Sport — gözellikdir

 

Şu ýylyň 31-nji iýulynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen «Sport — sagdynlyk we ruhubelentlik» atly maslahat, onda edilen çuň many-maňyzly çykyşlar oňa gatnaşan raýatlarymyzda uly tolgunma döretdi. Sporty söýmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamak, her birimiz üçin zerurdyr. Sport — gözellik, sagdynlyk, ruhubelentlik. Şu üç jümläniň sazlaşan ýerinde ynsan bu durmuşda özüni bagtyýar duýýar, gowy günleriň hözirine düşünip ýaşaýar. Sport — täsin dünýä. Ol özüniň jadyly dünýäsine aralaşan her bir ynsana aýratyn ýakymly duýgulary bagyş edýär. Sport — diňe bir sagdynlyk hem bolman, eýsem, ol gowulyga tarap ädim, öňe tarap hereket diýmekdir. Sport bir duran ýerinde durmaýar, ol adamzat ösüşiniň aýratynlyklaryny göz öňüne tutup, täze-täze gahrymanlary ýüze çykarýar. Onuň ösüşinde üstünliklere ýetilýär, täze-täze rekordlar goýulýar. Bu ulgamdaky iň täsin, gyzykly pursatlar bolsa, sportuň taryhyna siňip, onuň janköýerleriniň mydamalyk ýadynda galýar. Şu ýylyň bereketli güýz paslynyň ilkinji aýy özüniň ýatdan çykmajak täsirleri bilen ýüreklere siňip, taryhyň gatlaryna-da, halkymyzyň durmuşyna-da altyn harplar bilen girer.

 

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamak, halkyň saglygyny goramak babatda bitirilýän işler sanardan köp. Häzirki döwürde Türkmenistan döwletimizde sportuň hemmetaraplaýyn ösdürilýändigine, onuň ykdysady we maddy-üpjünçilik binýadynyň ýylsaýyn berkeýändigine, türkmen paýtagtynyň Aziýa ýurtlarynyň içinde iň iri sport merkezleriniň birine öwrülip barýandygyna Ýer ýüzi şaýat. Paýtagtymyz Aşgabatda «Aşgabat 2017-niň» oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde, guramaçylyk işleriniň tamamlaýjy tapgyry türkmen halkynyň bu ugurda barha beýik sepgitleri nazarlaýandygyny alamatlandyrýar. Sport ulgamynda hyzmatdaşlygyň halkara derejesinde işjeň ýola goýulmagy, döwletimizden Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türgenlerimiziň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri muňa aýdyň mysaldyr. Geçirilen maslahatda köpi gören ýaşulular, syýasatşynaslar bilen bir hatarda çykyş etmäge mümkinçilik alan ýaş türgen gyzlarymyzdyr oglanlarymyz özleriniň gazanan netijelerini sananlarynda, gözüňe buýsanç ýaşlary dolýar. Şol tolgundyryjy pursatlar ýeňiji üçin has buýsançlydyr welin, tomaşaçy, janköýer üçin ol has hem ýakymlydyr. Her gezek teleýaýlymda türkmen türgenleriniň ýaşyl Tugumyzy belende galdyran pursatlaryna şaýat bolanymyzda, tolgunmak bilen birlikde, Watanyňa, onuň ýaş nesillerine bolan söýgiň, buýsanjyň ýene bir mertebe ýokary beýgelýär. Indi ýedi ýyl bäri bu uly baýramçylyga — sport baýramçylygyna taýýarlyk görülýär. Danalarymyz: «Ynsanyň iň beýik zady, onuň özüne bolan ynamydyr» diýýär. Özüňe bolan ynama daýanyp, bar ukyp-başarnygyňy tijäp, Watanyň öňündäki borja wepaly ogul-gyzlar bolup, Watanyň beýik Tuguny ýokarda parlatmaly günleriň indi daşda däl, türkmen türgeni!

