Bogra hanyň nahary

Halkymyzyň eý görüp gelýän tagamlarynyň arasynda iň gadymylarynyň biri-de pişmedir. Türkmeniň pişmesiz toýy ýok diýsek, megerem, hakykatdan daş düşmesek gerek. Şonuň üçin-de, milli tagamlarymyz baradaky söhbedimizi pişmeden başlamagy göwne makul hasap etdik.

 Bu ajaýyp tagama Türkmenistanyň demirgazyk çäklerinde «bogursak» diýilýän bolsa, Ahal, Mary, Balkan welaýatlarynda pişme ady bilen belli bolup, ol ýaga bişirilen üçburç şekilli bugdaý unundan edilen iýmitdir. «Bogursak» sözüniň gelip çykyşy X asyryň ikinji ýarymynda Mawerennahrda Garahanlylar döwletini guran Oguz nesilleriniň Bogra han serdarynyň ady bilen baglydyr. Bogra han häkimet başyna geçenden soň, ol orta Aziýanyň merkezi we söwda şäheri bolan Buharany, Horezm döwletini özüne bakna edýär. Ýörişleriň birinde onuň ýolda bugdaý unundan bişirilen nahary, tagamy, göwni küýseýär-de, aşpezine derhal nahar taýýarlamagy tabşyrýar. Şol pursat aşpeziň ýanynda nahar bişirýän zatlary elýeterinde ýok eken. Şeýle-de bolsa, aşpez ugur tapypdyr. Ol ýanyndaky kömekçilerine, hyzmatkärlerine derrew bugdaý unundan hamyr etmegi tabşyrýar. Hamyry pyçak bilen kesişdirýär-de, ýol üstünde ýaga bişirýär. Bişirilen tagam häzirki bogursak, ýagny pişme eken. Tagama göwni ýeten Bogra han: «Şu tagama şundan şeýläk Bogra hanyň nahary diýilsin!» diýipdir. Bogursak-pişme ýol ugrunda gysga wagtlyk dynç alyşlykda çaýyň gapdaly bilen ýa-da at üstünde, şeýle-de pyýada ýöräp barýarkaň, ýumşaklygyna iýip, ýürekse edinäýmäge-de amatly bolupdyr.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com