«Maksadym — Aziada — 2017-de ýeňiş gazanmak»

Käte haýsydyr bir zerur maglumaty anyklamak üçin taryhyň gatlaryna salgylanmaly bolýarsyň. Sahypasy saralyp giden kitaplaryň gatlarynda geçmiş, beýik gülläp ösüşler baradaky ençeme maglumatlara nazaryň kaklyşýar. Merdana pederlerimiziň dünýä dolan at-owazasy barada gürrüň berýän kitaplaryň sahypalarynda türkmen zenanynyň mertligine, merdemligine ägirt döredijilik ukybynyň bolanlygyna şaýatlyk edýän taryhy maglumatlar bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Geçmiş bilen şu günüň özboluşly hakyda ýumagyny çöşleýän şol hakykatlar türkmen zenanynyň tebigy dogumy, wepalylygy, mertligi barada söhbet etmäge itergi berýär. Zenanlarymyzyň öz ukybyny, aýratyn başarjaňlygyny sportuň dürli görnüşleriniň üsti bilen açyp görkezmekleri bolsa aýratyn guwandyryjy hadysadyr. Şonuň üçinem bu gün dünýä ýurtlarynda bolşy ýaly, biziň türkmen sportumyzyň ösmeginde zenan türgenlerimiziň hyzmatynyň bolmagy, olaryň uly ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanmaklary ýaly ähmiýetli wakalary ýurdumyzyň taryhynyň sahypalaryna ýazýar.

Bagtyýar günleriň bizi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek günlerine barha we barha golaýlaşdyrmagy ähli türkmen türgenlerini uly wezipelere borçlandyrýar. Şol türgenleriň arasynda zenanlarymyzyň hem bolmagy aýratyn buýsandyrýar. Dogrudan-da, häzirki döwürde zenanlaryň sport hereketlerine işjeň goşulmagy, ýurdumyzyň sportdaky abraýynyň dünýä ýüzünde has-da rowaçlanmagyna uly goşant goşmaklary, olaryň Aziada — 2017-de ýokary netijeleri gazanjaklaryna bolan ynamy artdyrýar. Biz hem žurnalyň şu sanynda tennis sporty boýunça Milli ýygyndy toparymyzyň agzasy, Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony, Magtymguly adyndaky TDU-nyň daşary ýurt dilleri we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Güljan Muhammetgulyýewa bilen Aziada — 2017-ä taýýarlyk görşi, gazanan üstünlikleri, öňünde goýan maksatlary dogrusynda taýýarlan söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirýäris.

 

— Güljan, söhbetdeşligimiziň başynda sportuň öz durmuşyňyzda tutýan orny, sport älemine gelşiňiz dogrusynda aýdyp beräýseňiz...

— Ýaşlykdan pianino çalmagy höwes edýärdim. Saza bolan söýgi mende ýaşlykdan döredi, emma kakamyň täsiri, maslahaty bilen bu söýginiň sporta gönükmegi meniň durmuşymda täze bir öwrüm boldy. Çagalykdan, ýagny dokuz ýaşymdan tennis sportuna gyzykmagym, tennis klubyna ýazylyp, yzygiderli türgenleşiklere gatnap başlamagym, tälimçim Uma Hümmedowanyň meniň üçin edýän yhlasy öz miwesini berip başlady. Her günki türgenleşik üstünlige tarap ädilen bir ädim bolup, ýeňşe bolan ymtylyşymy has-da ýokarlandyrýar.

— Sporta bolan höwesiňizi artdyrmakda sport oýunlarynyň, geçirilýän ýaryşlaryň ähmiýeti dogrusynda aýdaýsaňyz?

— Sport ýaýlymlaryna tomaşa etmegim, tennis boýunça ýaryşlar görkezilende janköýerlik etmegim özümiň hem şeýle abraýly ýaryşlara gatnaşmagyma höwes döretdi. Ylaýta-da, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmen sporty» teleýaýlymynyň açylmagy, diňe bir öz sport ösüşlerimiz, ýaryşlarymyz däl, dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlara göni ýaýlymda tomaşa etmäge mümkinçilik döretdi. Bu bolsa meni sporta hyjuwlandyran zatlaryň biridir.

— Paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyňyz barada aýdaýsaňyz?

— Türgen islendik ýaryşa, hatda kiçi göwrümli ýaryşlara-da ýokary derejede taýýarlyk görmeli. Ýöne gün-günden ýakynlaýan Aziada—2017 türgenleriň öňünde aýratyn jogapkärçiligi goýýar. Milli düzüme mynasyp hasaplanmak, ol ynamy ödemek jogapkärli wezipe. Çünki bu ýaryş ata Watanymyzda geçýär, hormatly Prezidentimiziň bize döredip berýän şu ajaýyp şertlerinde bu ýaryşda şowsuz çykyş etmegi göz öňüne getirip-de bolmaýar. Şol esasda hem biz häzir milli ýygyndymyz bilen dünýäniň ösen tejribesine esaslanyp, yzygiderli türgenleşikleri geçirýäris. Ýaryşda çykyş etjek türgenleri taýýarlamak we milli düzüme täze türgenleri girizmek maksady bilen, ýakynda paýtagtymyzda geçirilen ýurdumyzyň açyk çempionaty hem bu ugurda tejribämizi artdyrmakda uly itergi boldy. Aslynda, men islendik ýaryşa taýýarlyk görenimde diňe ýeňiş gazanmagy maksat edinýärin. Bu ýaryşa gatnaşmak, aýratynam, bu ýaryşda ýokary netije görkezip, halkyň söýgüsini gazanmak üçin göreşmek maňa berlen uly mümkinçilik. Aziadanyň öz Watanymyzda geçirilmegi, bizi bu ýaryşyň ýeňijileri hökmünde göz öňüne getirýän halkymyzyň çäksiz ynamyny ödemek üçin geçirýän ýokary derejedäki türgenleşiklerimiz başarnyklarymyzy artdyrmakda esasy öndümli, netijeli taýýarlyklardyr.

— Güljan, biz siziň dünýä ýurtlarynyň birnäçesinde ýaşyl Tugumyzy belentde parladyp, abraýly bäsleşiklerde ýeňiji bolanyňyzdan habarly. Alys ýurtda ýeňiji bolmagyň buýsanjy başgaça bolsa gerek?

— Söz bilen beýan edip bolmajak duýgular bolýar. Şol duýgularyň öz başymdan birnäçe gezek geçendigini aýdasym gelýär. Ol buýsançly duýgular meni täze-täze ýeňişlere iterýär. Her gezek ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň adyndan daşary ýurtlarda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşanymda özüme edilýän ynamy ödemäge çalyşýaryn. Ýurdumyzyň ýaşyl Baýdagyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň tuglarynyň arasynda belende götermegi öz borjum hasaplaýaryn. Häzirki wagta çenli köp ýurtlarda sportuň tennis görnüşi boýunça geçirilen bäsleşiklere gatnaşdym. Baýrakly orunlara mynasyp boldum. 2009-njy ýylda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde ýaş gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda 2-nji orna, 2012-nji ýylda Malaýziýa döwletiniň Lankawe şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda 2-nji orna mynasyp boldum. 2016-njy ýylda iki gezek Tailand döwletinde, 2017-nji ýylda ýene-de şol döwletde tennis boýunça milli ýygyndy toparymyz bilen okuw türgenleşik saparynda bolduk. Şu ýerde aýratyn bir zady belläsim gelýär. Daşary döwletleriň ählisinde bizi örän oňat garşylaýarlar. Biziň milli geýimlerimiz olaryň aýratyn ünsüni çekýär. Ata-babalarymyzdan gelýän milli gymmatlyklarymyzyň alys ýurtly raýatlaryň uly hormatyna mynasyp bolmagy ýeňişlerde hem üstünlikli çykyş etmäge ruhlandyrýar.

