Bagt köprüsi

Bagt köprüsi

 

Ata-babalarymyzyň ajaýyp aýtgysy bar. Täze gurlan ýoldan ýa-da köprüden ilkinji gezek ýagşy arzuw-umytlar bilen geçen adamyň arzuw-dilegleri kabul bolarmyş. Şeýle ýörgünli ýörelgä eýerilip, ýurdumyzda gurulýan islendik binalar açylanda ýa-da ak nurly ýollardan geçilende ýagşy dilegler etmek indi bizde adata öwrüldi. Täze jaý, täze maşyn, täze edara binalary, söwda dükanlary we başga-da sanap otursaň sogaby kän zatlar indi Türkmenistan ýurdumyzda günde-günaşa halkyň hyzmatyna berilýän durmuş maksatly möhüm işleriň sanawyna girýär. Ine, şol gün bahar paslynyň ajaýyp günleriniň birinde Lebap topragynda ýene-de taryhy wakanyň şaýady bolduk. Lebap welaýatynyň Hojambaz etraby bilen Halaç etrabyny birleşdirýän Amyderýanyň üstünden gurlan täze awtomobil panton köprüsiniň gurnama işleri tamamlanyp, halkyň ygtyýaryna berildi.

Aslynda, türkmen halky bir işiň başyny tutanda onuň kemini goýman bitirýän halk. Ynha, täze gurlan köpriniň daş-töweregi toý mähellesi bilen gurşalan. Derýanyň kenaryna göýä, bir türkmen obasy göçüp gelene meňzeş. Ähli ýerlerden eşidilýän aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanyp, adamlaryň öňki şatlygyna ýene-de ruhy şatlyk çaýylýar. Biz daş-töwerekden bu taryhy wakanyň şaýady bolup, synçylyk nazary bilen ýerli halkyň göwün şatlygyna goşulyp, olar bilen bile uzynlygy 1000 metre golaý köpriniň üstünden bir kenardan beýleki kenara edilen ýörişe goşuldyk. Daş-töwerekden eşidilýän ýerli halkyň ýürek joşgunyndan çen tutsaň, olaryň mähriban Arkadagymyza bolan alkyşlary egsilerli däl.

Ak ýollaryň, gara ýollaryň, köprüleriň bitirýän hyzmatynyň wajypdygyny bilýändirisem welin, haçan-da şol gurlan zatlaryň gözli şaýady bolanymyzda, onuň gurluşygyna gatnaşan raýatlar bilen söhbetdeş bolanymyzda, muňa ýene-de bir gezek doly göz ýetirýäris. Ýollary, köprüleri gurmak ýeňil iş däl. Esasan hem, towlanyp akyp ýatan suwuň üstünden köpri gurmak çylşyrymly zähmeti talap edýär. Bu agyr işleriň hötdesinden gelnip, şu wagta çenli Lebap topragynda alty sany köpri ulanyşa berildi. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen bitirilen bahasyna ýetip bolmajak işler türkmen halkynyň geljegine nur çaýýar. Bu sogaply işleriň, ýagny köprüleriň durmuş babatynda däl, eýsem, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde möhüm orny eýeleýändigini aýtmak ýerliklidir. Halk bir hazyna. Olaryň gürrüňlerinden çen tutsaň, şu wagta çenli gören kynçylyklary barada berýän söhbetleri ýüzlerçe menzilleri söküp, ýetjek ýeriňe wagt ýitirip barmak ýaly kynçylyklaryň indi aradan aýrylandygyny buýsanç bilen ýatlaýan Halaç etrabynyň ýaşaýjysy Ogulsapar Çaryýewa tolgunmak bilen gürrüň berdi.

— Halaç etrabyndan Türkmenabat şäherine gitmek üçin niçeme menzil ýol geçmeli bolýardy. Köpriniň gurulmagy diňe bir kösençlikleri aradan aýyrman, derýanyň ol kenarynda ýaşaýan dogan-garyndaşlar, dost-ýarlaryň bilen gatnaşyklaryň ýakynlaşmagyna itergi berdi. Türkmeniň öýi tüweleme, elmydama toýly-baýramly. Toý-tomaşany iliň-günüň bilen abraýly sowmak türkmeniň öňden gelýän ýörelgelerine girýär. Biziň dogan-garyndaşlarymyz toý edip çakylyk iberse, Amyderýanyň beýleki kenaryndan birnäçe menzil ýol söküp gelmek ýaşulular üçin kynrak bolýardy. Garaz, haýsy kynçylyklary aýtsaň, aýdyp oturmaly. Kyn işleriň bitmesi ýeňilleşdi, daş ýollar ýakyn boldy. Ýurdumyzda gurulýan köprüler asyrlarboýy adamzada hyzmat eder. Galyberse-de, halkymyz bu işi mukaddes saýýar, ony iň sogap işleriň biri hasaplaýar. Adamlaryň asyrlap eden arzuwlarynyň hasyl bolmagyna mümkinçilik açan hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutumly işleri rowaç alsyn. Ýurdumyzda alnyp barylýan işler, adam hakdaky aladanyň ör-boýuna galan döwri — hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň amala aşýan döwrüni hiç bir döwür bilen deňeşdirer ýaly däl.

