Ynsanperwerligiň beýik nusgasy

Adam bilen adamy, goňşy bilen goňşyny, oba bilen obany, il bilen ili hemişe-de başardygyndan agzybirlige, ylalaşyga, dost-doganlyga çagyran eziz halkymyzyň bu ýagşy edähet aslyýetinde zandynda bar. Polady ýumşak, gönümel, az sözli, gaýduwsyz, edermen, duýgur hem parasatly halkymyz abadan hem asuda durmuşyň jepakeş janköýeri bolupdyr. Bu gözel dünýäde adamlaryň we halklaryň arasyndaky ylalaşygy, sylaşygy saklamagyň ýoly biziň halkymyzda agzybirlik taglymatyna öwrülipdir. Asyrlaryň jümmüşinde kemala gelen bu taglymat ýagşylyga, ýagtylyga hem ösüşlere eýlenenligi bilen her bir halka, her bir ynsana golaýdyr.

Bu ýoluň diňe bir öz halkymyza däl, eýsem, dünýä halklaryna hem öňegidişligi, ösüşleri bagyşlaýanlygy onuň zandynyň parahatçylyga, ýagşy işlere eýlenendigine şaýatlyk edýär. Ýakynda biz milli mertebämize şöhrat-şan bagyşlaýan şunuň ýaly başlangyçlaryň ýene-de biriniň rowaçlanandygyna şaýat bolduk. Üstümizdäki ýylyň maý aýynda dostlukly Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa Awtonom çäkli düzüminiň Wulkanest etrabynyň Çişmikioý obasynda Türkmenistan Watanymyzyň doganlyk halka sowgady hökmünde gurlan «Dostluk» çagalar bagy açyldy.

Doganlyk halklara şunuň ýaly ýagşylyga eýlenen agzybirlik suprasyny ýazmak milletimiziň asyrlardan gelýän asylly däbidir. Halkymyz hemme döwürlerde-de öý guran, ýurt galdyran, döwlet döreden, baran ýerinde halklara bilimi we ylmy, medeniýeti we ösüşleri bagyşlan halk hökmünde tanalandyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2013-nji ýylda Moldowanyň paýtagty Kişinýow şäherine resmi saparyň barşynda ilkinji gezek beýan edilen ajaýyp pikiriň bu günki günde rowaçlyk tapmagy mukaddes topragymyzda ýagşylyk başlangyçlarynyň hemişe şineläp, pudagyny giňden ýaýýandygyna aýdyň güwä geçýär.

Eýýäm 2015-nji ýylda dostlukly döwletiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda çagalar bagynyň düýbi tutuldy. Bary-ýogy iki ýyldan türkmen halkynyň bu parahatçylyk söýüjilik başlangyjy döwlet Baştutanymyzyň çäksiz yhlasyndan, belent adamkärçilik sahawatyndan ylham, kuwwat hem rowaçlyk alyp, ajap arzuw ýaly hasyl boldy. Desganyň açylyş dabarasyna gatnaşýanlar onuň iki ýurduň arasyndaky dostlugyň ajaýyp nyşany bolup durýanlygyny alamatlandyryp, täze çagalar bagynyň «Dostluk» diýen ada eýe bolmagyny ikelläp oňladylar.

Uzak Moldowa iliniň Çişmikioý obasynyň iň gözel künjekleriniň birinde gurlan täze çagalar bagy jemi 160 çaga ýa-da 8 topar üçin niýetlenendir.Açylyş dabarasyna gatnaşan ýolbaşçylaryň bellemegine görä, bu desganyň gurulmagy soňky on ýylyň içinde Gagauziýada amala aşyrylan ähmiýetli durmuş taslamalarynyň biridir. Çagalar bagynda adaty toparlardan başga-da, logoped toparlarynyň ikisi, irki ösüş toparlarynyň ikisi bar. Olar körpejeleriň aňyny ösdürýän sapaklary döwrebap derejede guramak üçin doly enjamlaşdyrylypdyr. Bagyň el işleri, informatika, lingwistika, aýdym-saz, gimnastika otaglary, hatda suwa düşülýän durnagöz suwly howzy hem bar.

Körpejeleriň suw üpjünçiligini berjaý etmek maksady bilen türkmen gurluşykçylary Çişmikioý obasynda täze arteziýan guýusyny hem gurdular. Ertekilerdäki köşgi ýada salýan çagalar bagynyň daş-töwereginde miweli baglar oturdyldy. Gurluşykçylar tarapyndan ullakan söýgi bilen döredilen seýilgähde gadymy ertekileriň gahrymanlary mekan tutunypdyr. Ýüzlerçe düýp saýaly hem pürli agaçlaryň oturdylmagy bu binanyň eýýäm ýakyn geljekde bagy-bossanly çemenzarlyga öwrüljekdigine şaýatlyk edýär.