Ýurdumyzda sportuň dürli ugurlary boýunça dünýäniň çempionlary sanardan köp. Nesip bolsa, türkmen halkynyň beýik ynamy «Aşgabat 2017-de» türkmen türgenleriniň ýeňşine uly bil baglaýanlygydyr. Şu ýerde 2015-nji ýylda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen dzýu-do boýunça «Gran-Pri» iri halkara ýaryşynda ýeňiş gazanyp, baş baýraga hem-de altyn medala mynasyp bolup gelen ildeşimiz Gülbadam Babamuratowa bilen habarçymyzyň žurnal sahypasy üçin taýýarlan söhbetdeşliginden bir jümläni ýatlamak ýerlikli bolsa gerek: «Elbetde, sportda erjellik gerek. Maksada okgunly, tutanýerli, yhlasly hereket etmeli, ýeňşe bolan ynamyň, hyjuwyň bolmaly. Türgen öz-özünden talapkär bolmaly. Kynçylykdan gorkmaly däl. Bir duran ýeriňde durmaly däl, hemişe türgenleşmeli, hemişe hereketde bolmaly». Ine, türgen gyzyň jogabyndan mälim bolşy ýaly, diňe erjellik, tutanýerlilik, maksada okgunlylyk ýeňşe eltýändir, üstünlik getirýändir. Türkmen sportunyň şu günki ýeten derejesine özüniň saldamly goşandyny goşýan zenan türgenlerimiziň mynasyp paýynyň bardygyny olaryň dünýä ýüzüniň döwletlerine çykyp gazanyp gelen belent abraýlary, ýeňişleri muny doly tassyklaýar. Zenanlarymyzyň ýurdumyzyň sport abraýyny erkek kişiler bilen deň derejede ýokary götermekde bitirýän işleri halkymyzy çäksiz begendirýär. Ýadyňyzda bolsa, geçen ýylyň sentýabr aýynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde çarwadarlaryň II Bütindünýä oýunlary geçirildi. Şol bäsleşige-de türkmen türgenleri gatnaşyp, abraýly baýraklary gazanyp geldiler. Türkmen türgenleri tarapyndan gazanylan 23 medalyň 10-synyň zenanlara degişlidigini ýatlamak bolsa, has hem guwandyryjydyr. Ýene-de şol bäsleşikde zenan türgenlerimiziň bir wagtda iki medala mynasyp bolup, türkmen sportunyň ösüşini uly abraýa, şan-şöhrata beslemegi, biziň üçin has-da buýsandyryjydyr. Şu ýerde atamyň aýdan ýekeje jümlesini ýatlasym gelýär. Ol elmydama ekine, topraga hyzmat ederdi. Onuň dynç alýan wagtyna setanda-seýranda duşardyk. Biz-ä ol wagtlar çagadyk. Ulular oňa: «Kaka, senem indi dem-dynjyňy alaý» diýerdiler. Şonda atam: «Hereketden zelel ýokdur, oglum, hereket etseň, der çykar, der astynda dert galmaz. Men näçe hereket etsem, şonça-da durmuşdan lezzet alýan» diýerdi. Hereket, goý, ol sport hereketi bolsun, goý, zähmet bilen bagly bolsun, tapawudy ýok, ol seniň saglygyň üçin zerur bolup durýar. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, aşa agramly adamlar horlanmak üçin iýmiti näçe çäklendirseler-de, hiç hili netijäniň bolmaýşy ýaly, sportuň bu sökellige edýän täsiri tassyk bolan hakykat. Köp hereketliligiň, köp ýöremekligiň ömrüň uzalmagyna, dürli keselleriň öňüniň alynmagyna ýetirýän täsirini bilýäris. Şonda-da kähalatlarda ýaltalykdanmy ýa biperwaýlykdan, artykmaç hereket etmäni kyn görýäris. Gündeki ýerine ýetirilen maşkyň ynsan keýpini sazlaýandygyny aýdýan hekimlerimiziň maslahatyna elmydama eýersek, onda öňe tarap bir ädim ätdigimiz bolar.

Şu ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek işleri üstünlikli dowam edýär. Sport baýramçylygy mynasybetli iri sport desgalar toplumy bolan Olimpiýa şäherjigi myhmanlary kabul etmäge doly taýýar. Şu wagta çenli bu uly desgalarda birnäçe synag ýaryşlary geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň uly tagallasy, nusgalyk göreldesi bilen türkmen sporty gün-günden pajarlap ösýär. Bu babatdan mähriban Arkadagymyzyň hut özüniň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, halkymyz üçin, esasan hem, ýaş nesil üçin görelde mekdebidir.

Nesip bolsa, «Aşgabat 2017-niň» ýaryşlarynda türkmen türgenlerimiziň ýaşyl Tugumyzy belentde parlatjak güni daşda däl. Biz muňa pugta ynanýarys. Ynam — uly güýç. Mähriban Arkadagymyzyň Watanymyzyň at-abraýy üçin edýän tagallalary uly rowaçlyklara beslensin! Milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com