Taryhda Amulyň üstünden Gadymy Ýüpek ýolunyň geçmegi, bu günki gün bolsa, Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň açylyp, ulanylmaga berilmegi dostlukly goňşy halklar üçin-de, ýurdumyz üçin-de bahasyna ýetip bolmajak uly işleriň biridir. 2009—2016-njy ýyllar aralygynda Amyderýanyň üstünden çekilen Amyderýa—Kerkiçi awtomobil we demir ýol köprüleriniň, Seýdi—Eljik awtomobil köprüsiniň, Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň Atamyrat—Ymamnazar—Akina böleginiň ulanylmaga berilmegi Lebap topragynyň ýaşaýjylarynyň durmuşyna ýatdan çykmajak pursatlary müdimilik ýazypdy. Ulag geçelgesiniň gurulmagy netijesinde geljekde özara söwda harytlarynyň, üstaşyr geçýän ýükleriň artmagyna hem-de goňşy döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň berkemegine öz täsirini ýetirýär.

* * *

Gojaman Jeýhunyň bol suwly kenaryny birleşdirýän täze desga uzaklardan hem göze gelüwli görünýär, tebigatyň ajaýyp keşbi bilen utgaşýar. Ýaýylyp ýatan ekin meýdanlary Günüň şöhlesine ajaýyp görnüş eçilýär. Türkmen tebigaty şeýle bir gözel, ondan ganmak mümkin däl. Her ýeriň öz tebigat gözelligi ynsanda ýatdan çykmajak pursatlary oýarýar. Hormatly okyjy, esasy temadan daşlaşýar diýme. «Ähli gözelligiň gözbaşy tebigatdan gaýdýar» diýýärler. Ynha, Lebabyň ekinzarlyklary. Bir tarapyň ýaňy garyş sere bolan gowaça, bir tarapyň ygşyldap oturan türkmeniň rysgal-berekedi bolan sarymaňyz bugdaýlygy. Hol, aňyrda bolsa, miweli agaçlaryň aňyrsyna göz ýetmeýän tokaýlygy. Topragyň ýekeje garyş ýeri hem boş däl. Ähli ýerde adam eliniň yzy, yhlasly zähmetiň topraga siňdirilen netijesi mese-mälim bildirip dur. Bu gözelliklere seretdigiňçe seredesiň gelýär, gözel göwnüň göterilýär. Ak ýaglyk daňnan türkmen gözeli gowaça meýdanyna görk eçilýär, ol bu meýdany öz zähmeti bilen bezeýär. Topraga eçilen yhlasyň müň esse bolup yzyna gaýdyp gelýändigini daýhançylyk bilen meşgullanýan adamlar nygtaýarlar.

Tebigat keremli ýurdumyza gözelligi, şonuň bilen bir hatarda, tebigy gorlara baý bolan ajaýyp ýerleri peşgeş edipdir. Bu ýerleriň hakyky eýesi bolup, özleşdirmek, gurmak, döretmek ýaly asylly işler bilen meşgullanmak bolsa, ýene-de halkymyza bagly bolup durýar. Amyderýanyň bol suwy lebaplylar üçin bal suwy bolup hyzmat edýär. Suw bar ýerinde gögeriş bar, ýaşaýyş bar, gözellik bar. Zähmete sarpa goýýan adamlara bolan garaýşyň, olara bolan söýgiň seni pikirler ummanyna sary alyp gidýär. Zähmet adamsy, onuň çekýän zähmeti, şol zähmetiň bereketli miweleriniň netijesinde hasyl bolýar. Ýurdumyzda zähmet joşýar. Halallygyň saýasynda edilýän işler rysgal-bereket eçilýär. Goý, saçaklarymyzyň berekedi egsilmesin! Ýurdumyz mähriban Arkadagymyzyň saýasynda ösüşlere beslensin!

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com