GÜLÜŇ OWADAN

Düýn şeýle at bilen Türkmen halysynyň muzeýinde Berkarar döwletimiziň bagtyýariyk döwrüniň çeper elli zenanlarynyň arasynda milli keçelerimizi taýýarlamak boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birieşiginiň Merkezi Geňeşiniň, «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň bilelikde guran çäresine ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan çeper elli zenanlar gatnaşdylar.

Gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbini, halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de gaýduwsyz gahrymançylygyny, çuň mana ýugrulan pähim-parasadyny zenanlar öz nepis halylarynyň, keçeleriniň öwüşgini öçmejek nagyşlaryna siňdirip, gadymy döwürlerden biziň günlerimize ýetiripdirler.

Geçirilen bäsleşigiň esasy maksady türkmen öýleriniň bezegi bolan türkmeniň milli keçesiniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmek arkaly gyzlarda zenan edebini, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekden, ýaş nesillerimizde milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan gaian ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmakdan ybarat bolup durýar. Bäsleşik 3 şert esasynda geçirilip, oňa 4 adamdan köp bolmadyk zenanlardan ybarat toparlaryň 6-sy gatnaşdy. Ýeri gelende, oňa gatnaşyjylaryň Aşgabatda we welaýatlarda geçirilen bäsleşigiň deslapky tapgyrynyň ýeňijileridigini bellemeli. Bäsleşige gatnaşyjylaryň getiren ajaýyp işleriniň sergisi hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Her dürli nagyşlar bilen bezelen keçeleriň arasynda paýtagtymyzda geçiriljek «Aşgabat 2017-niň» nyşany, şekili ýerleşdirilen keçeler aýratyn gyzyklanma döretdi.

«Keçe syry ýüňünde» diýlişi ýaly, bäsleşigiň ilkinji şertinde zenanlar türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly käbir işleri — ýüňi saýlap almagy, saýmagy, ony daramagy, pişge ýasamagy, keçäniň gamyşyny dokamagy ýerine ýetirip görkezdiler. Keçäniň görnüşleri, keçäni taýýarlamak üçin zerur bolan gurallaryň atlary, olaryň ulanylyşy barada gürrüň berdiler, onuň taýýarlanyş tapgyrlaryny wideo ýa-da surat şekiüeri arkaly görkezdiler. Biri-birinden ussat çeper elli zenanlar ikinji şertde 20 — 25 minudyň dowamynda öz welaýat aýratynlyklaryna görä, «Ak tüýnük», «Gyzyl tüýnük», «Gözenek», «Saýlan», «Gülýaýdy», «Sekiz goçak», «Gelinbarmak», «Gapyrga», «Öküz oňurga», «Gonjuk», «Hindi goçak», «içýanagyz», «Tazy guýruk», «Barmak» ýaly gadymy milli nagyşlary salyp, boýy 1,5 metr, ini 1 metr bolan keçäni güllemekde bäsleşdiler. Aýdym-sazyň astynda, edýän işlerine elleri gelşip duran zenanlaryň keçe gülleýişlerini synlamak çärä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bäsleşigiň ahyrky şertinde dürli ýaşdaky zenanlaryň türkmen keçesiniň aýratynlyklary, olaryň döreýiş taryhy, ulanyş maksatlary barada aýdyp beren rowaýatlary, yrymlary, halydan hem öň dörän bu milli senet baradaky getiren maglumatlary, özara degişmeleri we aýdyşyk gazallary göwünleri galkyndyrdy.

Dury gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan milli senedimiziň inçe tilsimleriniň häzirki döwre ýetirilmegine goşant goşan, dünýä nusgalyk keşdeleri, nagyşlary döredip, olary haly-palaslara, keçelere, egin-eşiklere, tahýalara salan ene-mamalarymyzyň sungat derejesine göterilen el hünärini mynasyp dowam etdirýän zenanlar bu bäsleşigiň buýsanjyna öwrüldiler.

Bäsleşigiň ahyrynda eminler topary aýratyn tapawutlananlary ýüze çykaryp, ýeňijileri kesgitlediler. Şeýleiikde, emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Aşgabat şäherinden gatnaşan topar birinji orna, Balkan we Mary welaýatlaryndan gelen toparlar, degişlilikde ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere Hormat hatlary bilen birlikde gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan zenanlar halkymyzyň milli mirasyny ösdürmekde ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com