«Şüle, şu görüp duranyň-la!...»

Ir döwürde daýhançylyk bilen meşgullanyp ýören adam bolupdyr. Häsiýeti boýunça ol diýseň gagal, gaharjaň adam eken. Onuň at dakman iýen nahary, geýen geýimi, alan harydy az bolupdyr. Garaz, onuň göwnüne ýaraýmak gaty kyn düşüpdir. Ýöne, köplenç, onuň aýdany ugruna-da bolupdyr. Ol ähli zadyň gowy, kemsiz ýerine ýetirilmegini isläpdir. Onuň aýaly welin, zähmetsöýer, ýuwaş aýal eken. Adamsy näçe iňre, gagal we gaharjaň bolsa-da, onuň göwnüne ýetjek bolup, aranyny, ýadanyny bilmändir. Maşgalanyň abraýy diýip ir-ertirden gijagşama çenli hyzmat edip, wagtyň nähili geçendigini-de bilmändir. Käte ýalňyşsa ýa-da bir işi ýadyndan çykarsa, adamsynyň «sapaklaryny» hem öz günäsi bilen bolan iş hasaplamagy başarýan diýseň arkaly bu zenana goňşy-golamlary-da uly hormat goýýar ekenler.

Günlerde bir gün ol aýal adamsynyň işden gelýän uçurlary palaw taýýarlapdyr. Ol palawy has tagamly taýýarlamak üçin oňa goşmaly zatlaryň hiç birini-de kem etmändir. Suwuny-da çeker öýdüp, köp guýupdyr. Nahar taýýar bolsa-da, ol palawa meňzemändir. Aýal görgüli nätjegini bilmändir. Näçe özüni köteklese-de indi giç bolupdyr. Nahar etmedim diýse-de uzakly gün meýdanda işläp, ýadap gelen adamsynyň kötegini iýmeli boljak. Onsoň, aýala: «Näme bolsa, şol bolsun, işden ýadap gelen adamyny naharsyz, aç goýsaň, o-da gowy däl!» diýip, taýýarlan naharyny guýup, adamsynyň öňünde goýmakdan başga alaç galmandyr. Äri aýalynyň nähili nahar taýýarlandygyna düşünmändir. Palaw diýseň palaw däl ýa-da başga bir tagam. Ýöne, gaty tagamly bolan bu naharyň adynyň nämedigini soramakçy bolup, bilesigelijilik bilen aýalyny çagyrypdyr. Ol adamsynyň nahara göwni ýeten däldir öýdüp, bar zada kaýyl bolup, ýaýdana-ýaýdana sazanaklap, onuň ýanyna barypdyr. Adamsy gaýta tersine, mylaýymlyk, göwnühoşluk bilen bu naharyň diýseň tagamly bolandygyny aýdyp, onuň adyny sorapdyr. «Beýle tagamly nahary taýýarlap bilýän bolsaň, ýygyrakdan bişirmel-ä!» diýip tabşyrypdyr. Aýal görgüli garaşylmadyk bu hoşamaýlyga aljyrapdyr. «Naharyň ady näme?» diýlen sowala-da sakawlap:

— Şü-le, şu görüp duranyň-la! Şüle! — diýip, gaýtalap durupdyr.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com