Türkmenistanyň jemgyyetçilik guramalarynda

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaş çylygynda bagtýyar zamanamyzda türkmen gelin-gyzlaryna, zenanlara goýulýan sarpa has-da belent derejelere göterilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan işlerde hem gelin-gyzlaryň, zenanlaryň mertebesiniň  yokarydygyny görmek bolýar.

15-nji noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jayynda, Türkmenistanyn Mejlisiniň we Türkmenistanyň  Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň kanunçylyk namalary we halkara hukuk resminamalary boýunça «Türkmenistanda zenanlaryň hukuklary» atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynyň çäklerinde guralan, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny alamatlandyrýan suratlar, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan haly we haly önümleri, gyz-gelinlerimizi bezeýän şaý-sepler bilen bezelen sergi hem maslahata gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Biz özleri hakdaky aladany her ädimde duýup ýaşaýan ýurdumyzyň zenanlarynyň käbirleriniň ýürek buýsanjyny okyjylary myza ýetirmegi makul bildik.

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com