Keçeli tör — arzyly

Keçe — türkmen öýüniň ýaraşygy. Sap keçäniň syna ýaramy has başgaça. Ene-mamalarymyzyň bu düşegi senet derejesine ýetirmegi ýönelige däl. Çünki gadymy ýaşaýyşly ilimizde keçe, hakykatdanam, ömre söýget, saglyga rowgat bolup hyzmat edipdir. Meýdanda, ýazlagda düşlenende keçesini düýp düşek edinip düşenensoň, meýdanda-örüde gije rahat ukusyny almak isleýän düşlegçi ýorgan-ýassygyny, körpeçesini ýazyp, arkaýyn dem-dynç alypdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyza aýratyn üns bermegi bilen köňli zehinli aýal-gyzlarymyzyň el işleriniň gymmatynyň dikeldilmegine giň ýollar açylýar. Milli el senedimiziň önümlerine bagyşlanan bäsleşikler döwlet derejesinde geçirilip, mährem ene-mamalarymyzyň çeper elleriniň önümleriniň şöhraty has belende galýar. Giň meýdanda enaýy edilip haşamlanyp goýlan keçeler we el işlerinden dörän gözellikler seredenimizde kalbymyza ganat baglatdy. Änew şäheriniň Mukaddeslik meýdançasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan eden «Gülüň owadan» atly keçe bäsleşiginiň welaýat tapgyryna etraplardan birnäçe ussat keçeçiler gatnaşdylar. Olar ýüň saýlap almak, ýüňi daramak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirip görkezmek hem-de keçäni taýýarlamak üçin zerur bolan gurallaryň atlary we olaryň ulanylyşy barada gürrüň berdiler.

Altyn asyr etrabyndan gelen ussat keçeçi Täzegül Rejepdurdyýewa keçe basmagy ussatlyk bilen başarýar we «Gülüň owadan» atly keçe bäsleşiginiň Ahal welaýaty boýunça geçirilen tapgyrynda ýeňiji boldy. Öz işine ussat zenan keçe basmak işiniň çylşyrymly iş tilsimidigini beýan edip durşuna, şeýle gürrüň berdi:

— Keçe basmak üçin semiz, gowy bakylan goýnuň ýaz, güýz ýüňi iň naýbaşy çig mal bolup hyzmat edýär. Ýaz ýüňi keçäniň gülüni taýýarlamak üçin has amatly. Güýz ýüňi keçäniň esasy özenlik serişdesi bolup, ýaz we güýz ýüňleri garylyp, bu arzyly düşegiň ýüzlügi, aralygy, arkalygy, gara ýüňden bolsa gyragara ýasalýar. Gyragara hem keçä özboluşly bezeg berýär. Gül ýasalanda, reňkleriň wajyplygy has ähmiýetlidir. Güle niýetlenip boýalan ýüňler darakdan geçirilip, pişge ýasalýar. Darakdişi, ýagny daragyň düýbünde galýan ýüň aýratyn goýulýar, soňra gamyş ýazylyp, onuň üstüne keçäniň gülleri rejelenýär. Pişgeler süýülip, keçäniň simi çekilýär. Nagyş üçin saýlanan güller hem pişgelerden süýülip, gülüň şekili çekilen suduryň içine goýlup başlanýar. Darakdiş diýlip atlandyrylýan galyndy ýüň bolsa, keçäni berkitmek üçin ulanylýar. Soňra ak ýüňden ýasalan ýüzlük nagşyň üstüne düşelýär. Gyragara bolsa gyraky simiň üstüne mündürilibräk, gara ýüňden ýazylyp çykylýar. Aralyk bolsa gyragaranyň arasyna salnyp berkidilýär. Bu işler tükellenenden soň, gyragara bilen aralyk sypmaz ýaly edilip, mylaýym suw bilen suwlanyp başlanýar. Suw sepelenip başlandan soň, her tarapdan bir keçeçi keçäniň ujy sypmaz ýaly, gamşy düýrläp başlaýar. Gamyş düýrülenden soň, ony öz ýüpi bilen üç ýerden berkidýärler. Ondan soň ýene-de uzyn ýüp bilen, ýagny garnaw bilen hem has ykjamlanan keçe edil bolmalysy ýaly bolup, öz hetdine ýetiberýär. Soňra iki adam bolup keçäni çekmek işi başlanýar. Ikitaraplaýyn suwlanýan keçe çekilip bolundym edilenden soň, gamyş açylyp, sodalyk bilen ýazylýar. Taýýar bolan keçe ilki dikligine bilek bilen basylýar, soňra şu ýagdaý keseligine hem gaýtalanýar, soň ýene dikligine basmak dowam etdirilýär. Gyragara göni we saz bolsa, keçe hala barabar diýdirýän derejä baryp ýetýär.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com