TÜRKMEN SPORTUNYŇ ŞÖHRATLY PURSATLARY TÜRGEN ZENANLARY

Arkadag Prezidentimiziň başda durmagynda ak mermerli paýtagtymyzda giň möçberli halkara bäsleşigiň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegi türkmen sportunyň taryhynda şöhratly pursatlar bilen dabaralandy. 2017-nji ýylyň V Aziýa oýunlary gatnaşyjylaryň düzümi boýunça hem, sport ugurlarynyň sany boýunça hem köp babatda aýratyn häsiýete eýe boldy. Bu Oýunlaryň ilkinji gezek Merkezi Aziýa wekilçilik edýän döwletde eziz Watanymyzda geçirilendigi, bu ýaryşlaryň taryhynda Aziýa kontinentiniň wekiliýetlerinden başga-da, oňa ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletiniň türgenleriniň, şeýle-de bosgunlar toparynyň hem ilkinji gezek gatnaşmagy örän buýsançlydyr. Aşgabat Aziadasynda türkmen türgenleri dürli derejedäki baýraklary gazanmak bilen ýurdumyzyň abraýyny artdyrdylar. Munuň özi medallaryň umumy gazanylan hasabynda öňdebaryjylygy eýelemek üçin ýeterlik boldy. "Aşgabat 2017"-niň oýunlarynda türkmen pälwanlarynyň milii göreş boýunça 23 altyn, 14 kümüş, 9 bürünç, jemi 46 me­dal gazanmaklary ajaýyp üstünlik boldy. Türkmenistanyň ýygyndysynyň guşakly göreş boýunça ýaryşlarda 39 altyn, 23 kümüş, 23 bürünç, jemi 85 medala mynasyp bolmagy uly üstünlikdir. Medallaryň sanlary bolsa, ýaryşlaryň geçirilişine baglylykda her gün, her sagat köpeldi.

            Znanlar ýygyndymyzyň baş tälimçisi, ussat pälwanymyz, ençeme ussat türgenleriň tälimçisi Nasiba Surkiýewa hem bu ýaryşda birnäçe görnüşler boýunça çykyş edip, altyn medallaryň giden toplumyna mynasyp boldy. Birnäçe halkara ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýelän Zöhre Madraimowanyň Aşgabat Aziadasynda guşakly göreş we milli göreş boýunça 4 altyn medaly bolan bolsa, ol alyş göreşi boýunça-da bäşinji altyn medaly gazanmagy başardy. Bu Ýapyk binalarda we

söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 70-nji medaly bolup, taryha girdi.

Türkmen milli göreşiniň hem erkin, hem nusgawy usulynda öz agram derejesinde 4 altyn medal gazanan Gülnar Haýytbaýewa guşakly göreş, sambo, dzýudo boýunça Türkmenistanyň çempiony diýen ady, dünýä çempionatlarynda bolsa, ençeme öňdäki orunlary eýelän ussat türgenimizdir. "Aşgabat 2017"-de 4 altyn medalyň eýesi bolan türgenimiz guşakly göreş boýunça hem kümüş medaly gazanyp, ýene ildeşlerimizi begendirmegi başardy. Laçyn Badaglyýewa ýaş sport ýyldyzlarymyzyň biri. Ol TMSSI-niň talyby, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Çarwadarlaryň oýnunda ýeňiş gazanyp, hormatly Prezidentimiziň gymmatbahaly baýragyna eýe boldy. Ol Aşgabat Azia-

Bu Oýunlaryň ilkinji gezek eziz Watanymyzda geçirilendigi. bu ýaryşlaryň taryhynda Aziýa konti , nentiniň wekiliýetlerinden başga da. oňa ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletiniň türgenleriniň, şeýle de bosgunlar toparynyň hem ilkinji gezek gatnaşmagy örän buýsançlydyr.

dasynda milli göreş we guşakly göreş boýunça ýaryşlarda 4 altyn we 1 bürünç medaly gazanmagy başardy.

Gülbadam Babamuratowa hem häzire

çenli köp sanly halkara ýaryşlarynda altyn medallary eýelän ussat türgenimizdir. Aşgabat Aziadasynda zenanlaryň arasynda Gülbadam sambo boýunça 52 kg derejesinde altyn medal gazandy.

            Kuraş göreşi boýunça ýaryşlarda türkmen ýygyndy toparynda altyn medala 48 kg çenli agram derejesinde Zarina Saparowa, kümüş medala Saýýara Ereşowa (52 kg) mynasyp boldy.

            Maksuda Egemberdiýewa, Merjen Inatullaýewa, Zarina Abdyrahmanowa, Dinara Hallyýewa, Rano Uzakowa, Jahan Muhammedowa, Göwher Nuryýewa ýaly ýaş türgenleriň ençemesiniň Aşgabat Aziadasynda parlak ýyldyz bolup öňe çykmaklary hem mynasyp türgenleriň ýetişendigini görkezýär. Türkmen türgenleri sportuň beýleki görnüşlerindede üstünlikli çykyş etdiler.

            Döwlet senasynyň aşagynda buýsançly başyny belent tutup durýan türgenlerimiz halkymyzyň guwanjyna öwrüldiler.Türkmen türgenleriniň şeýle üstünlikli çykyşlarynyň aňyrsynda bol­sa, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy, milli sporty ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalary bar.

Goý, Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, ähli belent başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com