Bu ajap eýýamda ajapdyr çaglar

10 ýyl! Bu möhlet kän bir uzak aralygam däl. Emma şol döwrüň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bolup geçen şanly wakalara, taryhy senelere ser salanyňda welin, «Sanlyja ýylyň içinde ýurdy nädip bu derejä ýetirip bolar?!» diýen sowal öňümizde keserýär. Çünki on ýylyň içinde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde gazanylan netijeler, ýetilen belent sepgitler sanardan gaty kän. Mähriban Arkadagymyz bizi döwletli-döwrana, ajap eýýama ýetirdi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen deňsiz-taýsyz ösüşlere, ajaýyp özgerişlere beslenen eziz Diýarymyzyň waspy bu gün dünýä ýaň salýar, şan-şöhraty tutuş äleme dolýar. Bu ösüşler, ajaýyp sepgitler ýurt Baştutanymyzyň 60 ýaşyna bagyşlanan täze neşirde — «Arkadagyň ajap eýýamy» atly kitapda giň beýanyny tapýar.

Mähriban Arkadagymyzyň dillerimizde sena edinen aýdym setirlerinde ýaňlanyşy ýaly, ajap eýýam, ajap çagymyz bar. Agzybir halkymyz täze zamanada, bagtyýar durmuşda ýaşaýar, işleýär, gurýar, döredýär. Aý-günlerimiz şanly senelere, taryhy wakalara, dabaraly açylyşlara beslenýär. Türkmen toýlarynyň goşa-goşadan gelşi ýaly, halkymyzyň şatlyk-buýsanjy-da goşadan gelýär. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň bol-bereketli tomus paslynyň ajaýyp gününde mähriban Arkadagymyzyň 60 ýaş toýunyň şatlygy, Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly goşandy üçin milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bolan Aleksandr Newskiý ordeni, Gagauziýanyň ýokary sylagy «Gagauz Ýeri» ordeni, Russiýa Federasiýasynyň ýokary sylagy «Gornýak Rossii» Altyn nyşany bilen sylaglanmagy bilen utgaşyp, toý şatlygyny goşalandyrdy. Bu buýsançly günlerde ýurdumyzyň durmuşyndaky iň möhüm wakalary, ähmiýetli seneleri, ýurt Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda döwletimiziň geçen 10 ýyllyk ýoly baradaky publisistik gürrüňleri öz içine alan täze kitabyň elimize gowuşmagy bolsa, kalbymyza joşgun berip, göwün guşumyzy ganatlandyrdy.

Täze kitap milli Liderimiziň terjimehaly bilen başlanyp, onda döwlet Baştutanymyzyň çagalyk ýyllary, ýaşlygy, zähmet ýoluna başlan ilkinji ädimleri, hünär derejesini kämilleşdirip, ylym ulgamynda, ýolbaşçy wezipede alyp baran işleri barada gürrüň berilýär. Onda mähriban Arkadagymyzyň döwlet baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden amal eden işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň edilip, şeýle bellenýär: «Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçip, Türkmenistanda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini, halkyň ruhy we medeni galkynyşyny üpjün edýän täze başlangyçlara, göwnejaý özgerişliklere, oňaýly üýtgeşmelere başlady. Hormatly Prezidentimiz özüniň ähli tagallalaryny, gujur-gaýratyny jemgyýetiň hemmetaraplaýyn özgerdilmegine we döwletiň demokratik durkunyň döwrüň we XXI ýüzýyllykda milletiň öňünde duran täze wezipeleriň ösen talaplaryna laýyklykda pugtalandyrylmagyna gönükdirdi». Bu hakykat «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgäni öňe süren eziz Arkadagymyzyň alyp baran asyrlara barabar işlerinde — paýtagt şäherimiziň görlüp-eşidilmedik derejede özgermeginde, ýurdumyzyň çar künjeginde täze etraplaryň, obalaryň we şäherçeleriň döremeginde, müňlerçe medeni-durmuş maksatly binalaryň, müňlerçe kilometre uzap gidýän awtomobil, polat ýollarynyň, demir we awtoýol köprüleriniň, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagynda we başga-da ýüzlerçe täze gurluşyklarda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen täze kitap 19 bölümden ybarat bolup, köp sanly fotosuratlar, resmi habarlaryň şekilleri bilen bezelmegi, onuň has-da täsirli we owadan görnüşde çykmagyna getiripdir. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryndaky gülläp ösüşler bilen birlikde, milli Liderimiz tarapyndan pederlerimiziň nusgalyk ýolunyň mynasyp dowam etdirilmegine bagyşlanan «Ata-baba ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek» atly bölüm kitabyň watansöýüjilik, terbiýeçilik ähmiýetini has-da artdyryp, şöhratly geçmişimize çäksiz buýsanjy oýarýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyz, halkymyz üçin amal eden beýik işlerini bir kitabyň çygrynda beýan etmek mümkin däl. Mähirli aladalary, sahawatly işleri bilen kalbymyzdan, ýüregimizden orun alan eziz Arkadagymyzyň asylly işleri onlarça, ýüzlerçe eserlere barabar. Beýik işleri bilen dünýä tanalýan Gahryman Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

 

«Zenan kalby».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com