MASLAHAT GEÇIRILDI

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň we TürkmenstanyňZenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 26  ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk gadamlary” diýen at bilen maslahat geçirildi.

 

Maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň işgärleri, arkalaşygyň pudaklar boýunça guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzalary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynyň weilleri we beýlekiler çykyş etdiler.

Maslahatda ýurt Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmaty, onuň halkymyza beren datly miweleri, hormatly Prezidentimiziň parasatly yolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli özgertmeler, Gahryman Arkadagymyzyň gol çekýän kararlarynyň hem-de halkyna sowgat beren täze kitaplarynyň röwşen geljegimiz üçin ähmiýeti barada giňişleýin bellenilip geçildi hem-de türkmen halkyny abadan durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Aýmyrat PIRJIKOW, Magtymguly adyndaky TDU-nyň iurnalistika hünäriniň talyby

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com