ÝEŇSIZIŇ TÄZE BIÇÜWI

Biziň ýaşlarymyza, ýaşulularymyza ýaşyl, gök, goýy gyzyl reňkli begresden keteniden, galňas ýüň matalardan ýeňsizler örän oňat gelişýär. Ýeňsizler arkaňy, gursagyňy şemaldan, sowuklamadan goraýar.

Ýeňsiz üçin niýetlenen parçadan boýy 70 sm. ini 48 sm. ikigat kesip almaly. Çyzgyda görnüşi ýaly ikigatlygyna 4 sm. ak hek, galam bilen çyzyp kesip aýyrmaly. Ýakanyň ýeňse tarapy üçin 17 sm. belläp iki nokat goýmaly. Nokatlardan gerişlere tarap 4-5 sm. danlary kesip aýyrmaly. Ýeňsiziň öň tarapyndan 1,5 sm. dany kesip aýyrmaly. Öň tarapynyň ýaka oýmasyny 24 sm. kesip aýryp, aşaklygyna ýakany açmaly. Ýeňsiz bir arka, iki öň tarapdan ybarat bolar. Ýeňsizi taraplaryna görä, aýry-aýry işlikläp, tikin işlerini sünnäläp ýerine ýetirmeli. Keşdelemek, gaýmalamak, jähek çalmak, aldymgaç ýörmemek, öň tarapyndan, iç ýüzünden jübi tikmek islege görädir.

Ýüpek-sapakly iňňäniň we çeper elleriň ýördümi bilen döredilýän ajaýyp inçe işe keşde diýilýär. Bu türkmen zenanynyň döreden sungaty, jadyly hem ajaýyp hünäri. Keşde iňňäniň ujundan önýän, iňňän nepis inçe iş bolup, keşde diýeniňde, älem-jahan nagyş bolup göz öňüňe gelýär. Çünki Aýyň, Günüň şöhlesi, pasyllaryň öwüşginleri, çeper sözleýişler hem şahyrana kalba nagyş, keşde ýaly bolup duýulýar. Owadan zatlara, owadan hatlara-da keşde ýaly diýýärler. Mahlasy, türkmen zenanlarynyň keşde sungaty dünýäde iň ajaýyp sungatdyr.

Keşde sapagyny üçgat işmeli. Munuň üçin pile ýüpegiň gatlaryny barmaklar bilen açmaly. Gatlaryň içki we daşky towuny ýetirmeli-de, daşky towuny ýene bir gezek towlap, iňňe bilen syntgylamaly. Syntgylananda ýüpegiň gerekmejek gyldyrgantlary iňňäniň daşyna oralyp aýrylar. Işilen ýüpegiň towlary zerlenen ýaly ýalpyldar. Keşde islendik dürli ölçegde iki sany çep we sag keşde halkalaryň gezekli-gezegine dowamlylygy bilen öndürilmeli. Ýagny sag eliň ýüpekli iňňäni her gezek keşde halka ildirip, çümdürip keteniden garbap, iňňäni çekip çykaryp, ýüpegi çekişdiren pursadyňda çep eliň başam barmagy emele gelen keşde halkany öňki keşde halka jebisläp iteklemeli we täze halka alynýança, ýaňky halkanyň sapagyny basyp saklamaly. Keşdeläp başlamak üçin keşdelenmeli keteniniň başyny dyziňňe bilen dyzyňa berkitmek amatly söýgetdir. Onsoň, çep eliň bilen keteniniň keşdelenmeli ýerinden usully saklap, sag eliňdäki ýüpekli iňňäni keteniniň arka ýüzüne sünjüp, uşajyk tikin bilen ýüpegiň ujuny berkitmeli. Iňňäni keteniniň ýüzüne çykaryp, sag tarapda 2-3 mm ýer goýup, keteniden gylyň inçeligi ýaly garbap, ýüpekli iňňäni özüňe tarap çekmeli-de, tizlik bilen çep tarapdan ýüpek bilen bile keteniden garbap, tizlik bilen sag tarapda emele gelen keşde halkadan iňňäni çümdürip, keteniden garbamaly-da, tizlik bilen çep tarapda emele gelen keşde halka iňňäni çümdürip, keteniden garbap, şu görnüşi gaýtalabermeli. Keteniniň aşak ýüzünden bolsa, çep eliň dört barmagy söýget berip, hereket etmeli. Şeýle işlenende keşde tekiz, gyradeň, owadan bolar. Işiň dowamynda keşdeçi keşde iňňeden keşde halkany sypdyrsa, şol pursat, şol halkany alyp ýetişmese, keşdäniň görki bozular. Şonuň üçin usullylyk bilen şol halkany tutup ýetişmeli. Nagyş keşdelenip başlananda, iňňe keşde halkalardan ketenä çümdürilende, keteniden az garbaldygyça, keşde nagyş dykyz ýylmanak bolar. Keteniden köp garbaldygyça-da keşde çal-gözenek bolup, hili pes bolar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com