BAGTYÝAR ZENANLAR — WATAN BUÝSANJY

 

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň «Zenan kalby» žurnaly bilen bilelikde geçiren maslahaty şeýle atlandyryldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda uludan bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilen bu maslahata ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni Bahar Serdarowa maslahaty alyp baryp, onuň hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylan ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň täze edara binasynda geçirilýän ilkinji dabaraly çäredigini aýratyn belledi. Munuň özi mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli döwlet syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine zenanlarymyzyň ilkinjileriň hatarynda seslenýänligidir. Ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň hem-de onuň ýerlerdäki ilkinji guramalarynyň alyp barýan işleri, wagyz-nesihat çäreleri «Zenan kalby» žurnalynyň sahypalarynda hem giňden beýan edilýär. Ýene-de bir buýsançly habar, milli telewideniýede güneşli Diýarymyzyň zenanlarynyň zähmet we durmuş ýoluny açyp görkezýän «Zenan kalby» atly täze gepleşigiň açylmagydyr. Ýörite habarçymyz maslahata gatnaşan ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylarynyň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy.

 

Gülşirin OTUZOWA.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň
ilkinji zenanlar guramasynyň
ýolbaşçysy:

— Watan buýsanjyna ygrarly zenanlarymyzyň «bir supranyň» başyna jemlenip, milli däp-dessurlarymyzy, asylly ýol-ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmek, türkmen zenanlaryna mahsus edep-ekramlylygy, ahlaklylygy aýap saklamak baradaky terbiýeçilik ähmiýetli özara pikir alyşmalarynyň, milli Liderimiziň mähriban enelerimize we zenanlarymyza goýýan çuňňur hormat-sarpasyna alkyşly namalarynyň Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen baglanyşygynda özara sazlaşygyň inçe syrlary yzarlanýar. Perzendi dünýä beren ene onuň sagdyn ösüp-ulalmagy, sowatly, ylymly-bilimli, hünärli, il-günümize, eziz Watanymyza wepaly bolmagyny gazanýar. Ilkinji terbiýäni maşgalada alan çaga soňra çagalar bagynyň, ak mekdebiň gujagyna dolýar. Haýsy-da bolsa, bir käre, hünäre höwesli oglan-gyzlar ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň gapysyny kakýarlar. Ylym ojaklary olaryň arasyndan ökdesini saýlap alýar. Ynha, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň täze okuw ýylynda-da zehinli ýaşlaryň müňlerçesi ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ilkinji gadamy basdylar.

Ylym ojagymyz geçmiş taryhymyzda zenanlarymyzyň aýdym-saz sungatyndaky şöhratly ýol-ýörelgelerini bagtyýarlyk döwrümizde mynasyp dowam etdirýän talyp gyzlaryň ýüzlerçesini özüne birleşdirýär. Halypa-şägirtlik ýoly täze zehinleriň ýüze çykmagynda örän ähmiýetlidir. Sungatymyzyň geljekki gülläp ösüşlerini özüniň guýmagursak zehini bilen ýokary göterjek ýaşlar milli ruha ýugrulan aýdym-saz sungatyny has-da yhlas bilen öwrenýärler. Olaryň aglabasy ýurdumyzda döwlet derejesinde geçirilýän baýramçylyklarda uly sahnalarda çykyş etmäge hem hukuk gazanýarlar. Mähriban Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, aýdym-saz ýurtlary, halklary ýakynlaşdyrýar, dost-doganlyk gatnaşyklaryny jebisleşdirýär. Şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşmaga döredilen mümkinçilikler üçin milli Liderimize köp sagbolsun aýdýarys.

 

Bahar EZIZKULYÝEWA,


Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň ilkinji zenanlar
guramasynyň ýolbaşçysy:

— Maslahatda Watan buýsanjyna öwrülen zenanlarymyzyň maşgaladaky we jemgyýetdäki mynasyp orny barada hem gürrüň edildi. Ýokary okuw mekdebimizde okaýan talyp gyzlaryň geljekde zähmetsöýer, watansöýüji, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin dürli terbiýeçilik çärelerini yzygiderli geçirýäris. El hünärine bagyşlanyp geçirilýän dürli bäsleşiklerde gyzlarymyzyň çeper el hünärine ussatlygy, süýji tagamlary taýýarlamaga başarnyklary, geljekde olaryň maşgala ojagyny bezemäge taýýardyklaryny aňladýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp miwesi bolan ýokary okuw mekdebimiziň tapawutly tarapy, ähli sapaklaryň iňlis dilinde alnyp barylýanlygydyr. Talyp gyzlaryň daşary ýurt dillerini has çuňlaşdyryp öwrenmekleri, sözleýiş endiklerini has-da kämilleşdirmekleri üçin bäsleşikler, köplenç, iňlis dilinde gurnalýar. «Aşgabat 2017-niň» meýletinçileriniň arasynda biziň talyp gyzlarymyzyň hem bolmagy buýsandyrýar. Biziň üçin jogapkärli döwrüň toý-baýramlar, taryhy seneler bilen başlanmagy, täze okuw ýylynyň rowaçlyklara, üstünliklere beslenjekdiginden nyşan. Bize okamak, işlemek, döretmek üçin ähli amatlyklary döredip, ajaýyp zamanany peşgeş eden Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

 

Ogulmaýsa KAKABAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň ilkinji zenanlar

guramasynyň ýolbaşçysy:

— Täze okuw ýylynyň öň ýanynda paýtagtymyzda täze ýokary okuw jaýynyň —
Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň açylmagy, göwün galkyndyran hoş habarlaryň biri. Dana pähimlerimizde «Bilimli il ozar» diýilýär. Ylym-bilim beýik ösüşleriň badalgasy. Şu maksat bilen açylýan ýokary we orta okuw mekdeplerinde ýaşlarymyz çuňňur bilim we terbiýe alýarlar, hünär öwrenýärler. Şolaryň hatarynda biziň uniwersitetimizde hem geljekki lukmanlaryň ýüzlerçesi taýýarlanylýar.

