Toýlarymyzyň baş tagamy

Türkmen toýlarynyň-toý saçagynyň esasy bezegi, naz-nygmatlaryň seresi çelpek bilen gatlama hasaplanýar.

Gadym döwürlerde iki dost ýaşapdyr. Olaryň biri örän baý, beýlekisi bolsa diýseň garyp eken. Dostlaryň örän owadan, akylly gelinleri bolupdyr. Bir gün baý oglan dostuna: «Gel, biz gelinlerimizi bäsleşdireli, başarnyklaryny synap göreli. Goý, olar bize entek dünýäde ýok tagamy bişirip, taýýarlap bersinler!» diýipdir. Garyp oglan muňa garşy bolup durman razylaşypdyr. Ol öýüne gelip, bolan wakany, ýagdaýy aýdyp beripdir-de, tagam bişirmegi tabşyrypdyr. Garyp oglanyň aýaly çuwalyna seretse, ýekeje goşawuç uny bar eken, golçasyna seretse welin, azajyk hem ýagy bar diýýär. Ol biraz oýlanypdyr-da, äriniň ýüzüni gyzartmazlyk üçin tagam bişirmäge başlapdyr. Bolanja unundan hamyr edip, ony kiçijek böleklere bölüpdir. Soňra ony tegelekläp, gaty ýukajyk edip ýaýypdyr. Gyzyp duran gazanyň içine ýag sepeläp, soňra ýaýan hamyryny atyp, üstüne-de azrak ýag sepeläp, bişirmäge başlapdyr. Şeýdip, garyp oglanyň gelni uny, ýagy az bolsa-da bolanja zadyndan tagam bişiripdir.

Baýyň gelniniň çuwalynda uny-da, golçasynda ýagy-da köp eken. Ol köp edip hamyr edipdir. Hamyrynyň az wagtlap üstüni basyryp goýupdyr. Soňra ony böleklere bölüp, ýukajyk edip ýaýyp gatlapdyr. Gatlanan hamyr bölegini täzeden ýaýyp ýagy gyzyp duran gazana atyp bişirmäge başlapdyr. Gelinleriň ikisiniň-de bişiren tagamlary taýýar bolupdyr. Olar bişiren tagamlaryny halka hödürläpdirler. Adamlar olary dadyp görüp: «Gör, nähili üýtgeşik tagam!» diýşipdirler. Şonda märekäniň arasyndan bir ýaşuly çykyp:

— Geliň, biz gelinlerimiziň bişiren bu üýtgeşik tagamlaryna at bereliň!— diýipdir. Ýaşuly garybyň gelnini görkezip: «Bu gelniň tagamyna çelpek diýip at bereliň!» diýipdir. Baýyň gelnini görkezip bolsa: «Goý, bu gelniň bişiren tagamynyň ady-da gatlama bolsun! Çelpek bilen gatlama, goý, mundan beýläk toýlarymyzyň esasy tagamlary bolsun!» — diýip, ýaşuly sözüni jemläpdir. Ine, şondan bäri hem türkmen toýlarynda çelpek bilen gatlama bişirilip, toý saçaklarymyzy bezäp gelipdir. Bu häzir hem şeýle.

Ýeri gelende, bu günki gün çelpegiň toşaply çelpek, künjüli çelpek ýaly we başga-da birnäçe görnüşleriniň bardygyny belläp geçmek gerek.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com