Durnukly ösüşlere sary

    Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanynyň milli medeni we ruhy-ahlak baýlygynyň bir bölegi hökmünde mertebesiniň belent bolmagyny, olaryň hak-hukuklarynyň goralmagy, erkekler bilen bir hatarda durmuşyň ähli ulgamlarynda deň şertlerde zähmet çekmeklerini we jemgyýetiň işeňňir agzasy bolmagyny üpjün etmekligi özüniň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm bölekleriniň biri hasaplaýar. Munuň şeýledigi ýurdumyzda alnyp barylýan gender syýasatynyň mazmunynda aýdyň görünýär. Zenanyň öý-ojagynyň wepaly eýesi, erkek kişiniň bolsa onuň goragçysydygy baradaky milli düşünje durmuş ýörelgelerine giňden ornaşdyrylýar, olaryň jemgyýetçilik gatnaşyklary birek-birege goýulýan hormat-sylag bilen berkidilýär. Döwletimiziň kanunçylyk binýadynda-da aýallar bilen erkekleriň deňhukuklylygy, olaryň jemgyýetçilik, syýasy, zähmet gatnaşyklarynda gender deňligini üpjün edýän kanunlar arkaly berkidilendir.

2015-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015—2020-nji ýyllar üçin Milli hereketleriň Meýilnamasynyň» tassyklanmagy aýallaryň we erkekleriň gender deňligine aýratyn üns berilýändigini subut edýär hem-de bu ugurda ýurdumyzda anyk işleriň, durmuş hereketi bilen baglanyşykly çäreleriň geçirilýändigini görkezýär. Bu Meýilnamada ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere aýallaryň we erkekleriň deň derejede gatnaşmagyny has-da ýaýbaňlandyrmak, onuň üçin gerek bolan zerur şertleri döretmek esasy maksat bolup durýar. Aýallaryň ýurdumyzda syýasy we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna, şol sanda ösüş strategiýalaryny we jemgyýetçilik taslamlaryny meýilleşdirmäge, olary durmuşa geçirmäge, gözegçilik etmäge we baha bermäge gatnaşmagy üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegine ýardam bermek, gelin-gyzlaryň jogapkärli wezipelerdäki wekilçiligini artdyrmak, olary bilimiň dürli derejesinde we basgançaklarynda tebigy we adaty bolmadyk ugurlary saýlap almaklaryna höweslendirmek, zähmet bazarynda aýallaryň bäsleşige ukyplylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ýaly wajyp meseleler Meýilnamada göz öňünde tutulyşy ýaly durmuşa geçirilýär.

Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen gender deňligi boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy oňyn netijeleri berýär. Türkmenistanyň 2016—2018-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak meselesi boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bolsa, gelin-gyzlaryň mertebesini has-da beýgeltdi. Birleşen Milletler Guramasynyň bu Ýerine ýetiriji geňeşi 2010-njy ýylda döredildi. Bu geňeş dünýä ýurtlarynyň döwlet, jemgyýetçilik düzümleri bilen utgaşykly we ylalaşykly işleri durmuşa geçirýär we gender syýasatyny guramaçylykly alyp barmakda, dürli çäreleri geçirmekde ýardam edýär. Bu halkara abraýly Ýerine ýetiriji geňeş bilen ýakyndan hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy hem-de Türkmenistanyň oňa agza bolmagy ýurdumyzyň dünýä halklary bilen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilikler berýär. Gender deňligi boýunça alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine syýasy-jemgyýetçilik, medeni-gumanitar, durmuş-ykdysady ugurlary boýunça döredilen şertler Türkmenistanda zenanlaryň we erkekleriň deňhukukly mümkinçiliklerine ýardam edýär. Häzirki wagtda erkekler bilen bir hatarda, aýallar hem durmuş, syýasy, jemgyýetçilik işlerini amala aşyrmakda işjeňlik görkezýärler, olar her bir pudakda özleriniň janypkeşlikli zähmetleri, parasatly pikirleri bilen tapawutlanýarlar. Ýurdumyzda durnukly ösüşiň gazanylmagynda aýallaryň we erkekleriň deň mümkinçilikleriniň bolmagy döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegini kepillendirýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda göz öňünde tutulan konstitusion kadalar adamyň ähli hukuklarynyň we esasy azatlyklarynyň aýallara we erkek adamlara doly we deň derejede üpjün edilmegini we goralmagyny üpjün edýär. Hukuklary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegini göz öňünde tutýan Birleşen Milletler Guramasynyň Aýallar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak baradaky Konwensiýasynyň kadalary bilen Esasy Kanunymyzyň 29-njy maddasynda «Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr. Deň hukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär» diýip kesgitlenmegi aýallaryň we erkekleriň deň hukuklaryny we mümkinçiliklerini döretmek ulgamyny halkara ülňülerine gabat getirmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini subut edýär.

Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligi, olaryň milletine, jynsyna, gelip çykyşyna, teniniň reňkine, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlaryna garamazdan, adamyň we raýatyň kanunyň we kazyýetiň öňünde deňligi kepillendirilýär. Şeýle hem döwletimiz bilimde, ylymda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, zähmetde, durmuş taýdan goramakda, döwlet we jemgyýetçilik ugurlarynda gender deňligini üpjün edýär.

Gender deňligi — durmuşyň ähli ugurlarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklylygyny we mümkinçiliklerini göz öňünde tutýar. Şeýle deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň üpjün edilmegi umumadamzat hukuklarynyň goraglylygyna esaslanýar we jemgyýetiň demokratiýa barýan ýolunda ähmiýetli görkezijileriň biri bolup durýar. Bu meseläniň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin gün tertibinde durnukly ösüş boýunça kesgitlenen ählumumy maksatlaryň biriniň Gender deňliginiň we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmeklige bagyşlanmagy hem subut edýär.

Her bir döwürde-de türkmen aýallary erkekler bilen bir hatarda ýurdumyzyň medeni-ykdysady, sosial-ynsanperwer, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak bilen durnukly ösüşiň gazanylmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar döwleti dolandyrmaga, jogapkärli wezipelere saýlanmaga we saýlamaga, ylymda açyşlar etmäge, döwrebap tehnologiýalar bilen meşgullanmaga, aýdymçy, ýazyjy, şahyr hökmünde halka ýüzlenmäge, pagta, galla ýygýan maşynlara atlanmaga, umuman, her bir işde görelde bolmaga haklydyrlar we ukyplydyrlar. Häzirki wagtda aýallaryň we erkekleriň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň deň bolmagy olaryň öz borçlaryna dogry düşünmeklerini üpjün edýär. Türkmenistanyň Zähmet Kodeksine laýyklykda, erkek adam çagasy üç ýaşyna ýetýänçä oňa seretmek üçin zähmet rugsadyny almak mümkinçiliginden peýdalanyp bilýär. Bu bolsa çaganyň enesiniň özi üçin möhüm işleri amala aşyrmagyna (mysal üçin, ýokary okuw jaýynda okaýan, ylmy iş bilen meşgullanýan bolsa ýa-da wezipesi boýunça iş saparlaryna gitmeli bolsa) ýardam edýär. Bu ikitaraplaýyn ylalaşyk maşgalada ene-atanyň çaga terbiýesinde ornunyň, jogapkärçiliginiň deň, şol maşgalanyň sagdyn ruhly, maşgala binýadynyň berk bolmagyna getirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman
Arkadagymyzyň saýasynda bagtly durmuşda ýaşaýan türkmen zenanynyň erkekler bilen deň hatardaky hukuklary we mümkinçilikleri esasynda ýurdumyzda durnukly ösüşiň gazanylyp, bedew bady bilen öňe gidilmegi guwandyryjydyr, aýdyň geljekdir, ol gözel geljekde gözüň eglenýär.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com