Dünýä nusgalykdyr medeniýetimiz

   Türkmen medeniýeti dünýä nusgalykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde bagtyýarlyk döwrümizde türkmen medeniýeti has giň gerim bilen ösýär. Asylly däp-dessurlary berjaý etmekde, milli medeniýete hormat goýup, sungaty sarpalamakda hormatly Prezidentimiziň hut özi bize görelde. Gahryman Arkadagymyz medeniýet, sungat döredijilik işgärleri bilen duşuşyklarynda türkmen medeniýetiniň şan-şöhratyny dünýä doldurmak, şanly geçmişimizi, nurana şu günümizi beýan edýän iň gowy sungat eserlerini döretmek arkaly dünýä medeniýetine goşulyşmak barada belläp geçýär. Bu bolsa medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerini täze-täze gözleglere ruhlandyrýar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly döredijilik duşuşygynda hem bu aýdylanlar giň beýan tapdy. Duşuşyga ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlarynyň birnäçesi gatnaşdy. Bu döredijilik duşuşygynda žurnalist Bägül Annabaýewa bilen eden söhbetdeşligimizde, ol:

— Hormatly Prezidentimiziň «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen gymmatly sözleri häzir ýurdumyzyň ösüşlerinde ähmiýetli orun eýeleýär. Kalp «ýürek», «köňül» düşünjeleri bilen birlikde, zehin, akyl-paýhas diýen manylaryna hem laýyk gelýär. Şol nukdaýnazardan hem, ruhy medeniýetiň orny has içgin duýulýar. Ruhy medeniýetiň esasy gözbaşy söz sungatynda ýaşaýar. Söz sungaty halk döredijilik eserlerimiz, edebiýat. Şu günüň türkmen edebiýatynyň döwrebap eserleriniň hatarynyň hormatly Prezidentimiziň kitaplary bilen has-da baýlaşýandygy bolsa, döwrümiziň buýsançly hakykaty. Hormatly Prezidentimiziň kitaplary döredijilik işgärleri üçin tapylgysyz çeşme. Häzirki döwürde biz tizlikli döwürde ýaşaýarys. Şol hem ruhy medeniýetiň gymmatlyklaryna bolan garaýşyň sazlaşykly ýagdaýyny üpjün etmegiň zerurlygyny ýüze çykarýar. Munuň özi döwrebap taglymatlaryň kemala gelmegi bilen şertlendirilýär. Hormatly Prezidentimizň eserleri şol taglymatlary özünde jemleýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlaryň döredijilikli işiniň netijesinde döwrümiz özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulus-ilimiz agzybirlikde eziz Watanymyzyň dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna çykmagy üçin yhlas edýär. Şonuň üçinem döwrümizi sungat eserine meňzedýäris. Akylyňy haýran galdyrýan döredijilik işi durmuşy gözelleşdirip, sungaty dünýä inderýär. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň güni baýram edilende, biz şular dogrusynda oýlanýarys. Daş-töweregiňde gaýnap joşýan durmuşyň özünde döredijilik bar, ajaýyp işleriň özi sungat eseridir diýdirýär. Diýarymyzyň owadan şäherdir obalaryndaky döwrebap binalar, seýilgähler diýseň göwün göteriji. Ýurdumyzda bolup geçýän baýramçylyklar ýakymly pursatlary dabaralandyrýar. Şol baýramçylyklarda eşretli döwrümiziň waspy kyssa, şygyr, aýdym-saz bilen ýaňlanýar. Bu medeniýet we sungat işgärleriniň özara duşuşyk dabarasy bolup, döredijilik hakynda pikir alyşmaga-da giň mümkinçilik döredi. Her bir pikiriň esasy bolsa, döwrümiziň bagtyýarlygy, belent mertebeli Prezidentimiziň adyl döwlet syýasatynyň sakasynda gülleýän durmuş hakynda. Goý, milli Liderimiziň jany sag, başy aman bolsun! Eziz Diýarymyzda, goý, hemişe gözel arzuwlar hasyl bolsun! — diýip, gürrüň berdi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen dabarada sungat ussatlarynyň çykyşlary, şeýle-de aýdym-sazlaryň belentden ýaňlanan owazy baýramçylyk dabarasynyň şowhun-şagalaňyny has-da artdyrdy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com