Keçe ýylysynyň ýakymy

«Adam eli, gyzyl gül» diýleni. Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň dabaralar zalynda gyzyl-elwan gülli, şeýle-de ak keçeler öwşün atyp, göreniň gözüni egleýärdi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň bilelikde guramagynda çeper elli, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan» atly bäsleşikde göreniň gözüni dokundyrýan bu gözellikleriň arasynda ýaňy gül basylan, güllenen we dürli nagyşlar salnyp taýýar edilen keçeler-de bar. Gadymy döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten, ynsanyň jan saglygyna peýdaly, düşelen ýerine geregiçe gelşik berýän senedimiziň biri hem gülli keçedir. Keçe taýýarlamak asyrlaryň synagyndan geçen özboluşly sungat. Bu bäsleşikde gelin-gyzlarymyz şol sungatyň   gymmaty, ulanylyşy, taýýarlanylyşy barada giňden gürrüň berdiler.

Bäsleşikde eli çeper, keçe güllemäge, basmaga ussat zenanlarymyzyň birnäçesi ýeňiji boldy. Birinji orna mynasyp bolan Aşgabat şäherinden Gülnabat Abdullaýewa köňül buýsanjyny şeýle beýan etdi:

— Gözellik döredýän zenan duýguçyl bolýar. Zenanlarymyzyň inçe duýguly, joşgunly göwni diňe gözelligiň gözleginde. Gözellik diýlende nähilidir bir ajaýyplyk göz öňüňe gelýär. Gözellige, bagta teşne bolup, gowulyga ymtylmak, süýji arzuwlary hemra edinmek adamyň tebigatynda bar. Zenanlarymyzyň mähir-yhlas siňdirip döredýän ajaýyp milli mirasy bolan keçeleri bileklerinde basyp, çeper ellerinde sünnäläp ýylysy ýakymly ajaýyp keçelerimiz zenan kalbynyň syrly hazynasydyr. Keçeleriň döreýiş taryhynyň çuňlugy ýaly, onuň ediliş usuly-da diýseň çylşyrymly. Keçäniň ýüňüni saýlamak, ýuwup-arassalamak, güllügini, ýüzlügini, gyragaralygyny taýýarlamakdan ötri, keçäni güllemek, çekmek, basmak ýaly köpçülik bolup ýerine ýetirilýän işler uly yhlasa baglydyr. Güýz ýüňüni ýuwman, saýmaly bolýar. Güýz ýüňi keçäniň esasy özenlik serişdesi bolup, ýaz hem güýz ýüňleri garylyp, lowurdap duran keçelerimiziň ýüzlügi, aralygy, arkalygy, gara ýüňden bolsa gyragara edilipdir. Ene-mamalarymyz haýsy işiň başyna barsalar hem ýagşy dilegler edipdirler. Ýüň boýap duran zenanyň ýanyna kömekleşmäge gelen gelin-gyzlar:

— Gülüň owadan! — diýip, ýagşy dileg edipdirler.

Yhlas bilen boýag edip duran zenan bolsa, oňa:

— Ýüzüň owadan! Geleweriň! — diýip, jogap beripdir. Ir döwürlerde ýüň boýalanda, reňki ýokuşmaz we solmaz ýaly suwuna duz ýa-da zäk atypdyrlar. «Öýi keçeliniň gyzy kejebeli», «Keçäniň gamşy — öýümiziň kümşi» ýaly halkymyzyň parasat gazanynda gaýnan paýhasly sözler hem müdimi senedimiz bolan keçe barada aýdylan dürdänelerdir — diýip, gürrüň berdi.

Hawa, «Gülüň owadan» bäsleşiginiň aýdym-saza beslenip geçen jemleýji döwlet tapgyrynda birinji orna Aşgabat şäheriniň çeper elli zenanlary, ikinji orna Balkan welaýatynyň ussat keçeçileri, üçünji orna bolsa, Mary welaýatyndan gelen zenanlar topary mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar, şeýle-de Hormat hatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan ähli zenanlar höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandy. Goý, döwletli öý-ojaklaryň bezegi bolan zenanlarymyzyň görjegi gowulyk bolsun!

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com