Dograma geldi saçaga

Ir döwrüň kitaplarynyň birinde, ýagny Abu Osman Jahyzynyň eserinde dograma barada şeýle setirler bar:

Dograma geldi saçaga.

Üstünde ýag, akan etler.

Iň gowusy düýäniňki.

Tagamy agzyňdan gitmez.

 

Bu setirleriň özi ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras galan bu ajaýyp naharyň halkymyzyň gadymy naharlarynyň biridigine şaýatlyk edýär. Maňa dogramanyň döreýşi baradaky il arasyndaky şu gürrüňi Tejen şäherinde ýaşaýan, toý-üýşmeleňlerde türkmeniň milli tagamlaryny taýýarlap: «Toýuň tagamlaryny Gurban aga bişirdip bilsem, armanym ýok!» diýdirmegi başaran ussat aşpez, mährem, hoşgylaw ýaşuly Gurban Hojamyratdan eşidipdim.

...Ir döwürde adyl patyşalaryň biri wagtal-wagtal halkyny ýygnap, naharlar eken. Bir sapar iki batyl adam hem nahara gelýär. Olaryň öňlerine-de nahar äberilýär. Tagamy iýip oturan körleriň biri:

— Gözümiziň görmeýäni üçin, bilmezler öýdüp bize eti az salypdyrlar öýdýän, beýlekileriň tabaklaryna has köp et goýlan bolsa gerek! — diýenmiş.

Her näçe seresap aýdylan-da bolsa, bu gep patyşanyň gulagyna ýetýär. Ol nahar bişirijileriň ählisini bir ýere ýygnap, şeýle buýruk berýär:

— Eti-de, hemme zady-da ähli kişä deň-derman ýeter ýaly nahar bişiriň!

Şonda tejribeli aşpezleriň biri şeýle maslahat beripdir:

— Patyşahy älem! Eti aýratyn bir gazanda bişirmeli. Tamdyrda bişen petir çöregi hem-de eti dograp, ikisini gowuja garyşdyrmaly. Soňra ondan her tabaga salmaly-da, et gaýnadylan çorbadan guýup, ezip äbermeli. Şonda hemmä deňlik bolar!

Şeýdip, türkmeniň meşhur milli tagamy, nahary bolan dograma döräpmiş.

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com