OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINIŇ DESGALARY ÝOKARY SYLAGA MYNASYP BOLDY

Aziýanyň iri sport baýramyna 10 gün galmagy mynasybetli uly dabaralar geçirildi. Dabaranyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň myhmany, Ginnesiň rekordlar kitabynyň önüm marketingi boýunça ýolbaşçysy jenap Wiktor Fenes Wakasa söz berdi. Myhman Ginnesiň rekordlar kitabyna hödürlenen degişli maglümatlaryň doly we içgin öwrenilmeginiň netijeleri barada habar berip, hormatly Prezidentimizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny paýtagtymyz Aşgabadyň dünýä rekordlarynyň arasynda ýene-de bir gezek my­nasyp orny eýeländigi bilen gutlady.

Aşgabat Aziadasynyň esasy nyşany bolan bedewiň çeper şekili bu keşbiň esasy bölegine öwrüldi. Bu ägirt uly şekilde oýunlaryň tutuş many-mazmun babatdaky taglymy, Türkmenistanyň beýik maksatlara, dünýäde parahatçylyga we halklaryň arasyndaky dostluga, ählumumy ösüşiň hem-de abadançylygyň bähbidine döredijilikli gatnaşyklara, ýaşaýyş-durmuşyň esasy gymmatlygy hökmünde sagdynlygy berkarar etmäge ymtylmasy jemlenendir.

Ikinji güwänama Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň sportuň suw görnüşleri merkezi mynasyp boldy. Ol halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna kybap gelýän ekologiýa taýdan arassa serişdelerden häzirki zaman tehnologiýalar esasynda gurlan dünýäde iň uly üsti ýa­pyk suwda ýüzülýän howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Myhman milli Liderimize güwänamalary gowşuryp, Ginnesiň rekordlar kitabynda öz beýanyny tapan täsin Olimpiýa şäherçesirim ýene-de köp ňesillere hyzmat etjekdigini herň-de ak mermerli paýtagtyň ajayyp ýerieriniň birine we buýsanjyna öwrüljekdigiňe nam bildirdi.

Muňa jogap edip, hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherçesindäki atyň keşbiniň hem-de Suw sport toplumynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi mynasybetli Ginnesiň rekordlar kitabynyň ýolbaşçylaryna we ähli işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu waka mähriban halkymyzyn beýik maksadyň hatyrasyna çekýän döredijilikli zähmetiniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýenede ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynjm agzalaryna ýüzlenip, şeýle diýdi:

Garaşsyz Türkmenistan kuwwatly döwlet. Biziň tagallalarymyz, yhlasymyz, arzyly pellehana bolan ynamymyz bilen berkarar döwletimiziň sporty hem güýçli bolmalydyr.

Elbetde, şu gün berkarar Watanymyzyň senenamasyna aýgytly başlangyçlaryň senesi hökmünde ebedi ýazylar. Sebäbi V Aziýa oýunlarynyň alawynyň ýakylan güni geljekki üstünliklerimize badalga berlen taryhy gündür!

, "Sport" myhmanhanasyndan çykan mahaly döwlet Baştutanymyz milli ýygyndymyzyň agzalarynyň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com