ÝAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA V AZIÝA OÝUNLARY

Ýer tudanasyndan mürepbe

Gerekli önümler: 1 kg ýer tudanasy, 500 gr

(2 bulgur) şeker.

Ýer tudanasyny süzgüçde goýup, sowuk suwda ýuwmaly. Soň onuň kök ýapragyny aýyrmaly. Ýertudanasyny çuňňur saja atyp, üstüne şeker guýup, 3 sagat goýmaly. Sajy aram otda goýmaly we şekeri ereýänçä bulamaly. Ýer tudanasyny ýuwaşlyk bilen 1-2 minut gaýnatmaly we sajy otdan aýryp, 5-6 sagat goýmaly (miweler dargamaz ýaly).

Sajy gaýtadan otda goýmaly we mürepbe goýalýança (5-7 minut) gaýnatmaly. Gazana suw guýup, otda goýmaly. Onuň üstünde demir gözenegi goýmaly. Mürepbe guýuljak bankalary we olaryň gapaklaryny ýuwup, gaýnap duran suwuň bugunda

15 minut goýmaly.

Mürepbe taýýar bolanda, bankalary tutawaç bilen seresaply tutup, bugdan aýyrmaly. Bankalaryň içine gaýnan mürepbeden guýup, olaryň gapagyny ýapyp, towlamaly.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com