SAGDYN NESLIŇ aladasy

Tejen şäherindäki medeniýet öýünde Türkmenistanyň Ze- nanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Sagly- gy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikde gura- maklarynda «Süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreş» atly biraýlyk mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty ge- çirildi. Oňa welaýatyň Sarahs, Altyn asyr, Tejen etraplarynyň we Tejen şäheriniň edara-kärhanalaryndan, bilim, saglygy goraýyş medeniýet ulgamlaryndan, jemgyýetçilik guramalaryndan we- killer we gelin-gyzlar, şeýle-de kümüş saçly eneler gatnaşdylar.

Maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we- laýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň depu- taty Baýramsoltan Myradowa alyp bardy we çykyş etdi. Onuň çykyşynda nygtalyşy ýaly Watanymyzda ynsan saglygyny go- ramak iň derwaýys hem-de möhüm meseleleriň biridir. Bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arka- dagymyzyň saýasynda döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ençeme saglyk merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Munuň özi, ata Watanymyzda ynsan saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly durmuşa ornaşdyrylýan işleriň döwlet syýasatynyň iň möhüm ugrudygynyň güwäsidir.

Maslahatyň dowamynda çykyp geplemeklige uly orun berildi. Onda lukmanlaryň degişli mowzuklar boýunça çykyşlary aýra- tyn mana eýe boldy. Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň howp­ly täze döremeleriniň öňüni alyş bölüminiň müdiri, lukmançy- lyk ylymlarynyň kandidaty Maýsa Ýalkabowanyň, şeýle-de şol merkeziň süýt mäzleriniň çiş keselleri bölüminiň müdiri Serdar Hajyýewiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman se­nagaty ministrliginm Merkezi bejeriş we sagaldyş hassahana- synyň ýetginjekler lukmany Gülälek Orazowanyň hem-de Altyn asyr etrap hassahanasynyň akuşer-ginekolog lukmany Altyn Seýtiýewanyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar çykyşlarynda ynsan saglygyny goramagyň, howply täze döremeleriň öňüni almagyň, olary irki derejelerde ýüze çykarmagyň, bejergi işle- rini öz wagtynda amala aşyrmagyň, şeýle hem täze döreme- leri anyklamakda degişli barlaglary wagtynda geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belläp geçdiler. Şeýle-de olar raýatlaryň saglygyny goramakda Diýarymyzyň her bir künje- ginde gurlup ulanylmaga berilýän, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk merkezleri bilen bir hatar- da ýurdumyzda geçirilýän şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň hem ähmiýetiniň ýokarydygyny nygtadylar. Lukmanlar çykyşlarynyň dowamynda ýüze çykýan howply täze döremeleriň öňüni al- mak bilen baglanyşykly peýdaly maslahatlary berdiler we gat- naşyjylar bilen özara sowal-jogap alyşdylar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com