Şa serpaýyňyz gutly bolsun, türgenler!

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geçirilen Aziýa yklymynyň iri sport ýaryşy bolan dünýä sportunyň sahypalarynda öz mynasyp ornuny olan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda  ussatlyk görkezip, ýaşyl Tugumyzy al-asmanda pasyrdadan türkmen türgenlerine hem-de tälimçilerine şa serpaýyny ýapdy. Milli Liderimiz tarapyndan ýurdumyzyň sportjemgyýetçiligniň wekillerine ýokary  döwlet sylaglary "Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi" hem-de "Türkmenistanyň at gazanan sport ussady" diýen hormatly atlar berildi.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen dabaraly çärä Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, degişli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatçylar, tälimçiler, meşhur türgenler gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş eden ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň ýokary netijeleri gazanan türgenlerini we tälimçilerini dabaraly ýagdaýda sylaglamak kararyna   gelinendigini aýtdy. Milli ýygyndy toparymyzyň wekilleri V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç, jemi 245 medal gazanyp, berkarar döwletimizde sportuň hem güýçli ösendigini bütin dünýä görkezdiler diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi.

Dabaraly çäräniň dowamynda milli Liderimiz ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň tälimçilerine hem-de türgenlerine "Türkmenistanyň at gaza­nan tälimçisi" we "Türkmenistanyň at gazanan sport ussady"diýen hormatly atlary dakmak hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Permany okady. Hormatly Prezidentimiz

dabaraly ýagdaýda tälimçilere "Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi" diýen hormatly adyň dakylandygy hakyndaky altyn nyşanlary hem-de şahadatnamalary gowşurdy. Türkmenistanyň ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlaryň hatarynda Germaniýa Federatiw Respublikasyndan,Türkiýe Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan we Ýaponiýadan meşhur türgenler bar. Olar türgenlerimiziň konkur, agyr atletika, kuraş, futzal boýunça iň ýokary netijeleri gazanmagyna saldamly goşant goşdular.

Soňra hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda "Aşgabat 2017"oýunlarynda altyn medallara mynasyp bolan türkmen türgenlerine ýadygärlik altyn nyşanlary hem-de "Türkmenistanyň at gazanan sport ussady"diýen adyň dakylandygy hakyndaky şahadatnamalary gowşurdy.

V Aziýa oýunlaryna gatnaşan türgenlerimiziň

adyndan türkmen milli göreşi, guşakly göreş we alyş göreşi boýunça ýaryşlarda 6 sany altyn medala eýe bolan Seýdi Batyrow şeýle ýokary baha üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Soňra ýurdumyzyň tälimçileriniň hem-de türgenleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza welosiped gowşuryldy. Milli

Liderimiz bu gymmatly sowgady muzeýe sowgat berýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem aýratyn tapawutlanan türgenlere has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň berilýändigini habar berdi.

Şeýle hem paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda kümüş we bürünç medallaryny gazanan türgenlere sylaglary hem-de ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan "Aşgabat 2017" oýunlarynda altyn medallara mynasyp bolan türgenler "Toyota Camry GL Executive" kysymly ýeňil awtoulaglary; kümüş medalyň eýeleri - 5000 (bäş müň) ABŞ dollary; bürünç medalyň eýeleri - 3000 (üç müň) ABŞ dollary; ýeňijileriň hem-de baýrak eýeleriniň tälimçileri - "Toyota Camry GL Executive" kysymly ýeňil awtoulaglary bilen sylaglandy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisinde ýurdumyzyň parlamentiniň deputatlarynyň we hünär- menleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemlerine bagyşlanylan dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa "Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi" diýen hor­matly ady dakmak hakyndaky şahadatnama we döşe dakylýan nyşan gowşuryldy. Bu at oňa sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmakdaky hyzmatlary hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan we baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlamaga goşan şahsy goşandy üçin berildi.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com