zenan mertebesi belentde

Kiimüş BAYRAMOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri:

 

— Gülleýän, gül açýan zamanamyzda ýurdumyzyň her bir ulgamynda zähmet çekýän gelin-gyzlarymyzyň tutýan omy uludyr. Bagtyýar döwrümizde ýaşaýan, işleýän, döredýän gelin-gyzlarymyza goýulýan hormat, olara berilýän üns-alada, döredilýän ýeňillikler ýurdumyzda zenan mertebesiniň belentde tutulýandygynyň beýanydyr. Çaga terbiýesi we onuň saglygy maşgalanyň berk binýatly bolmagynyň özenidir. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş we dikeldiş edaralary işleýär.

Zenanlaryň zähmet goraglylygyna üns berýän guramalaryň, şeýle hem ýurdumyzda toý tutýan ýaş çatynjalara edilýän kanuny ýeňilliklerm, öý goşlaryny, jaý edinmek üçin berilýän kömekleriň, alnyp barylýan jemgyýetçilik işlerinde gelin-gyzlaryň arasynda yglan edilýän bäsleşikleriň, ylmy maslahatlaryň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen ornaşdyrylan okuw desgalarynda bilim alýanlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän işleriň hemmesiniň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri durýar.

Biz — zenanlara şeýle ajaýyp döwürde ýaşamak, döretmek bagtyny peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny zenan kalbymdan arzuw edýärin!

 

Ogulsapar ÇARBAÝEWA,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Tiirkmenhaly önümçilik birleşiginiň Tiirkmen halysynyň Milli muzeýiniň esasy hünärmeni:

— Men bu birleşikde 10 ýyldan gowrak zähmet çekip gelýärin. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň goldamagy bilen, ýurdumyzda gelin-gyzlarymyzyň, zenanlaryň aladasy edilýär. Jemgyýetimizde aýal-gyzlaryň hukuklary erkek kişiler bilen deňhukukly bolup, ähli edara-kärhanalarda deň hatarda zähmet çekýärler.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda, eziz Diýarymyzda biz — zenanlara goýulýan hormat, bize bildirilýän uly ynam her birimiziň buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Bu guralan okuw maslahatynda halypa zenanymyz, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň döwrümiziň waspyny belentden ýetirýän şygyr setirlerini diňläniňde hem döwrümiziň ajaýyplygyna, biz — zenanlara üns-aladanyň örän ýokarydygyna buýsanýarsyň Eziz Diýarymyzda gelin-gyzlaryň arasynda dürli bäsleşikler, okuwylmy maslahatlar geçirilip durulýar. Şu ýylda ýurdumyzda bellenilen Halkara zenanlar gününde gelin-gyzlaryň arasynda geçirilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşikde ýeňiji bolmak bagty тапач1а miýesser etdi Gadymy halylaryň nusgasyny dikeltmek we ony ýaýmak boýunça birnäçe taslamalarym bilen çykyş etdim Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda çekýän zähmetimiziň hözirini görýäris. Zenan mertebesini belentde goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Taýýarlan Jennetgül ORAZOWA,

«Watan».

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com