Uzak Moldowa ülkesinde gurlan täze çagalar bagynyň açylyş dabarasynyň şekil ýazgysyny teleýaýlym arkaly synlap oturyşyma, buýsançly pikirleriň, ganatly duýgularyň täsirine melul boldum.

Arkadag Prezidentimiziň beýik başlangyçlaryna haýran galdym, çyn ýürekden buýsandym. Meşhur ýazyjylaryň biriniň: «Beýik adam her bir işde beýikdir» diýen ganatly jümlesi serime aýlandy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ynsanperwerlik şuglasynyň diňe öz halkymyza däl, eýsem, doganlyk halklaryna-da bolluk bilen mähir-muhabbet eçilýänligine aýdyň göz ýetirdim. Munuň özi-de döwletli-döwranly türkmen halkynyň halal hem arassa ýolunyň dowamat-dowamlygyna guwanjymy goşalandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen dostlukly döwletlerde täze mekdepler, hassahanalar, çagalar baglary gurulýar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde doganlyk halklaryň wekilleri bolan talyplar okap, bilim alýarlar, döwrüň talabyna laýyk hünär öwrenip, öz işiniň ussady bolup, ata Watanyna dolanýarlar. Bu işler geljekki onýyllyklarda, ýüzýyllyklarda özüniň ajaýyp netijesini — parahatçylyk miwesini berjekdigine şübhelenmese bolar.

Doganlyk Moldowa topragynda geçirilen dabara gatnaşan ildeşimiz, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, «Rysgal» gazetiniň baş redaktory Güljemal Gurbanowanyň bu waka barada beren gürrüňiniň iň bir tolgundyryjy pursatlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik:

— Çişmikioý obasynda türkmen telekeçileri tarapyndan gurlan täze «Dostluk» çagalar bagynyň açylmagynyň öňüsyrasynda Türkmenistandan baran wekilçilikli topar Delakeý obasynda bolup, faşizme garşy ýowuz söweşlerde janyny gurban eden gahryman esgerleriň baky aram tapan ýerine zyýarat etdiler. Bu ýerde merdi-merdanalygyň, watançylygyň hem gahrymançylygyň hormat-sarpasynyň nesilleriň ýüreginde bakylygyny alamatlandyrýan ýadygärlik heýkeline ter gül desseleri goýuldy. Hormat tagtanyň ýüzünde wepat bolan gahrymanlaryň arasynda mähriban topragymyzyň merdana ogly, her birimiziň kalbymyzda meşhur «Şükür bagşy», «Kitap» powestleri we beýleki ajaýyp eserleri halkymyzyň gyzgyn söýgüsini gazanan ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň adyna gözüm düşende, ýüregimi düşündirip bolmajak watançylyk ylhamy gurşap aldy.

Asyrlar geçse-de, ýagşylygyň, dost-doganlygyň, watansöýüjiligiň ölmez-ýitmezdigine buýsanjym gursagyma sygmady. Hormatly Prezidentimiz özüniň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Nurmyrat Saryhanow türkmen edebiýatynyň beýik şahsyýetleriniň biridir. Ol biziň halkymyzyň adamzada bolan deňsiz-taýsyz söýgüsiniň nusgasyny döretdi» diýip ýazýar. Ýadygärlige uly hormat-sarpa bilen goýlan ter bahar çemenleri mähriban topragymyzyň zehinli ýazyjysyna, gaýduwsyz esgerine, ähli merdanalarymyza baky togabymyzyň nyşanyna öwrüldi.

Parahatçylyk — dünýä halklarynyň ählisiniň arzuwy. Ýaşamak, açyk asmana, ýagty güneşe guwanmak, bugdaý ekmek, öý gurmak, eziz perzendiňe guwanmak, dogduk Diýaryňa togap etmek... Ajaýyp sazlary döretmek, bag ekmek, beýik eserleriň bilen bu durmuşy wasp etmek, ýagşy işleriň bilen adamlaryň aňynda baky orun almak... Bagt diýilýän ullakan hem çäksiz düşünjäniň manysy, ine, şunuň ýaly sada hem eziz zatlardan hasyl bolýar. Doganlyk topragyň gursagyna atylan parahatçylyk gülleriniň behişdi çemenzarlygy pajarlap, geljekki nesillere şu günki beýik işleriň bagt owazyny ýetirer. Dünýäde dostluk baglarynyň düýbüni tutmak, ýol gurmak, köpri galdyrmak, ösüşleri bagyşlamak ýaly işler bilen taryhda öz ýoluny dowam edýän türkmen halkynyň geljegi mundan hem beýik, abadançylygy baky bolsun! Türkmeniň Tuguny beýik işleri bilen belende göterýän eziz Arkadagymyzyň ömri uzak, belent başy aman, ýollary ak bolsun!

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com