MILLI ÖWÜŞGINLI ŞÜWELEŇ

Ýurdumyzda dabaraly bellenilýän şanly seneleriň biri bolan Hasyl toýuna bagyşlanyp, welaýatymyzyň ähli ýerinde baýramçylyk çärelerine giň gerim berilýär. Millilige ýugrulan baýramçylyk dabaralarynyň biri-de welaýat merkezindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň golaýynda ýerleşýän giň meýdançada geçirildi. Ony Ahal welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hem-de welaýat medeniýet müdirligi bilelikde gurady.

Giň meýdança toý ruhubelentligi bilen alamatlandy. 0l ýerde türkmeniň milti ak öýleriniň gurnalmagy, olaryň daş-töweregi baýramçylyk äheňinde birkemsiz bezelmegi baý öwüşgine eýe boldy. Şeýle gözel görke beslenen meýdança ýygnanan bagtyýar zenanlaryň kalby joş alýardy, ýüregi ylhamdan pürepürdi. Dabaranyň giň gerim alan pursadynda bu hakykat has aýdyň duýuldy.

Welaýatymyzyň dürli ýerinden gelin gelin-gyzlar, mährem eneler baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şagalaňa beslenmegine işjeň gatnaşdylar. Olar toý meýdançasynda milli el işleriniň giň göwrümli sergisini görkezdiler. Dürli haly we haly önümleriniň, keçeleriň we sowgatlyk önümleriniň sergisine sünnälenip ýerine ýetirilen işleriň köp görnüşi bezeg goşdy. Şol işleriň ählisi ene-mamalarymyzdan gelýän el hünäriniň häzirki bagtyýar günlerimizde dowam etdirilýändigini hem-de kämilleşdirilýändigini şöhlelendirdi.

Sergide görkezilen el işleriniň aglabasy çeper elli, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda «Gülüň owadan» ady bilen geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine degişlidi. Şol eli çeper zenanlar ýaş gelin-gyzlara öýlerimiziň bezegi bolan halynyň, şeýle-de milli keçäniň ajaýyp nusgalaryny görkezmek we olar

barada gyzykly gürrüň bermek bilen, türkmen milli keçesini taýýarlamak bi­len baglanyşykly ýüp saýlap almak we saýmak, ýüňi daramak, реде ýasamak, keçäniň gamyşyny dokamak ýaly

işleri ýerine yetirip görkezdiler.

Tejen şaherinden gelen eli çeper zenan, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Gurbansoltan Orazmyradowanyň ýaşlara beren gürrüňleri has-da özüne çekiji boldy. Onuň indi ençeme ýyldan bäri ene-mamalarymyzdan miras galan keçe we keçe önümleriniň dürli nusgalaryny taýýarlaýandygy, olary taýýarlamagyň usullaryny ýaş gelingyzlara öwredýändigi dogrusyndaky aýdanlary hem-de haly, keçe ýaly el işleri bilen baglanyşykly rowaýatdyr tymsallary hemmelerde ýakymly täsirleri döretdi. Onuň haly, keçe önümleriniň sünnälenip ýerine ýetiren dürli görnüşli sowgatlyk önümleri uly gyzyklanma eýe boldy.

Milli «Ak bugdaý» muzeýi tarapyndan guralan sergi hem ünsi çekiji bol­dy. Muzeýiň hünärmenleri türkmen aýal-gyzlarynyň, çagalarynyň milli lybaslary, şaý-sepleri, aýakgaplary, türkmenleriň öý hojalygynda ulanan dürli göwrümdäki gap-gaçlary, ululy-kiçili torbalar, haly dokamak üçin ulanylýan gurallar we beýleki gymmatlyklar bara­da täsirli gürrüň berdiler.

Toý meýdançasyndaky milli öwüşgine beslenen dabara aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy. Welaýat medeniýet merkeziniň, etrapdyr şäherleriň

medeniýet bölümleriniň, halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabarany aýratyn şowhuna besledi. «Dürdäne» halk döredijilik toparynyň gyzlarynyň, «Baharlynyň läleleri» gyzlar toparynyň, Gökdepe etrabynyň medeniýet merkeziniň aýdymçy gyzlar toparynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary mil­li äheňe baýlygy bilen tapawutlandy hem-de şowhunly garşylandy. Alty ganat bezemen ak öýlerde dowam eden çykyşlarda milli toý däp-dessurlar açylyp görkezildi.

Mahlasy, Hasyl toýuna bagyşlanan dabara halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, medeniýetini we sungatyny, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlary ýaşlara ýetirmek, olaryň kalbynda milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini döretmek babatda uly ähmiýete eýe bolup, ýakymly duýgular bilen ýatda galdy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com