Dünýä rekordyny gazanan ilkinji zenan

27 ýaşly amerikan zenany Kassandra De Pekol bu syýahata 2015-nji ýylyň iýul aýynda başlady. Syýahatyň dowamlylygy 18 aý, 26 güne deň boldy. Kassandra dünýäniň 196 döwletinde bolup, iki gezek dünýä rekordyny goýmagy başardy. Ol dünýäniň ähli döwletlerinde syýahatda bolan zenan hökmünde, şeýle hem bu syýahaty beýlekilere garanyňda, gysga wagtda amala aşyran ilkinji adam hökmünde taryha girdi. Öň bu rekordy gazanan ABŞ-dan professor Ili Lýu bolup, ol bu syýahaty 3 ýyl 3 aý we 6 günüň dowamynda amala aşyrypdy.

Kassandranyň syýahatynyň dowamynda birnäçe başdan geçirmeler bolup geçipdir. Kassandra özüniň ähli başdan geçirmelerini Instagramdaky sahypasynda paýlaşypdyr. Ol muny «Ekspedisiýa 196» diýip atlandyrypdyr. Onuň 320 müň agzasy bolup, ol agzalar yzygiderli ýagdaýda Kassandranyň ähli başdan geçirmelerini sahypadan yzarlap, ony goldap durupdyrlar.

Şeýle syýahaty amala aşyrmaklyga nämäniň itergi berendigi hakynda soralanda, Kassandra özüniň hemişe dünýäni görmegi, dünýä halklarynda bar bolan däp-dessurlary, milli aýratynlyklary, taryhy we medeniýeti hakynda köp zatlary bilmek isländigini aýdýar. Heniz mekdepde okaýan döwründe Kesside (Kassandranyň adyny gysgaldyp Kessi diýýän ekenler) dünýä kartasynda bar bolan döwletleriň ählisinde bolup görmek höwesi döräpdir.

Ol syýahata başlan ilkinji günlerinden başlap, islendik zenanyň ýekelikde bütin Ýer şaryna aýlanyp çykmaga ukybynyň bardygyny subut etmäge çalşypdyr. Özüniň 196 döwlete amala aşyran syýahaty bilen islendik, hatda «amala aşmagy mümkin däl» diýlen maksatlara hem ýetip bolýandygyny subut etmegi başardy. Kassandra özüniň syýahatynyň dowamynda birnäçe päsgelçiliklere duçar bolan hem bolsa, bu syýahat onuň üçin uly durmuş tejribesine öwrüldi.

Kassandra: «Men her döwletde ortaça alanyňda, 2-5 güne çenli bolýan» diýip belleýär. Kassandranyň bu syýahaty üçin ortaça

200 müň amerikan dollary sarp edildi. Emma, syýahatçy zenanyň aýtmagyna görä, ol baran ýerinden öz hemaýatçylaryny tapmagy başarypdyr. Mysal üçin, ol baran döwletiniň myhmanhanasyny, onuň ähli mümkinçiliklerini öz internet sahypasynda mahabatlandyryp, myhmanhanada mugt ýaşamaga mümkinçilik alypdyr. Özüniň hemaýatçylarynyň kömegi bilen amerikan zenany syýahaty hakynda dokumental filmi hem surata düşüripdir.

«Men dünýädäki ähli zenanlary (hem-de erkek kişileri) arzuwlaryny, öňde goýan maksatlaryny durmuşa geçirmäge ruhlandyryp bilendirin diýip umyt edýän» diýip, Kassandra belleýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hem Kassandra De Pekolyň syýahatynyň esasy bölegine öwrüldi. 2017-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar çeşmeleri merkezinde Kassandra De Pekol bilen duşuşyk geçirildi. Şol duşuşygyň dowamynda Kassandra Türkmenistanyň özüniň syýahat eden 195-nji döwletidigini aýratyn belledi. Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistan ösen döwletleriň biri bolup, ýaşaýjylary bolsa, myhmansöýerligi, açyk göwünliligi bilen tapawutlanýar. Syýahatçy zenan Aşgabady: «Diýseň owadan, tämiz hem ajaýyp şäher. Ol gijelerine şöhle saçýar» diýip mahabatlandyrýar. Kassandra Aşgabadyň binagärlik aýratynlygy barada aýratyn durup geçip, munuň ýaly binalary hiç bir döwletde görmändigini belleýär.

Kassandra De Pekolyň 2015-nji ýylyň 24-nji iýulynda başlanan täsirli syýahaty, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda şowly tamamlanyp, onuň Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegine mümkinçilik berdi.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com