Ugur — Aziadanyň toýuna!

 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary. Eýýäm ýedi ýyldan bäri dilden-dile geçip gelýän bu sözler göräýmäge, adaty bir yklym ýaryşynyň ady ýaly. Ol 2005-nji ýyldan bäri dört gezek geçirilipdir, indi bäşinji gezek hem Aşgabatda geçirilýär. Ýöne bu ýaryş tertip boýunça bäşinji gezek geçirilýän hem bolsa, birtopar birinjiligi öz içine alýar. Olaryň iň esasysy-da, bu ýaryşyň ilkinji gezek şeýle giň gerimde — dünýäniň 64 döwletinden wekilleriň gatnaşmagynda geçiriljekdigidir. Heý, şeýle bolar-da, yklym ýaryşy ajaýyp sport baýramçylygyna öwrülmezmi?! Hawa, ýene-de bary-ýogy bir aýdan Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna belki, ozal taryhda görlüp-eşidilmedik sport baýramçylygy garaşýar.

«Aşgabat 2017-ä» ýöne ýerden baýramçylyk diýemizok. Ol diňe bir sport ýaryşlaryny özi içine almaz. Resmi açylyş senesi 17-nji sentýabr diýlip görkezilýän hem bolsa, Aşgabat güýzüň ilkinji günlerinde myhmanlaryny garşylap başlar. Resmi senenamada Oýunlaryň wagty 10 güni öz içine alýan hem bolsa, tä oktýabr aýyna çenli Aşgabatda «Aşgabat 2017-niň» şüweleňiniň dowam etjekdigi gürrüňsiz hakykatdyr.

Taryhyň şanly wakasyna şaýat bolmak kimi heýjana salmaz?! Aziýa oýunlaryna daşary ýurtlardan, bar aýdaly, welaýatlardan geljek myhmanlar hakynda-ha gürrüňem ýok, hatda Aşgabadyň hut özünde ýaşaýanlarda hem gyzyklanma örän uly. Eýýäm her kimde Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabarasyny, gyzykly ýaryşlary hut stadiondan ýa-da sport toplumyndan synlamak islegi her birimizde bar. Aslynda, şeýle iri dabaralaryň açylyş we ýapylyş dabaralary täsin galdyryjy kompozision görnüşlere baý bolýar. Ynsan bolsa hemişe gözellige teşne. Biz şu ýazgylar arkaly, «Zenan kalbynyň» okyjylarynyň ünsüni bir hakykata çekmek isleýäris. «Aşgabat 2017-niň» tomaşaçylaryna açylyş-ýapylyş dabaralaryndan başlap, her bir ýaryşa çenli göz öňüne getirişlerinden hem artyk lezzet, hezillik garaşýar. Munuň üçin taýýarlyklara mundan ençeme aý ozal girişildi.

Aşgabat Aziadasynyň dabaralarynyň diňe Olimpiýa şäherjigine sygmajakdygy öz-özünden düşnükli. Şol günlerde tutuş Aşgabat toý lybasyna bürener. Onsoňam, ýurt söküp gelen myhmanlaryň diňe bir ýaryşlara gatnaşyp, öz watandaşlaryna janköýerlik etmek bilen çäklenmejekdigi hem aýan zat. Baran ýerini içgin-içgin synlamak, ozal gelip görmedik şäheriniň mümkin boldugyndan kän ýerine baryp görmek islegi adamzadyň tebigatynda bar. Onsoňam, yklym ýa-da dünýä derejesindäki ýaryşlar geçirilýän şäheriniň ady bilen adygýar. Aşgabat yklym ýaryşyny — «Aşgabat 2017-ni» geçirmäge doly taýýar. Mundan iki aý ozal Mary şäherinde Oýunlaryň başlanmagyna 100 gün galmagy mynasybetli geçirilen media forumda Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň ýolbaşçysy: «Aşgabat bu sport baýramçylygyny ýene-de 100 günden däl, ertir geçirmeli bolsa-da, taýýar» diýipdi. Paýtagtda ondan bäri hem edilen işleriň hetdi-hasaby ýok. Gysga wagtyň içinde sebitiň iň owadan şäherleriniň birine öwrülen Aşgabada we onuň eteklerine gezelenç Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyndaky iň gyzykly çäreleriň biri bolar. Ýadyňyzda bolsa, hormatly Prezidentimiz bu gezelençleri diňe bir awtobusda ýa-da kiçi awtoulaglarda däl, eýsem, dikuçar arkaly ýola goýmagyň hem juda maksadalaýyk boljakdygyny aýdypdy. Diýmek, ýene-de sanlyja günlerden Aşgabat dünýäniň çar künjünden geljek myhmanlaryna  ýüreginem, gujagynam giňden açar.

