Çaga — göwnüň çagy, öýüň çyragy

Dünýäni ýagtyldýan, ýyladýan — asmandaky Güneş. Ynsanyň göwnüni, öýüni, ömrüni, içki dünýäsini çaglandyrýan, ýakym çaýýan, çyrag bolsa — çaga. Şonuň üçin halkymyz «Çagaly öý bazar...», «Bal süýji, baldan-da bala» diýipdirler. Çaga — öýümiziň Güneşi. Çaga — ynsan ömrüniň manysy. Onuň dünýämizde peýda bolmagy bilen ömrümize many çaýylýar, dowamatymyz-dowam bolýar.

Çaganyň dünýä inmegi bilen onuň ene-atasynyň il içinde ýene bir ady köpelýär. Olaryň ady hormat bilen «Pylanyň ejesi», «Pylanyň kakasy», «Pylanyň enesi», «Pylanyň atasy» diýlip tutulyp ugraýar. Bu — halkymyzda ajaýyp hem ýakymly däp. Nusgawy edebiýatymyzda muňa künýe (adamlaryň çagasy bilen baglanyşykly atlary) diýlip atlandyrylýar. Saňa künýe bagyşlan, saňa dünýe bagyşlan çaga — seniň bagtyňdyr.

«Gorkut ata» şadessanyndan bilşimiz ýaly, pederlerimizde adamyň çagasyna laýyk hormaty bolupdyr. Ogly baryň ak öýde, gyzy baryň gyzyl öýde, perzendi ýoguň gara öýde orny bolupdyr. Diýmek, halkymyzda perzent — seniň buýsanjyňy, abraý-mertebäňi kesgitleýär diýen düşünje bar eken. Bu aýdanlarymyz diňe çaganyň dünýämizde peýda bolmagy bilen getirýän bagty hakynda. Entek çagamyzyň il içine çykyp, ile-güne gatylyp-garylyp gidenden soň getirýän bagty has datlydyr. Onuň ynsan ömrüniň dowamynda mekdepden bäşlik alyp gelmegi, ýokary okuw mekdebinde talyp bolmagy, Watan öňündäki gulluk borjuny birkemsiz berjaý edip gelmegi, öýe halal zähmeti bilen gazanç getirmegi, öýli-işikli bolup gitmegi, köpelip-örňemegi... ýaly bagtyýarlyk eçilýän sansyz pursatlary bagyşlamagy, ömrüň bagt çyragynyň ýalpyldap durandygyny alamatlandyrýandyr. Ynsan üçin öz perzendiniň ile-güne goşulyp, Watana-ýurda gerekli, ilhalar adam, iliniň guwanjy bolup ýetişendigini görmek arzyly bagt belentligidir.

Perzent adamyň iň uly baýlygy, goralmaly iň esasy hazynasy. Bu barada halk arasynda şeýle rowaýat aýdylýar.

 Bir gelin ýurtda sylagly dana babanyň ýanyna baryp:

 — Bu şäherde menden garyp adam ýok! Maňa kömek ediň?! — diýipdir.

Goja gelniň gujagyndaky bäbejigiň alma ýaly ýaňaklaryndan ogşap:

 — Diýmek, garyplykdan zeýrenýärsiň-dä! Eger saňa kömek etmegimi isleýän bolsaň, çagaň birje barmagyny satmaly bolarsyň — diýýär.

Gelin ilki gojanyň akyly çaşandyr öýdüpdir. Soňra-da, «oýun edendir-le» — diýip, pikir edipdir. Emma gojanyň gara çynymyşyn. Ol gelniň öňüne bir halta altyn süýşürip:

— Aýajygynyň barmaklaryndan biri bolsa-da, men razy! Hekimlikden başym çykýar, çaga ezýet bermezden alaryn — diýipdir.

Gelin, tutuş durky bilen galpyldap durka, ýagşyzada:

— Diňe dyrnajygyny sogrup alsam-da bolýar. Gorkma, wagty geler, ýerine täzesi çykar — diýipdir.

Gelin iniňi tikenekledýän bu teklipleri eşitmäge mundan artyk çydam edip bilmändir. Gapyny şarkyldadyp ýapyp, çykyp barýarka, goja:

 — Gyzym, hany aýak çek. «Men garyp» diýip nalaýarsyň, emma men saňa, nähili uly baýlyga eýedigiňi görkezmek isledim. Görýäňmi, gujagyňdaky hazynanyň ýekeje dyrnagyny bir halta altyna çalyşmadyň. Sen dünýäniň iň uly baýlygyna eýesiň, gyzym. Munuň üçin nalamagyň ýerine şükür etmegiň gerek — diýipdir. Rowaýatdan göz ýetirişimiz ýaly, çaga diňe bir öz ene-atasynyň däl, eýsem, il-ýurdunyň, jemgyýetiň hem esasy baýlygydyr. Çalşyp bolmajak ezizligi, gymmatlygydyr. Şol baýlygyň ygtybarly goraglylygy möhümdir.