—- Ýurdumyzda zenanlaryň arasynda geçirilýän ýaryşlaryň aglabasynyň siziň peýdaňyza tamamlanmagy öz-özüňizden edýän talabyňyzy güýçlendirýän bolsa gerek?

— Elbetde. Islendik ýeňiş täze ýeňşe badalga, ruhlandyryjy güýç. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi sport bilen gyzyklanýan ähli ýaşdaky adamlar üçin nusgalyk mekdep bolup durýar. Türkmen ýaşlarynyň sporta yzygiderli çekilmegi, ähli mümkinçilikleriň döredilmegi türkmen sportunyň geljegi üçin alnyp barylýan işleriň has-da rowaçlanmagyna, türgenlerimiziň geçirilýän ýaryşlarda ýokary netije gazanmaklaryna ýardam berýär.

Meniň häzire çenli gazanan netijelerimi, mynasyp bolan baýraklarymy ýurdumyzyň sportdaky ýeten derejesini has-da ýokarlandyrmaga goşan şahsy goşandym diýip düşünýärin. Häzirki wagta çenli ýurdumyzyň çäginde geçirilen ýaryşlaryň birnäçesinde baýrakly orunlara mynasyp bolmak miýesser etdi. Olardan, 2012—2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň çempionatynda 2-nji orna, 2013-nji ýylda Aşgabat tennis korty ady bilen geçirilen ýaryşda gyzlaryň arasynda 1-nji orna mynasyp bolup, altyn kuboga eýe boldum. 2015-nji ýylda «Aşgabat» stadionynda tennis korty açylanda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda ýekeleýin oýunda 2-nji orna mynasyp bolup, kümüş medal bilen, jübütleýin oýunda bolsa 1-nji orna mynasyp bolup, Kubok almak miýesser etdi. 2016-njy ýylda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyp gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda 1-nji orna, ýene şol ýyl Magtymguly adyndaky TDU-da geçirilen ýokary okuw mekdepleriniň gyzlarynyň arasyndaky ýaryşda 1-nji orna, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da geçirilen ýaryşda bolsa, 3-nji orna mynasyp boldum.

— Sportdan daşary sizi aýratyn gyzyklandyrýan zatlar barmy?

— Men özüm daşary ýurt dilleri boýunça bilim alýanlygym üçin bolsa gerek, başga dillerde aýdym aýtmagy gowy görýärin. Haçan-da, aýdyma hiňlenenimde ýadawlygym, argynlygym öz-özünden aýrylyp gidýär. Belki, bu adama ruhy lezzetiň hemişe-de zerurlygy bilen düşündirilýän bolsa gerek. Başga-da, dürli tagamlary taýýarlamagy, saçak bezemegi halaýaryn. Türkmen zenanynyň elinden dür dökülip durmalydygy, el işlerini ýerine ýetirip bilmelidigi baradaky ejemiň sargytlary, göreldesi meniň elmydama ýadymda.

— Güljan, siziň bilen şu günki söhbetdeşligimiziň dowamynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýaş türgenler üçin döredip berýän mümkinçilikleriniň abyrsyz uludygyna, onuň ussat türgeniň dilinden diňläniňde has-da başgaça ýaňlanýandygyna şaýat boldum. Siziň köňlüňizde köwsarlaýan buýsançly sözler, Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerine aýdan alkyşlaryňyzyň ählisi türkmen türgenleriniň, esasan-da, zenan türgenlerimiziň adyndan ýaňlanýan ýaly duýulýar. Size güýz paslynyň ajaýyp günlerinde geçiriljek Aziada—2017-de üstünlikli çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödäp, ýaşyl Tugumyzy belentde parlatmagyňyzy arzuw edýäris.

— Sag boluň! Dogrudanam, häzirki wagtda türkmen türgenleriniň öz başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin uly mümkinçilikler açylýar. Biz hem nesip bolsa, Aziada—2017-de Gahryman Arkadagymyzyň bildiren belent ynamyny ödäris diýip, ynandyrasym gelýär. Biz ýaş türgenler üçin şeýle mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, mertebeli başy aman bolsun!

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com