Garaşsyzlyk aýdymy

Şu günler toý lybasa beslenen ähli künjeklerinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk toýunyň dabaralary diňden tutylýar. Bu toý gününe bagyşlanan dabaralarda Watanyň şan-şöhraty has-da belende galýar. Aýdym-sazlar Watanyň şanyna ýaňlanýar, şygyrlarda beýik ösüşleriň waspy ýetirilýär.

2017-nji ýyl — Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly taryhyň sahypasynda altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalara baý ýyl boldy. Olaryň iň esasylarynyň biri hem paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda geçirilen ýaryşlarda al­tyn medallaryň köpüsiniň türkmen türgenlerimiziň eýelemegi türkmen halky üçin uly şatlyk döretdi Şeýle hem şu günler Garaşsyzlyk baýramyna halkymyz uly taýýarlyk görýär. Şeýie dabaralaryň biri hem düýn paýtagtymyz Aşgabat şäherimizde ýerleşýän «Toý mekany» dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk nagmalary» diýen at bilen geçirildi, Şanly Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen bu baýramçylyk dabarasyna bilim we medeniýet işgärleri, aýdymçylar, bagşy-sazandalar, şäheriň ýaşaýjylary, myhmanlar gatnaşdylar.

Dabarada aýdym-sazlar bilen Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagtyýar zamanasy, ýurdumyzda gazanylan uly ösüşleriň waspy belentden ýaňlandy.

Jennetgül ORAZOWA,

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com