Çaga — dünýämiziň, durmuşymyzyň bezegi. Çaga — biziň Güneşimiz, gülşenimiz. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeler, gazanylýan ähli ösüşler, üstünlikler nesillerimiziň ýagty geljeginiň hatyrasynadyr. Milli Liderimiziň tagallalary bilen gurdurylýan ähli amatlyklary bolan döwrebap çagalar baglary, ylmyň iň täze gazananlary hem-de öňdebaryjy, interaktiw-multimediýa we kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilen umumybilim berýän orta mekdepleri göreniňde ertirki günümiziň bagtyýarlyk bossanlygynda mekan tutandygyna bolan ynamyň has-da berkeýär.

Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy bilen birlikde tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde häzirki zaman çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde döwrebap dynç almaklary, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin hem ähli şertler döredilýär. «Awazada», «Gökdere» jülgesinde gurlan sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň müňlerçesi wagtlaryny şatlykly we täsirli geçirýärler.

Zehinli çagalary ýüze çykarmak, olary döredijilige ruhlandyrmak maksady bilen her ýylda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil» atly bäsleşikler ýokary derejede, guramaçylykly geçirilýär.

Bu günki gün mekdep okuwçylarymyz döwlet bäsleşiklerinde hem, halkara bäsleşiklerinde hem üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýynyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gowulandyrylmagy size — ylymly, bilimli, ukyply ýaşlara baglydyr. Özüňize bildirilýän ynamy ödemek mukaddes borjuňyz bolmalydyr» — diýýän sözlerinden ruhlanyp, ýeňiş belentliklerine ymtylýarlar.

2014-nji ýyldan bäri paýtagtymyzda saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy hereket edýär. Onda beden taýdan mümkinçiligi çäkli çagalar dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalardan peýdalanyp okap, bilim alýarlar we saglyklaryny berkidýärler.

Akyldaryň: «Çagalarymyz biziň garrylygymyzdyr. Dogry terbiýe biziň bagtly gojalygymyz, ýaramaz terbiýe bolsa geljekki hasratymyzdyr» diýşi ýaly, çagalar biziň ertirki günümizi kesgitleýändirler. Olaryň edep-terbiýeli bolup ýetişmegine her birimiz borçludyrys. Çaganyň ilkinji terbiýeçisi ata-enesi, soňra daşyny gurşap alýan jemgyýet, ondan soň bolsa kitaplardygyny unutmaly däldiris. Danalar hem: «Çagalaryňyza gowy kitaplary okamagy öwrediň. Galan zatlaryň ählisini durmuşyň özi öwreder!» diýip, wesýet edipdirler.

Günleriň bir güni kakasy, ogly hem gyzy üç bolup gezelençden gaýdyp gelýär ekenler. Ýolda oglanjyk ýadap, kakasyna göter diýip azar berip başlapdyr. Şonda kakasy oňa bir agyz hem söz aýtman, bir çybyk tapypdyr-da, ogluna uzadyp:

— Al oglum, bu at seniňki bolsun! — diýipdir.

Çagajyk çybyk ata atlanypdyr-da, öýe bakan çapyp gidipdir. Onuň yzyndan ýylgyryp galan kakasy:

— Ine, durmuş şudur, gyzym. Käwagt özüňi beden hem ruhy taýdan ýadaw duýýan mahallaryň bolýar. Şonda özüňe bir çybyk at tap-da, ruhubelentlik bilen ýoluňy dowam et. Bu at ýa bir dost, ýa bir aýdym-saz, ýa bir goşgy, ýa bir güljagaz, ýa bir çagajygyň ýylgyryşy bolup biler. Daş-töwerege syn edip, şol aty agtarýan her kim ony tapyp biler. Şuny berk belle, gyzym. Durmuş ýoluny näçe hupbatly hasapladygyň saýyn, durmuş has hem kynlaşar — diýipdir.

Nesip bolsa, altyn güýzüň başynda paýtagtymyz yklymyň iň iri sport ýaryşyny — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul eder. Bu ajaýyp sport baýramçylygyna ýurdumyzyň ýaş nesilleri-de esasy janköýerler bolup sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olaryň arasynda ýaş meýletinçileriň bardygyny hem bellemelidiris.

Halkymyzyň, bagtyýar çagajyklarymyzyň eşretli durmuşynyň dowamatyny-dowamata öwürýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com