2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriniň Meýilnamasy barada jemgyýetçilik habarlylygy

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty bilen bilelikde Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky konwensiýa, şeýle hem Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriniň Meýilnamasy barada jemgyýetçilik habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahatlaryny oktýabr, noýabr aýlarynda geçirmekligi meýilleşdirýär. Bu okuw maslahatyna jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, welaýat gazet-žurnallaryň wekilleri gatnaşýarlar.

2017-nji ýylyň noýabr aýynda “Süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreş” atly geçiriljek bir aýlygynyň çäreleri boýunça Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikdäki taýýarlyk işleriniň tertibi bellenilen tertipde geçýär.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com