Biziň ýurdumyzyň maksady — Oýunlaryň geçirilýän günlerinde hiç bir zat babatda bökdençligiň bolmazlygy. Şonuň üçin hem diňe bir käbir sport görnüşleri boýunça ýaryşlarda däl, beýleki ugurlar boýunça hem synag çäreleri geçirilýär. Geçen aýda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan «Gijeki Aşgabat» atly synag syýahatçylyk çäresiniň — ýörite gezelenjiň geçirilendigi ildeşlerimiziň, esasan hem, paýtagtlylaryň ýadyndadyr. Munuň üçin Koreýa Respublikasynyň «Hyundai» kompaniýasynda öndürilen iki gatly döwrebap awtobuslaryň hyzmatyndan peýdalanyldy. Şol gün ildeşlerimiziň köp sanlysy bilen birlikde, dünýä ýurtlarynyň ençemesinden gelen syýahatçylar hem gijeki Aşgabada seýle çykdylar. Maksadymyz gezelenjiň olarda galdyran täsirleri hakynda şol günlerde metbugat sahypalarynda ýazylanlary gaýtalamak däl, ýöne «Aşgabat 2017-niň» dowam edýän günlerinde guraljak şeýle gezelençleriň iňňän täsirli boljakdygyny welin, aýratyn nygtamak isleýäris. Siz gijeki Aşgabada dikuçarly gezelenç etmegiň täsirini bir göz öňüne getirip görüň! Nesip bolsa, bularyň ählisi ýakyn günlerde Aşgabat Aziadasynyň myhmanlary üçin elýeterli bolar.

Hawa, «Aşgabat 2017-ä» «7 ýyl bar» diýip, «5 ýyl bar» diýip, «3 ýyl» ýa «bir ýyl bar» diýip, «100 gün» ýa «50 gün galdy» diýip garaşdyk, indi bolsa bary-ýogy bir aý galdy. Birje aý. Diýmek, oýunlar indi bosagada. Uly toý — sportuň, dostlugyň, ruhubelentligiň toýy bosagada. Onsoňam, ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, Oýunlaryň resmi açylyş dabarasyna bir aý galdy. Ýöne Aşgabadyň Aziada toýy ondan hem birnäçe gün öň, mysal üçin, sentýabryň ilkinji günlerinden başlar. Ýene-de 10-15 günden mekdeplerde kakyljak ilkinji jaň diňe bir täze okuw ýylynyň başlanýandygyny däl, eýsem, Aşgabatda uly sport baýramçylygynyň dabaralarynyň başlandygyny hem buşlar! Türkmenistan, Aşgabat toýa barýar! Diňe biziň ýurdumyz däl, tutuş Aziýa, Okeaniýa, şolar bilenem bütin dünýä toýa barýar! Bu toýuň sebäpkärleri — SPORT, DOSTLUK, RUHUBELENTLIK! Şol günlerde bütin Ýer ýüzi bu üçem beýikligiň güýjüne şaýat bolar! Ol güýç bolsa gözbaşyny bagtyýar döwürli, Gahryman Arkadagly Türkmenistandan alar!

Ýörüň toýa, «Aşgabat 2017-niň» toýuna, doganlar!

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com