dile geçdi. Aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanyp, dabaraly tanslar ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Çagajyklaryň şadyýan sesleri töweregi gurşap aldy. Mähriban Arkadagymyzyň toý bagyny kesmegi bilen paýtagtymyzyň Ruhabat etrabynyň çäginde ýene-de bir döwrebap şäherçe açylyp, bagtyýar maşgalalaryň onlarçasy täze jaý toýlaryny tutdy. Täze tapgyrda bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 320-si, iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 64-si bilen birlikde, 600 orunlyk orta mekdep, çagalar bagy, Saglyk öýi, azyk harytlary dükany açylyp, ulanylmaga berildi.

Bu dabaralara höwes bilen syn eden ene: «Myhmanlar gelen bolaýmasyn» diýen alada bilen, agtyklaryny alyp, öýe tarap ýöräp ugrady. Ol Günbatara uzaýan köçeleriň iki tarapyndaky bir we iki gatly jaýlary synlap barşyna, köçeleriň atlandyrylyşy bilen gyzyklandy. Owadandepe, Keramat, Ebedilik, Şanly... Biri-birinden owadan eşidilýän atlaryň zamanabaplygyna göwnühoş bolan ene öýe nähili ýetenini-de duýmady. Bu pursat gelni Maral täze jaýy gutlamaga gelen dogan-garyndaşlaryna aldygyna hyzmat edýärdi...

— Ähli amatlyklary bolan giň jaýlaryň belli gadyry ýok. Özüm-ä, on bir doganyň biri bolup, köp çagaly maşgalada önüp-ösemsoň, özbaşdak öýli bolmagy çagalygymdan arzuw ederdim. Gelin bolup düşen ýerimem on çagaly maşgala. Menem olaryň iň uly oglunyň gelni. Onsoň, bize birbada aýry hojalyk bolup ýaşamak, onda-da özbaşdak jaýly bolmak nesip etmedi. Ýöne, näme, türkmen aga sabyrly-da. Gaýynlarym bilen agzybirlikde ýaşap, ýüwürjilerimiň iki-üçüsi öýlenensoň, hojalygymyzy aýyrdyk. Özbaşdak öýli bolup, 2 ogul, 1 gyzy terbiýeläp ýetişdirdik. 5 sany agtykly bolduk. Basym, altynjy agtyga garaşýarys. Bu gün çagalaryma täze jaý toýuny toýlamak nesip etdi. Oglum Resul demir ussasy, gelnim Maral «Miras» teleýaýlymynyň operatory bolup işleýär. Olaryň giň howluly, dört otagly şaraňlap duran jaýynda ýaşamak üçin ähli amatlyklar bar. Aşhana otagy doly abzallaşdyrylan. Ekin ekmek, mal saklamak, ulag goýmak üçin hem ýerler göz öňünde tutulan.

Ýene-de bir begençli tarapy, uly köçäniň aňry ýüzünde çagalar bagy ýerleşýär. Onuň aňry ýanynda hem azyk harytlary dükany. Orta mekdepdir Saglyk öýi-de o diýen daşda däl. Bagtyýar ýaşamak üçin döredilen bu ýeňillikleriň ählisi mähriban Arkadagymyzyň yzygiderli aladalary bilendir. Milli Liderimiz täze şäherçede döredilen seýilgähiň ilkinji agaç nahalyny hem oturtdy. Ol ýerde oturdylan gök arçalar boý alyp, şäherçäniň görküni has-da artdyrar. Türkmen halkyna ajap eýýamy bagyş edip, döwletli döwrana ýetiren, «Täze zaman» ýaly döwrebap şäherçäni gurduryp, çagalarymyzy, agtyklarymyzy begendiren mähriban Arkadagymyza ene ýüregimden alkyş aýdýaryn. Milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! — diýip, bagtyýar ene Amanbibi Hudaýgulyýewa gürrüň berýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2014—2016-njy ýyllarda Ruhabat etrabyndaky «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň birinji, ikinji we üçünji tapgyrlarynyň açylyşy bolupdy. Nobatdaky tapgyr olaryň üstüni ýetirdi. Resuldyr Maral Hudaýgulyýewler ýaly, täze jaýdan bagt paýy bolan başga-da ýaş maşgalalaryň hatarynda Mähribandyr Saparmyrat Nurýagdyýewler, Gülşirindir Sadyk Sapargeldiýewler hem bar.

Biz Sadyk Sapargeldiýewiň döwletli ojagynda bolup, bagtyýar maşgalanyň söýesi Dünýägözel eje bilen hem söhbetdeş bolduk. Toý düwünçeklerini taýýarlap oturan ýerinden:

— Size-de nesip etsin, balam! Täze jaýdan boş gitmäň — diýip, toýa gelenleri sowgatly ugradýan ene:

— Halkymyzyň gowulyga ýugrulan ajaýyp däp-dessurlary bar. Gelin, jaý, bäbek toýlarynda: «Size-de ýoksun!» diýlip, toýa gelenlere «toýdan topukça» paýlanýar. Durmuşymyzy bezeýänem, oňa many-mazmun berýänem şol toýlar. Ynha, görýäňizmi, bu gün näçe maşgalada şatlyk, gülki bar. Olar täze jaýlarda täze durmuşa gadam basýarlar. Menem 4 ogul, 5 gyzy terbiýeläp ýetişdirdim. Körpe oglum Sadyk jana 2 gatly, 5 otagly jaý berdiler. Bu döwrebap jaýda gelni Gülşirin bilen agzybir ýaşap, agtyklarym Selbidir Züleýhanyň, Selimdir Näzliniň bagt toýlaryny tutmak nesip etsin! Şu bagtyýarlyklary görüp, duýup, neneň döwrümize guwanmajak, mähriban Arkadagymyzy alkyşlamajak?! Hormatly Prezidentimiz, bize ertekilerdäki ýaly ajaýyp durmuşy bagyş etdi — diýip, buýsançly aýdýar.

«Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň toý şagalaňy gijagşama çenli dowam etdi. Biri-birlerini jaý toýlary bilen gutlaýan ýaşaýjylaryň her biriniň dilinde mähriban Arkadagymyza çäksiz alkyşlar ýaňlandy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com