GÖZELLIGIŇ ŞANYNA

Düýn ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň bilelikde guramaklarynda «Zenan kalbyndan dörän nepislik» atly hünär bäsleşigi hem-de zenanlaryň el işleridir döwrebap lybaslarynyň sergisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Owadan» hyzmat ediş öýüniň hem-de Aşgabat

şäherindäki 80-nji orta mekdebiň toparlary gatnaşdylar.

Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjy gelin-gyzlar şadyýan hereketleri bilen 9—12 ýaşlaryndaky gyzjagazlar üçin bir sagadyň do­wamynda köýnek tikip, ol köýnegi geýen gyzjagazy okuwa taýýarlandyklaryny çeper wasp etdiler. Ikinji şerte görä, bäsleşige gatnaşyjylar gyzlaryň elbukjasyny taýýarlap görkezdiler. Soňra elbukjanyň goşgy bilen tarypyny ýetirdiler. Üçünji şertde bäsleşige gatnaşyjylar bir aýdymyň dowamynda gyzlaryň gültahýasyna gülýaýdy keşdesini nagyşlap görkezdiler. Soňra hem gülýaýdy keşdesini, gültahýany çeper söz bilen beýan etdiler. Şeýlelikde, bäsleşigiň baş baýragyna «Owadan» hyzmat öýüniň, birinji orna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ikinji or­na Aşgabat şäheriniň 80-nji orta mekdebiniň, üçünji orna bolsa Türkmenistanyň Magtymgu­ly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň toparlary mynasyp boldular. Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Modalar öýüniň» milli türkmen lybaslaryny görkezişi bäsleşigi özboluşly bezedi.

Aýjemal OMAROWA.

« Türkm enistan ».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com