Ynsan saglygyny ähli zatdan ýokary tutýan mähriban
Arkadagymyzyň bu ugurdan alyp barýan işlerini sanap gutarma ýok. Bu biziň öz işimize bolan jogapkärçiligimizi has-da artdyrýar. Şonuň üçin diňe bir sapaklary talabalaýyk özleşdirmek däl, eýsem, gyzlaryň edep-terbiýesi, olaryň jemgyýetde, köpçülik ýerlerinde özüni medeniýetli, salykatly alyp barmagy, olary durmuşa taýýarlamak baradaky meseleler ilkinji zenanlar guramasynyň meýilnamasynda ýörite bellenilen. Bu babatdan geçirýän çärelerimiz, bäsleşiklerimiz oňyn netijesini hem berýär.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň täze okuw ýyly biziň öňümizde has-da uly jogapkärçiligi goýýar. Biz hemmämiz birlikde «Aşgabat 2017-niň» ýokary guramaçylykly geçirilmegini gazanmaly. Türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak bu şanly baýramçylygyň ýeňişlere beslenmegini arzuw edýäris.

Jahansoltan MEREDOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ilkinji zenanlar
guramasynyň ýolbaşçysy:

— Maslahatda ýaş gyzlaryň edep-terbiýesi barada hem gürrüň edildi. Gyz maşgalanyň terbiýesi örän çylşyrymlydyr. Şonuň üçin bu babatdan alnyp barylýan işlerde ene-atalar bilen birlikde mugallymlaryň boýnuna-da uly jogapkärçilik düşýär. Zamanamyz ajaýyp, durmuşymyz gözel, elimiz uzan ýerine ýetýär. Bagtyýar döwrüň özi bizi diňe ak ýürekden okamaga, işlemäge, gurmaga, döretmäge ruhlandyrýar. Şu jähetden, geljekki binagärler bilen geçirýän köpçülikleýin çärelerimizde, bäsleşiklerde, sergilerde, ylmy maslahatlarda mähriban Arkadagymyzyň bimöçber aladalary bilen ösüş-özgerişlere beslenen ata Watanymyzyň waspy bar.

Garaşsyz ýurdumyz gurluşyk meýdançasyny ýada salýar. Täze obalar, şäherçeler peýda bolýar. Milli binagärlik keşbi bilen dünýäni haýrana goýýan gözel paýtagtymyz bolsa, yklymda iri sport baýramçylygyna täze dörän ajaýyp binalary bilen barýar. Olar ýüzlerçe. Döwrebap ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly desgalar, bu amatlyklar her birimizde ata Watanymyza bolan buýsanjy, milli Liderimize bolan söýgini goşalandyrýar. Bize bagtly günleri bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

 

Oguljan AÝNAZAROWA,

Türkmen döwlet ulag we
aragatnaşyk institutynyň ilkinji
zenanlar guramasynyň ýolbaşçysy:

— Watan buýsanjy! Çuňňur many-mazmuna eýlenen bu sözüň aňyrsynda mertebe duýgusy ýatyr. Bu söz zenan bilen bagly bolanda has-da buýsançly eşidilýär. Çünki ol ömrüň manysy, öý-ojagyň bezegi bolan enelerimiziň, zenanlarymyzyň gadyr-gymmatyna öňküden-de çuňňur düşünmäge esas döredýär. Hut şonuň üçin-de, biz mähriban Arkadagymyzyň: «Zenanlar biziň Watanymyzyň buýsanjydyr» diýen dürdäne jümlesini kalbymyza mähir bilen ýazyp, uly buýsanç bilen ýüregimiziň töründe göterip gezýäris.

Halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda zenanlaryň orny mydama-da belentde bolupdyr. Olara hormat-sarpa goýlupdyr. Öý-ojagyna wepalylykda, perzent terbiýesinde ene-mamalarymyzyň nusgalyk ömür ýoly biziň üçin mekdepdir. Lebzihalallyk, süňňüpäklik, ahlaklylyk ýaly arkama-arka dowam edip gelýän asylly häsiýetler talyp gyzlarymyzyň arasynda geçirýän terbiýeçilik ähmiýetli çärelerimiziň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Hemmetaraplaýyn söýgi we alada bilen gurşalyp alnan gyzlarymyzyň geljekde öz saýlap alan hünärlerinde at-abraý, maşgala ojagynda orun alyp, Watan buýsanjyna öwrüljekdiklerine ynanjymyz kämil. Türkmen zenanlarynyň abraý-mertebesini arşa göterýän milli Liderimize egsilmez rowaçlyklary arzuwlaýarys.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com